Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

3-NJI BAP

«Maňa Hudaýdan bir görnüş geldi»

«Maňa Hudaýdan bir görnüş geldi»

HYZKYL 1:1

TEMA: Hyzkylyň görnüşindäki gökdäki araba

1—3. a) Hyzkylyň gören we eşiden zatlaryny gürrüň beriň. (Babyň başyndaky surata serediň). b) Hyzkyl görnüşde kimiň güýjüni görýär we gören zatlary oňa nähili täsir edýär?

 HYZKYL uzaga seredip geň galýar. Görse, düzlük ala-tozandy. Gözleri hanasyndan çykaýjak bolýar, görýän zatlaryna ynananok. Uzakdan apy-tupan golaýlap gelýärdi. Ol ýöne-möne tupan däldi. Demirgazykdan şeýle bir güýçli ýel öwüsýärdi welin, onuň saçlaryny, eşiklerini uçuryp barýardy. Ol äpet buludy görýär. Buludyň içinde lowlap duran ot bardy, oduň içinde bolsa kümüşsöw altyn ýaly bir zat ýalpyldaýardy. Bulut golaýlaşdygyça, güwwüldisi barha güýçlenýärdi, uly goşunyň sesine meňzeýärdi (Hyz. 1:4, 24).

2 Hyzkyl 30 ýaşlarynda ýatdan çykmajak wakanyň şaýady boldy. Hudaý oňa ilkinji görnüşi görkezipdi. Ol «Ýehowanyň elini», ýagny Hudaýyň mukaddes ruhunyň güýjüni gördi. Onuň gören we eşiden zatlary häzirki döwrüň aňrybaş filmlerinden hem täsirli bolandyr. Hyzkyl gören görnüşine haýran galyp, ýere ýüzin ýykyldy (Hyz. 1:3, 28).

3 Emma Ýehowa Hyzkyly haýran galdyrjak bolup görnüş görkezmedi. Hyzkylyň ilkinji görnüşi hem, beýleki gören görnüşleri hem örän ähmiýetli. Olar pygamberiň özüne-de, Ýehowanyň häzirki gullukçylaryna-da köp kömek edýär. Geliň, Hyzkylyň gören we eşiden zatlary hakda jikme-jik bileliň.

Şol döwrüň ýagdaýy

4, 5. Hyzkylyň görnüş gören döwri ýagdaý nähilidi?

4 Hyzkyl 1:1—3-nji aýatlary okaň. Ilki bilen, şol döwür hakda oýlanalyň. B. e. öň 613-nji ýyldy. Geçen bapdan bilşimiz ýaly, Hyzkyl sürgün edilen ildeşleri bilen Wawilonda Kebar derýasynyň boýunda ýaşaýardy. Kebar gämi gatnawly emeli kanaldy, gözbaşyny Ýewfrat derýasyndan alyp gaýdýardy, ýene-de şoňa baryp guýýardy.

Hyzkyl bilen sürgündäkiler Kebar derýasynyň boýunda ýaşaýardy (4-nji abzasa serediň)

5 Sürgün edilen halk ata watanyndan, Iýerusalimden 800 km a uzakdady. Hyzkylyň kakasynyň ruhany bolup hyzmat eden ybadathanasy azgynlykdan we butparazlykdan doludy. Iýerusalimde birwagtlar abraýly patyşalar Dawut we Süleýman höküm sürüpdi, indi ol şäher ile gülki bolupdy. Dönük Ýehoýakyn patyşa hem Wawilona sürgün edilipdi, deregine Sadykýar patyşa edip goýuldy. Ýöne ol oýnatgy we erbet adamdy (2 Pat. 24:8—12, 17, 19).

6, 7. Şol döwür Hyzkyla näme üçin kyn bolandyr?

6 Hyzkylyň imany näçe berk bolsa-da, şol döwürde ýaşamak kyn bolandyr. Ýesir düşen ildeşleriniň käbiri: «Ýehowa bizi taşladymyka? Indi birgiden ýalan taňrylaryň mesgeni Wawilon arassa seždäni we Ýehowanyň hökümdarlygyny bütin ýer ýüzünden ýok edermi?» diýip pikir edendir.

