Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

6-NJY BAP

«Siziň soňuňyz geldi»

«Siziň soňuňyz geldi»

HYZKYL 7:3

TEMA: Ýehowanyň Iýerusalime çykaran hökümleri we ýerine ýetişi

1, 2. a) Hyzkyl nähili geň hereketleri etdi? (Babyň başyndaky surata serediň). b) Onuň eden hereketleri nämäni aňladýardy?

 HYZKYL PYGAMBER geň hereketleri edip başlaýar. Onuň bolşy Wawilondaky ýehudylaryň derrew gözüne ilýär. Hyzkyl sürgündäkileriň arasynda bir hepdeläp özüne gelip bilmän, geplemän oturýar. Birdenem öýüne girip, gapysyny ýapýar. Ol ýene öýünden çykyp, eline kerpiç alýar-da, öňünde goýup surat çekýär. Adamlar aňk-taňk bolup seredişýärler. Soňra Hyzkyl sessiz-üýnsüz kiçijik diwar ýasap başlaýar (Hyz. 3:10, 11, 15, 24—26; 4:1, 2).

2 Onuň daşyna üýşen märekäniň sany hasam köpelendir. Olar: «Ol näme edýärkä?» diýşendirler. Hyzkyl pygamber Ýehowa Hudaýyň gahar-gazabyny, halkyň başyna injek elhenç wakany görkezýärdi. Pygamberiň geň hereketleri näme üçin edendigine ýesirlikdäki ýehudylar soň düşünendir. Pygamber haýsy wakany görkezdi? Şol waka ysraýyllara nähili täsir etdi? Onuň arassa sežde edýän adamlara nähili degişli ýeri bar?

«Kerpiç... bugdaý... ýiti hanjar al»

3, 4. a) Hyzkyl haýsy üç alamaty görkezmelidi? b) Hyzkyl Iýerusalimiň gabaljakdygyny nädip görkezdi?

3 Takmynan b. e. öň 613-nji ýylda Ýehowa Hyzkyla Iýerusalime çykaran hökümini görkezmegi tabşyrýar. Ol üç alamaty, ýagny şäheriň gabaljagyny, ýaşaýjylarynyň ejir çekjegini, iň soňunda ählisiniň ýok ediljegini görkezmelidi a. Geliň, olara birin-birin seredeliň.

4 Iýerusalimiň gabalmagy. Ýehowa Hyzkyla: «Bir kerpiç al-da, öňüňde goý... Şäheri gabap ýat» diýdi (Hyzkyl 4:1—3-nji aýatlary okaň). Kerpiç Iýerusalimi, Hyzkyl Ýehowanyň ulanan Wawilon goşunyny aňladýardy. Hyzkyl kiçijik diwar dikdi, depe galdyrdy we diwarlary ýykýan enjamlary ýasady. Soňra olary kerpijiň daşyna goýdy. Olar duşmanlaryň Iýerusalimi gabamak we hüjüm etmek üçin ulanjak esbaplaryny aňladýardy. Duşman goşunynyň demir ýaly güýçlüdigini görkezmek üçin, Hyzkyl «demir bölegini» alyp, şäher bilen arasynda goýdy. Ol «ýüzüni şähere» öwrüp ýatdy. Hyzkylyň hüjüm edýän ýaly hereket etmegi «Ysraýyl öýi üçin alamatdy». Tizden akyla sygmajak wakalar bolmalydy. Iýerusalim ýehudylaryň esasy şäheridi, ybadathananyň ýerleşýän ýeridi. Ýehowa bolsa duşmanlara şäheri gabatjak bolýardy.

5. Hyzkyl Iýerusalimiň ýaşaýjylarynyň ejir çekjegini nädip görkezdi?

5 Iýerusalimiň ýaşaýjylarynyň ejir çekmegi. Ýehowa Hyzkyla «bugdaý, arpa, nohut, merjimek, dary we çowdary alyp... çörek bişirmegi», «her gün 20 şekel çörek çekip, belli bir wagtda iýmegi» tabşyrdy. Soňra Ýehowa: «Men Iýerusalim ilatyny çörekden keserin» diýdi (Hyz. 4:9—16). Şu sahnada Hyzkyl Wawilon goşuny däl-de, Iýerusalimiň ýaşaýjylary boldy. Pygamberiň hereketi şäher gabalanda güýçli açlygyň boljakdygyny görkezýärdi. Onuň her hili zatdan çörek bişirmegi şol döwür adamlaryň tapan-tupan zadyny iýjegini görkezýär. Açlyk näderejede güýçli bolar? Hyzkyl Iýerusalimiň ilatyna ýüzlenip: «Atalar ogullarynyň, ogullar hem atalarynyň etini iýer» diýdi. Diýmek, köp adamlar «açlyk oklaryndan» ýaňa ejir çekmelidi, köpler bolsa «heläk» bolmalydy (Hyz. 4:17; 5:10, 16).

6. a) Hyzkyl sahnada haýsy iki zady görkezýär? b) Hudaýyň saç-sakgalyňy «terezide ölçäp, üç bölege böl» diýmegi näme aňladýar?

6 Iýerusalimiň we halkynyň ýok edilmegi. Sahnada Hyzkyl bir wagtda iki zady görkezýär. Birinjiden, Ýehowanyň etjek işlerini görkezýär. Ýehowa Hyzkyla: «Ýiti hanjary al-da, dellekçiniň päkisi edip ulan» diýýär (Hyzkyl 5:1, 2-nji aýatlary okaň). Pygamberiň hanjarly eli Ýehowanyň goluny, ýagny Wawilon goşuny arkaly amala aşyrjak hökümini aňladýardy. Ikinjiden, ol ýehudylaryň ne günlere düşjekdigini görkezýär. Ýehowa oňa: «Saçyňy we sakgalyňy syr» diýdi. Hyzkylyň saçyny syrmagy duşmanlaryň ýehudylara hüjüm edip, ýok etjekdigini aňladýardy. Soňra Ýehowa Hyzkyla: «Olary terezide ölçäp, üç bölege böl» diýdi. Pygamberiň şu hereketi Ýehowanyň Iýerusalime çykaran höküminiň doly ýerine ýetjekdigini aňladýardy.

7. Ýehowa näme üçin Hyzkyla syran saçyny üç bölege bölüp, hersini bir zat etmegi tabşyrdy?

 7 Ýehowa näme üçin Hyzkyla syran saçyny üç bölege bölüp, hersini bir zat etmegi tabşyrdy? (Hyzkyl 5:7—12-nji aýatlary okaň). Pygamber onuň bir bölegini «şäheriň içinde» ýakmalydy, ol Iýerusalimiň käbir ýaşaýjylarynyň şäherde öljekdigini aňladýardy. Beýleki bölegini «şäheriň daş-töwereginde» pyçak bilen bölek-bölek etmelidi, ol käbir adamlaryň şäheriň daşynda öldüriljekdigini aňladýardy. Üçünji bölegini bolsa ýele sowurmalydy, ol diri galan adamlaryň halklaryň arasyna dargajakdygyny aňladýardy. Olaryň hem yzyndan «gylyç» kowar. Şonda käbirleri diri galsa-da, rahat ýaşamaz.

8. a) Pygamberiň haýsy sahnasy umyt berýär? b) Hyzkylyň etegine salan saçy baradaky pygamberligi nädip ýerine ýetdi?

8 Hyzkylyň görkezen sahnasy umyt hem berýärdi. Ýehowa pygambere saçyny syransoň, «biraz saç alyp, köýneginiň etegine salyp goýmagy» tabşyrýar (Hyz. 5:3). Diýmek, halklaryň arasyna dargan käbir ýehudylar halas bolmalydy. Wawilonda 70 ýyl ýesirlikden soň, «biraz» adam Iýerusalime dolanyp gelmelidi (Hyz. 6:8, 9; 11:17). Hyzkylyň pygamberligi ýerine ýetdimi? Elbetde. Wawilon ýesirliginden birnäçe ýyl geçensoň, Hagaý pygamber halklaryň arasyna dargan ýehudylaryň käbiriniň Iýerusalime dolanyp gelendigini aýtdy. Olar Süleýmanyň ybadathanasyny, ýagny «öňki ybadathanany gören garrylardy» (Hyd. 3:12; Hag. 2:1—3). Ýehowa wada berişi ýaly, arassa seždäni gorady. Muny 9-njy bapdan jikme-jik bileris (Hyz. 11:17—20).

Pygamberlikden gelejek barada näme bilýäris?

9, 10. Hyzkylyň görkezen sahnalary gelejekde boljak haýsy wakalary ýatladýar?