7 Şol ýagdaýlary göz öňünde tutup, şahsy okuw geçirip bileris. Munuň üçin Mukaddes Kitapdan Hyzkylyň gören birinji görnüşini okaň (Hyz. 1:4—28). Şonda özüňizi Hyzkylyň ýerinde goýup, gören zatlaryny görüp, eşiden zatlaryny eşitjek boluň.

Karkemişiň golaýyndaky Ýewfrat derýasy (5—7-njy abzaslara serediň)

Görlüp-eşidilmedik tigir

8. Hyzkyl görnüşde näme gördi we ol nämäni aňladýar?

8 Eýsem Hyzkyl görnüşde näme gördi? Ol araba meňzeş ägirt uly we täsin bir zady görýär. Onuň dört sany äpet tigirleri bardy. Tigirleri dört sany üýtgeşik jandarlar ugrukdyrýardy. Hyzkyl kitabynyň beýleki baplarynda olaryň keruplardygy düşündirilýär (Hyz. 10:1). Jandarlaryň depesinde buz ýaly ýalpyldaýan tekiz zat, onuň ýokarsynda bolsa Hudaýyň şöhratly tagty bardy. Tagtda Ýehowa oturýardy. Hyzkylyň görnüşindäki araba nämäni aňladýar? Ýehowanyň gökdäki şan-şöhratly guramasyny. Näme üçin şeýle diýse bolar? Geliň, üç sebäbine seredeliň.

9. Keruplar näme üçin araba meňzedilýär?

9 Ýehowa we keruplar. Üns beren bolsaňyz, görnüşde Ýehowanyň tagtynyň keruplaryň depesinde durandygy aýdylýar. Mukaddes Kitabyň başga aýatlarynda-da Ýehowanyň tagty keruplaryň üstünde ýa-da arasynda duran ýaly suratlandyrylýar (2 Patyşalar 19:15-i okaň; 2 Mus. 25:22; Zeb. 80:1). Elbetde, Hudaý göni manyda keruplaryň üstünde oturmaýar. Eger şol güýçli perişdeler Hudaýy göterýän bolsa, onda arabany hem Ýehowa göni manyda sürmeli bolardy. Emma keruplar Hudaýyň hökümdarlygyny goldaýarlar. Hudaý islegini ýerine ýetirmek üçin olary älem-jahanyň islendik künjegine iberip bilýär. Keruplar hem Hudaýyň beýleki mukaddes perişdeleri ýaly, Ýehowanyň hyzmatkärleri we wekilleri hökmünde gelnen karary goldaýarlar (Zeb. 104:4). Şonuň üçin olaryň ählisi bilelikde bir uly araba meňzedilýär. Ýehowa-da olaryň üstünden höküm sürüp, arabany «ugrukdyrýar».

10. Gökdäki araba näme üçin diňe dört keruby aňlatmaýar?

10 Gökdäki araba diňe dört keruby aňlatmaýar. Hyzkyl görnüşde dört kerup gördi. Mukaddes Kitapda köplenç dörtlük san ähli tarapdan deňligi ýa-da dolulygy aňladýar. Diýmek, dört kerup Ýehowanyň ähli wepaly perişdelerini aňladýar. Şeýle-de tigirleriň, hatda keruplaryň hem ähli ýeri gözlerden doludy. Diýmek, diňe bir dört perişde däl-de, ähli perişdeler her bir zady görýär. Hyzkylyň görnüşindäki araba şeýle bir äpetdi welin, hatda keruplar kiçijik bolup görünýär (Hyz. 1:18, 22; 10:12). Şonuň ýaly Ýehowanyň gökdäki guramasy şeýle bir uly welin, guramasynda dört kerupdan başga-da ençeme perişdeler bar.

Hyzkyl Ýehowanyň gökdäki arabasyna haýran galýar (8—10-njy abzaslara serediň)

11. Danyýar pygamber nähili görnüş gördi we Hyzkylyň görnüşi bilen nähili meňzeşligi bar?

11 Danyýar hem gök hakda görnüş gördi. Danyýar pygamber Wawilon şäherinde köp ýyllaryň dowamynda ýesirlikde ýaşady. Hudaý oňa-da gök hakda görnüş görkezdi. Geň galaýmaly, şol görnüşde-de Ýehowanyň tagtynyň tigirleri bardy. Danyýaryň görnüşinde Ýehowanyň gökde uly maşgalasynyň bardygy aýdylýar. Ol «müňlerçe... millionlarça» perişdeleriň Ýehowanyň öňünde durandygyny görýär. Olaryň her biri öz bellenen ýerinde, gökdäki Kazynyň öňünde durdy (Dan. 7:9, 10, 13—18). Diýmek, Hyzkyl pygamber hem şan-şöhratly perişdeleri gören bolmaly.

12. Gökdäki araba hakdaky görnüşi we beýleki görnüşleri öwrenmegiň näme peýdasy bar?

12 Ýehowa bize nämäniň peýdaly boljagyny gowy bilýär, şonuň üçin gökdäki zatlar hakda oýlanmaga höweslendirýär. Pawlus olara «görünmeýän zatlar» diýýär. Näme üçin? Adamlar görünýän zatlara köp üns berýär, ýöne görünýän zatlar, ýagny durmuşyň gaýgy-aladalary wagtlaýyn (2 Korinfliler 4:18-i okaň). Şeýtan köplenç şolary ulanyp, bizi dünýewi zatlar hakda oýlanmaga höweslendirýär. Muňa garşy durmak üçin Ýehowa söýgi bilen Hyzkylyň pygamberligini we beýleki görnüşleri ýazdyrdy. Olar bize Ýehowanyň gökde uly maşgalasynyň bardygyny ýatladýar.

«Tigirler, öňe!»

13, 14. a) Hyzkyl gören tigirlerini nädip suratlandyrýar? b) Ýehowanyň tagtynda näme üçin tigirler bar?

13 Ilki bilen, Hyzkyl dört keruba üns berýär. Şu kitabyň 4-nji babynda şol jandarlardan we olaryň daş-keşbinden Ýehowa barada näme öwrenip biljekdigimiz aýdylýar. Ýöne Hyzkyl keruplaryň gapdalynda dört tigri hem görýär. Olar dörtburçluk görnüşinde ýerleşip, hersi bir burçda dur (Hyzkyl 1:16—18-nji aýatlary okaň). Tigirler sary ýa-da ýaşyl reňkli aňyrsy görünýän gymmatbaha zeberjet daşyndan ýasalan ýalydy. Onuň ýalpyldysy gözüňi gamaşdyrýardy.

14 Hyzkylyň görnüşinde arabanyň tigirlerine aýratyn üns berilýär. Olaryň ýasalyşy örän üýtgeşikdi. Siz tigirli tagt gördüňizmi? Patyşanyň tagty diýilse, bir ýerde duran zat göz öňüňe gelýär. Ynsan patyşalary diňe özüne degişli ýerlerde hökümini ýöredip bilýär. Emma Ýehowanyň hökümdarlygy ynsan patyşalarynyňkydan tapawutlanýar. Hyzkyl pygamber hem Ýehowanyň hökümdarlygynyň çäginiň ýokdugyna, ähli zada güýjüniň ýetýändigine düşüner (Neh. 9:6). Dogrudanam, ol Älem-jahanyň Hökümdary, islendik ýeri dolandyryp bilýär.

15. Hyzkyl tigirleriň ululygy we gurluşy barada näme diýýär?

15 Hyzkyl tigirleriň ululygyna haýran galýar. Ol: «Tigirler örän beýikdi we gorkunçdy» diýýär. Göz öňüne getiriň, Hyzkyl başyny galdyryp, asmana ýetip duran täsin we şöhle saçýan tigirlere seredýär. Ol tigirleriň «dördüsiniň hem daş tarapynyň gözlerden doludygyna» üns berýär. Tigirleriň gurluşyna-da haýran galýar. Hyzkyl: «Olaryň gurluşy bir-biriniň içinden geçýän tigre meňzeýärdi» diýip düşündirýär. Ol nämäni aňladýar?

16, 17. a) Tigirleriň içinde tigirleriň bolmagy nämäni aňladýar? b) Tigirleriň gurluşyndan Ýehowanyň arabasy hakda näme öwrenýäris?