9 Hyzkylyň görkezen sahnalary gelejekde boljak wakalary ýatladýar. Hudaýyň Sözünde haýsy wakalar hakda aýdylýar? Ýehowa geçmişde Iýerusalim şäherine edişi ýaly, gelejekde-de akyla sygmajak zatlary eder. Ol syýasy guramalary dini guramalara hüjüm etdirer (Ylh. 17:16—18). Iýerusalim weýran edilende «görlüp-eşidilmedik betbagtçylyk» bolupdy. Şonuň ýaly «uly betbagtçylyk» bilen Armageddon söweşinde hem «dünýä döräli bäri» bolmadyk wakalar bolar (Hyz. 5:9; 7:5; Mat. 24:21).

10 Hudaýyň Sözünde ýalan dinler ýok edilende käbir agzalarynyň diri galjakdygy aýdylýar. Emma olar gorkudan ýaňa baý we garamaýak adamlar bilen bile gizlenere ýer gözlärler (Zek. 13:4—6; Ylh. 6:15—17). Olaryň ýagdaýy geçmişde Iýerusalim weýran edilende diri galan we halklaryň arasyna dargan, ýagny «ýele» sowrulan ysraýyllary ýatladýar.  Ýedinji abzasdan bilşimiz ýaly, ýehudylar şol wagt diri galsalar-da, Ýehowa «gylyjyny gynyndan çykaryp, olaryň yzlaryndan kowdy» (Hyz. 5:2). Şonuň ýaly dinlere hüjüm edilende diri galanlar nirede gizlense-de, Ýehowanyň gylyjyndan gutulyp bilmez. Armageddonda olar geçilere meňzedilýän adamlar bilen ölüme höküm ediler (Hyz. 7:4; Mat. 25:33, 41, 46; Ylh. 19:15, 18).

Wagty gelende «dymarys», hoş habary aýtmarys

11, 12. a) Pygamberlikden wagyz işi babatda näme öwrenýäris? b) Wagyz edişimiz we aýdýan habarymyz nädip üýtgemegi mümkin?

11 Pygamberlige gowy düşünsek, hoş habary soňa goýman, yhlasly wagyz ederis. Biz adamlara Ýehowanyň gullukçysy bolmaga kömek etmek üçin elimizde baryny etmeli, sebäbi «ähli halklardan şägirt taýýarlamak» işi tamamlanyp barýar (Mat. 28:19, 20; Hyz. 33:14—16). Ýalan dinlere «temmi taýagy» berlende, ýagny syýasy guramalar hüjüm edip başlanda, halas edýän habary wagyz edip bilmeris (Hyz. 7:10). Şonda biz Hyzkyl pygamber ýaly «dymarys», adamlara hoş habary aýtmarys. Ol belli bir wagta çenli Hudaýyň habaryny aýtmady (Hyz. 3:26, 27; 33:21, 22). Dogrudanam, ýalan dinler ýok edilensoň, adamlar yzyny üzmän «pygamberden görnüş sorar», ýöne olara halas bolar ýaly hiç hili görkezme berilmez (Hyz. 7:26). Olarda Mesihiň şägirdi bolmaga mümkinçilik bolmaz.

12 Ýöne wagyz işi munuň bilen tamamlanmaz. Näme üçin? Belki, biz uly betbagtçylykda buz belasyna meňzedilýän höküm habaryny wagyz ederis. Zalym dünýäniň soňunyň gelendigi baradaky habar buz kimin adamlaryň başyna iner (Ylh. 16:21).

«Ine, ol gelýär!»

13. Ýehowa näme üçin Hyzkyla ilki çep, soň sag gapdalyna ýatmagy tabşyrýar?

13 Hyzkyl diňe bir Iýerusalimiň nädip weýran ediljekdigini pygamberlik etmän, haçan ýykyljakdygyny hem görkezipdi. Ýehowa oňa 390 gün çep gapdalyna, 40 gün bolsa sag gapdalyna ýatmagy tabşyrýar. Her gün bir ýyly aňladýardy (Hyzkyl 4:4—6-njy aýatlary okaň; 4 Mus. 14:34). Hyzkyl muny her gün belli bir wagtda etmelidi. Onuň şeýle etmegi Iýerusalimiň weýran ediljek ýylyny görkezýärdi. Ysraýylyň günäsi üçin berlen 390 ýyl b. e. öň 997-nji ýylda başlapdy. Şol ýyl 12 taýpaly patyşalyk ikä bölünipdi (1 Pat. 12:12—20). Ýahuda öýüniň günäsi üçin berlen 40 ýyl bolsa b. e. öň 647-nji ýylda başlan bolmaly. Şol ýyl Ýermeýa pygambere Ýahuda patyşalygyna tizden ýok ediljekdigini duýdurmak tabşyrylypdy (Ýer. 1:1, 2, 17—19; 19:3, 4). Iki döwür hem b. e. öň 607-nji ýylda tamamlanyp, Ýehowanyň aýdyşy ýaly, Iýerusalim basylyp alynýar we weýran edilýär b.