16 Hyzkylyň gören görnüşindäki her tigir iki tigirden ybarat. Tigirler deň ölçegde bolup, biri-biriniň içinden dikligine geçýän bolmaly. Şonuň üçinem Hyzkyl tigirleriň hereket edişini: «Olar öwrülmän ugruny çar tarapa üýtgedip bilýär» diýip düşündirýär. Tigirlerden gökdäki araba hakda näme öwrenýäris?

17 Tigirler şeýle bir uludy welin, bir aýlananda ep-esli aralygy geçip bilýärdi. Dogrudanam, görnüşde aýdylyşy ýaly, tigirler ýyldyrym çaltlygynda hereket edýärdi (Hyz. 1:14). Hatda ökde inženerler hem dört tarapa aňsatlyk bilen öwrülip bilýän tigirli arabany ýasap bilmese gerek. Araba badyny gowşatman ýa-da säginmän, ugruny üýtgedip bilýär. Şeýle-de ol nirä öwrülmelidigini bilýär, sebäbi tigirlerdäki gözler daş-töwerekdäki ähli zady görýär.

Äpet tigirler ýyldyrym çaltlygynda hereket edýär (17-nji abzasa serediň)

18. Gözlerden doly we ägirt uly tigirlerden näme öwrenýäris?

18 Ýehowa Hyzkyl pygambere we ähli wepaly gullukçylaryna gökdäki guramasy hakda näme öwretjek boldy? Geliň, öwrenen zatlarymyzy gaýtalalyň. Ýalpyldaýan ägirt uly tigirler arabanyň şöhratyny we haýbatyny görkezýär. Tigirlerdäki gözler bolsa onuň ähli zady görýändigini aňladýar. Ýehowanyň gözleri her bir zady görýär (Nak. 15:3; Ýer. 23:24). Şeýle-de Ýehowa millionlarça wepaly perişdelerini ýer ýüzüniň dürli künjegine iberýär. Olar bolýan ähli zatlaryň anygyna ýetip, Hökümdaryna habar berýärler (Ýewreýler 1:13, 14-nji aýatlary okaň).

Kämil derejede ýasalan tigirler aňsatlyk bilen öwrülip bilýär (17, 19-njy abzaslara serediň)

19. Arabanyň çalt hereket edişinden we aňsatlyk bilen öwrülişinden näme öwrenýäris?

19 Biz tigirleriň çalt hereket edýändigini we aňsatlyk bilen öwrülýändigini bildik. Oýlanyp görüň, Ýehowanyň gökdäki guramasy ynsan hökümetlerinden we guramalaryndan düýpgöter tapawutlanýar. Olar dünýädäki kynçylyklary çözmek üçin ýagdaýa görä hereket edip bilmeýärler, şol sebäpli betbagtçylyga uçraýarlar ýa-da wagtynda kömek edip bilmeýärler. Emma gökdäki araba Ýehowanyň paýhasly we eglişikli Hudaýdygyny görkezýär. Hudaý adynyň manysyna görä, kim bolaýyn diýse bolup, niýetini amala aşyrýar (2 Mus. 3:13, 14). Meselem, gerek bolsa, Ýehowa halky üçin batyr esger bolup bilýär. Şeýle-de ol eden işine ökünip, ýürekden toba edýän adamlary bagyşlap bilýär (Zeb. 30:5; Işa. 66:13).

20. Ýehowanyň arabasy näme üçin haýran galdyrýar?

20 Özüňize şeýle sorag beriň: Ýehowanyň arabasy meni-de haýran galdyrýarmy? Biz Ýehowanyň arabasynyň häzir hem bardygyny, hereket edýändigini ýatdan çykarmalyň. Ýehowa, Isa pygamber we perişdeler käbir kynçylyklarymyzy görýän däldir öýtmäliň. Şeýle-de Hudaý gerek zatlarymyzy wagtynda bermez diýip alada etmäliň. Ýa-da Hudaýyň guramasy dünýäniň ýagdaýyna görä, hereket edip bilmez diýip pikir etmäliň. Ýehowanyň guramasy hemişe öňe gidýär, bir ýerde durmaýar. Hyzkyl pygamber hem gökden: «Tigirler, öňe!» diýen buýrugy eşitdi (Hyz. 10:13). Eýsem Ýehowanyň guramasynyň öňe gidişi geň galdyrmaýarmy?! Dogrudan-da, Ýehowa hemişe haýran galdyrýar.

Arabany sürýän kim?

21, 22. Gökdäki araba nämäniň kömegi bilen hereket edýär?

21 Hyzkyl tigirleriň ýokarsynda «buz ýaly ýalpyldaýan» tekiz zady görýär (Hyz. 1:22). Keruplaryň depesindäki uzalyp gidýän tekiz zat şöhle saçýardy. Şu sözleri okaýan adamda şeýle soraglar döräp biler: tigirleriň depesindäki tekiz zady näme saklaýar? Tigirler oksuz nädip birleşýär? Araba tebigatyň kanunyna görä hereket etmeýär. Göçme manydaky araba gökdäki ruhy zatlary aňladýar. Şu sözlere üns beriň: «Jandarlary ugrukdyrýan ruh tigirlerde-de» bardy (Hyz. 1:20, 21). Keruplary we tigirleri nähili ruh ugrukdyrýardy?

22 Elbetde, muny älemde iň uly güýç, Ýehowanyň mukaddes ruhy edýär. Şol güýç tigirleri birleşdirýär, herekete getirýär we sazlaşykly işlemegine gözegçilik edýär. Geliň, biz hem Hyzkyl ýaly, arabany sürýän Hudaýa üns bereliň.

Hyzkyl ynsan dili bilen beýan edip bolmaýan görnüşi suratlandyrmaga çalyşdy

23. Hyzkyl Ýehowanyň keşbini suratlandyrmak üçin haýsy jümleleri ulanýar we näme üçin?

23 Hyzkyl 1:26—28-nji aýatlary okaň. Hyzkyl şu görnüşinde «meňzeş», «çalymdaş», «ýaly», «kimin» diýen sözleri ulanýar, getirilen aýatlarda bolsa has-da köp ulanýar. Ol ynsan dili bilen beýan edip bolmaýan görnüşi suratlandyrmaga çalyşdy. Hyzkyl «ýakut daşyna çalymdaş tagta meňzeýän bir zady» görýär. Şol sözleri okap, göm-gök ýakutdan ýasalan ullakan tagt göz öňüňize gelýärmi? Tagtyň üstünde «ynsana meňzeş biri» otyrdy, ol şan-şöhratlydy.

24, 25. a) Ýehowanyň tagtynyň daş-töweregindäki älemgoşar nämäni ýatladýar? b) Gören görnüşleri pygamberlere nähili täsir etdi?

24 Hyzkyl Hudaýyň haýbatly keşbini umumy suratlandyrýar, sebäbi Ýehowanyň bilinden aşagy hem, ýokarsy hem şöhle saçýardy. Belki-de, Hudaýyň şöhratyna seredip, pygamberiň gözi gamaşandyr, ol gözüni ýapandyr. Soňra Hyzkyl görnüşde täsin bir zada üns berip şeýle diýýär: «Onuň daş-töwereginde ýagyşly günde bulutlaryň arasynda peýda bolýan älemgoşara meňzeş şöhle bardy». Älemgoşary göreniňizde göwnüňiz galkynýan bolsa gerek! Ýaradyjymyzyň şöhraty gör, nähili aýdyň suratlandyrylýar! Dup-dury asmanda dürli reňkli älemgoşary göreniňizde, Tupandan soň Ýehowanyň parahatlyk ähtini baglaşandygy ýadyňyza düşýändir (1 Mus. 9:11—16). Allanyň gudraty güýçli bolsa-da, parahatlyk Hudaýy (Ýew. 13:20). Parahatlyk Hudaýy wepaly gullukçylarynyň hem kalbyna parahatlyk berýär.

Ýehowanyň tagtynyň töweregindäki şöhle saçýan älemgoşar parahatlyk Hudaýyna gulluk edýändigimizi görkezýär (24-nji abzasa serediň)

25 Hyzkyl Ýehowa Hudaýyň şöhratyny görende näme etdi? Ol: «Muny görenimde ýüzin ýykyldym» diýip ýazýar. Hyzkyl haýran galyp, gorkudan ýaňa ýere ýykylýar. Beýleki pygamberler hem Ýehowanyň görnüşini görende şeýle bolupdy. Olar görnüş görende özlerini peseldip, hiç zatça gördüler (Işa. 6:1—5; Dan. 10:8, 9; Ylh. 1:12—17). Ýehowanyň görkezen zatlary olary soň-soňam ruhlandyran bolmaly. Hyzkyly hem gören görnüşleri ruhlandyrandyr. Eýsem Mukaddes Kitapdan şol wakalary okanymyzda bize nähili täsir etmeli?