Hyzkyl Iýerusalimiň weýran ediljek wagtyny anyk görkezdi (13-nji abzasa serediň)

14. a) Hyzkyl Ýehowa ynanýandygyny nädip görkezdi? b) Iýerusalim weýran edilmänkä nähili wakalar bolmalydy?

14 Hudaýdan 390 we 40 gün barada tabşyryk alanda pygamber Iýerusalimiň haçan weýran ediljekdigini anyk bilmeýärdi. Ýöne ol şäher ýykylýança, halka Ýehowanyň höküminiň berjaý boljakdygyny gaýta-gaýta duýdurypdy. Ol: «Siziň soňuňyz geldi» diýip wagyz edýärdi (Hyzkyl 7:3, 5—10-njy aýatlary okaň). Hyzkyl Ýehowanyň aýdan zadyny wagtynda edýändigini bilýärdi (Işa. 46:10). Şeýle-de: «Heläkçilik üstüne heläkçilik... geler» diýip, Iýerusalim derbi-dagyn edilmezden öň boljak wakalary aýdypdy. Şol wakalar sebäpli ýurduň ýagdaýy hasam erbetleşer, ruhanylar Hudaýa sežde etmegi öwretmez, baştutanlar halka ýolbaşçylyk etmez (Hyz. 7:11—13, 25—27).

Iýerusalim gabalanda aşagyna ot ýakylan «gazana» meňzär (15-nji abzasa serediň)

15. B. e. öň 609-njy ýylda pygamberlikdäki haýsy sözler ýerine ýetip başlady?

15 Hyzkylyň Iýerusalimiň ýykylmagy baradaky pygamberligi birnäçe ýyldan soň ýerine ýetip başlady. B. e. öň 609-njy ýylda Hyzkyl Iýerusalime hüjüm edilip başlanandygyny bildi. Şonda şäheri goramak üçin halky ýygnaýan surnaý sesi eşidildi. Ýöne Hyzkylyň pygamberlik edişi ýaly, «hiç kim söweşe çykmady» (Hyz. 7:14). Iýerusalimiň ilaty Wawilona garşy söweşip, şäheri goramak üçin ýygnanmady, sebäbi ýehudylaryň käbiri Ýehowa dadymyza ýetişer öýdendir. Geçmişde assiriýalylar Iýerusalimi basyp aljak bolanda, Ýehowa perişdesini iberip, goşunyň köp bölegini derbi-dagyn edipdi (2 Pat. 19:32). Emma bu gezek olara hiç bir perişde kömek etmez. Tizden gabalan şäher aşagyna ot ýakylan «gazana», ýaşaýjylary bolsa içindäki «ete» döner (Hyz. 24:1—10). Iýerusalim 18 aýlap ýowuz gabalansoň, ahyry weýran edilýär.

«Gökde baýlyk ýygnaň»

16. Biz Ýehowa ynanýandygymyzy nädip görkezip bileris?

16 Hyzkylyň aýdanlaryndan näme öwrenýäris? Biz nähili habary aýdýarys we adamlar oňa nähili seslenýär? Ýehowa ýalan diniň ýok ediljek wagtyny anyk bilýär. Ol ýene-de aýdan zadyny wagtynda eder (2 Pet. 3:9, 10; Ylh. 7:1—3). Biz şol güni bilmeýäris. Emma Hyzkyl ýaly: «Siziň soňuňyz geldi» diýip, adamlara Ýehowanyň duýduryşyny gaýta-gaýta aýdýarys. Näme üçin? Sebäbi pygamber hem şeýle edipdi c. Köp adamlar Hyzkyla ynanmady, olar Iýerusalim basylyp alynmaz öýtdüler (Hyz. 12:27, 28). Emma soň Wawilona sürgün edilen ýehudylaryň käbiri garaýşyny üýtgetdi, şonuň üçin ýene-de watanyna dolanyp bardylar (Işa. 49:8). Şu günlerem köp adamlar dünýäniň soňunyň geljekdigine ynanmaýar (2 Pet. 3:3, 4). Biz heniz wagt barka, akýürekli adamlara Hudaýyň habaryny kabul edip, ýaşaýşa gowuşmaga kömek etmek isleýäris (Mat. 7:13, 14; 2 Kor. 6:2).

Yhlasly wagyz etsek akýürekli adamlar diňlär (16-njy abzasa serediň)

Iýerusalimiň ilaty näme üçin «kümüşlerini köçelere taşlady»? (17-nji abzasa serediň)

17. Uly betbagtçylykda nämeler bolar?

17 Onsoňam, Hyzkylyň pygamberligi dini guramalara hüjüm edilende näme boljakdygyny ýatladýar. Dini ýolbaşçylar dinini goramak üçin «söweşe çykmaz». Olar: «Halypam, Halypam!» diýip gygyrsa-da, hiç kimiň dadyna ýetişmejekdigine göz ýetirer, şonda «elleriniň ysgyny gaçar... sandyr-sandyr ederler» (Hyz. 7:3, 14, 17, 18; Mat. 7:21—23). Olar ýene näme eder? (Hyzkyl 7:19—21-nji aýatlary okaň). Ýehowa: «Olar kümüşlerini köçelere taşlarlar» diýýär. Iýerusalimiň ilatyna aýdylan şu sözler uly betbagtçylykda boljak wakany suratlandyrýar. Uly betbagtçylykda adamlar baýlygynyň halas edip bilmejekdigine düşünerler.

18. Hyzkylyň pygamberliginden näme sapak edinýäris?

18 Hyzkylyň pygamberliginden näme sapak edinýäris? Biz durmuşda wajyp zatlary birinji orunda goýmaly. Üns beren bolsaňyz, Iýerusalimiň halky şäher weýran edilip, ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýança we baýlygyň halas etmeýändigine göz ýetirýänçä, wajyp zatlara düşünmediler. Olar maňlaýy daşa degensoň garaýşyny üýtgedip, wajyp zatlary birinji orunda goýup başladylar. Olar bar baýlygyndan geçip, «pygamberden görnüş soradylar», ýöne indi giçdi (Hyz. 7:26). Biz welin zalym dünýäniň soňunyň golaýdygyna düşünýäris. Şonuň üçin Hudaýyň wadalaryna iman edip, wajyp zatlary birinji orunda goýýarys. Şeýdip, hümmeti gaçmajak we hiç haçan «köçelere» taşlanmajak ruhy hazyna toplaýarys (Matta 6:19—21, 24-nji aýatlary okaň).

19. Hyzkylyň aýdanlaryndan ýene näme öwrenýäris?

19 Hyzkylyň Iýerusalimiň ýykylmagy barada aýdanlaryndan ýene näme öwrenýäris? Heniz wagt barka, adamlara Hudaýyň gullukçysy bolmaga kömek etmeli. Şonuň üçin biz yhlasly bolup, şägirt taýýarlaýarys. Akýürekli adamlar Ýehowa Atamyza sežde edip başlanda örän begenýäris. Emma şeýle ädimi ätmedik adamlar henizem bar. Biz Hyzkylyň döwürdeşlerine aýdyşy ýaly: «Siziň soňuňyz geldi» diýip duýdurýarys (Hyz. 3:19, 21; 7:3). Biz mundan beýlägem Ýehowa bil baglap, ähli zatdan öňürti Hudaýa arassa sežde etmek isleýäris (Zeb. 52:7, 8; Nak. 11:28; Mat. 6:33).

a Hyzkyl üç alamaty hem halkyň gözüniň alnynda görkezdi. Näme üçin şeýle diýse bolýar? Sebäbi Ýehowa Hyzkyla «halkyň gözüniň alnynda» çörek bişirmegi, goşuny düwmegi tabşyrypdy (Hyz. 4:12; 12:7).

b Ýehowa Iýerusalimiň weýran edilmegine ýol berip, diňe iki taýpaly Ýahuda patyşalygyna däl-de, on taýpaly Ysraýyl patyşalygyna-da höküm çykarypdy (Ýer. 11:17; Hyz. 9:9, 10).

c Hyzkyl 7:5—7-nji aýatlarda Ýehowa habarynyň wajypdygyny görkezmek üçin «ýetip gelýär», «gelýär», «geldi», «boldy» diýen işlikleri alty gezek ulanýar.