26. Gören görnüşi Hyzkyly nädip ruhlandyrdy?

26 Hyzkyl Wawilondaky halkyň ýagdaýy düzelmez diýip pikir etdimi? Hudaýyň öz halkyna kömek etjegine şübhelendimi? Eger şeýle pikir eden bolsa, görnüş ony ruhlandyrandyr. Hudaýyň wepaly gullukçylary Iýerusalimde, Wawilonda ýa-da başga ýerde ýaşasa-da, Ýehowanyň täsin arabasy hemişe olaryň dadyna ýetişer. Şeýtanyň golastyndaky hiç bir hökümet gökdäki şöhratly guramanyň eýesine, ýagny Hudaýa garşy çykyp bilmez (Zebur 118:6-ny okaň). Şeýle-de Hyzkyl gökdäki arabanyň adamlardan uzakda däldigini görýär, sebäbi tigirler ýere degip durdy (Hyz. 1:19). Ýehowa ýesirlikde ýaşaýan wepaly gullukçylarynyň aladasyny edýärdi. Mähirli Ata olary hemişe eliniň aýasynda saklaýardy.

Gökdäki arabanyň peýdasy

27. Hyzkylyň görnüşi bize nähili täsir edýär?

27 Hyzkylyň gören görnüşi bize nähili täsir edýär? Şeýtan Ýehowa edilýän arassa seždä bar güýji bilen hüjüm edýär. Ol Hudaýa wepaly adam ýeke, hiç kime gerek däl, gökdäki Atasyna we guramasyna ýakynlaşyp bilmeýär diýip ynandyrjak bolýar. Hiç haçan şeýle pikirlere aldanmaň! (Zeb. 139:7—12). Hyzkyl pygamber ýaly, biz hem köp zatlara haýran galýarys. Elbetde, biz ýere ýüzin ýykylmasak-da, Älemiň Hökümdary Ýehowanyň gökdäki guramasyna haýran galýarys. Biz gökdäki guramanyň güýjüne, tizligine, aňsatlyk bilen öwrülişine, islendik wagt ýagdaýa görä hereket edip bilýändigine we şan-şöhratyna geň galýarys.

28, 29. Geçen asyrdan bäri Ýehowanyň arabasynyň öňe gidýändigi nämeden görünýär?

28 Ýehowanyň guramasy ýer ýüzünde-de hereket edýär, ol bikämil adamlardan ybarat. Emma Ýehowa şeýle adamlar arkaly ýer ýüzünde ägirt işleri edýär. Ýehowanyň güýji bilen nähili işleriň edilýändigi hakda oýlanyp görüň! (Ýah. 14:12). «Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär» atly kitapda geçen asyrda wagyz işiniň nähili alnyp barlandygy gürrüň berilýär. Ýehowanyň guramasy batly depgin bilen öňe barýar. Hudaýyň guramasy halkyna bilim berýär, kazyýetde ýeňiş gazanýar we Allanyň islegini döwrebap tehnologiýalar arkaly ýerine ýetirýär.

29 Zalym dünýäniň soňky günlerinde arassa seždäniň dikeldilişi hakda oýlanalyň. Şonda Ýehowanyň arabasynyň hemişe öňe gidýändigine hasam göz ýetireris. Hudaýyň guramasy bilen işleşmek we Älemiň Hökümdaryna gulluk etmek uly hormat! (Zeb. 84:10).

Ýehowanyň ýerdäki guramasy öňe gidýär (28, 29-njy abzaslara serediň)

30. Indiki bapda nämäni bileris?

30 Hyzkylyň gören görnüşinden köp zatlary öwrense bolýar. Indiki bapda dört sany täsin «jandarlar», ýagny keruplar hakda jikme-jik bileris. Biz olardan Älemiň Hökümdary Ýehowa Hudaý barada köp zatlary öwreneris.

a Aslynda, ol göni ýoluň aralygydy, emma sürgün edilenler 1 600 km golaý ýol geçen bolmaly.