Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

11-NJI BAP

«Seni garawul edip belleýärin»

«Seni garawul edip belleýärin»

HYZKYL 33:7

TEMA: Ýehowanyň bellän garawuly we edýän işi

1. Ýehowanyň bellän garawullary näme etdiler, ýöne näme boldy?

 GARAWUL diwaryň üstünden Günüň batýan tarapyna seredýär. Ol elini kölegeledip, gözýetimi synlaýar. Birdenkä duşman goşunynyň gelýänini görýär. Garawul şol bada öýkenini howadan doldurýar-da, surnaý çalyp halka duýduryş berýär. Ýöne şäheriň biperwaý halky üçin onuň surnaý çalanynyň peýdasy ýokdy. Onlarça ýyl bäri Ýehowanyň bellän garawullary, ýagny pygamberleri halkyň şu güne düşjekdigini duýduryp gelýärdi. Emma halk diňlemedi. Indi bolsa Wawilon goşuny şäheri gabapdy. Birnäçe aýlap şäheri gaban esgerler ahyry diwarlary ýumrup, ybadathanany ýer bilen ýegsan etdiler. Iýerusalimiň dönük hem butparaz halkyny gylyçdan geçirdiler, käbirini bolsa ýesir aldylar.

2, 3. a) Tizden ýer ýüzünde näme bolar we adamlar häzirden näme etmeli? b) Haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

2 Şu günler hem Ýehowanyň gökdäki goşuny ýerdäki imansyz adamlara garşy söweşe taýýarlanýar (Ylh. 17:12—14). Şol söweş adamzat taryhynda görülip-eşidilmedik uly betbagtçylygyň soňunda bolar (Mat. 24:21). Emma wagt barka, adamlar Ýehowanyň bellän garawulynyň duýduryşyna gulak asyp bilýärler.

3 Ýehowa näme üçin garawullary belledi? Garawullar nähili habary aýtmalydy? Kimler garawul bellenýär we munuň bize nähili degişli ýeri bar? Geliň, şu soraglaryň jogabyny bileliň.

«Meniň adymdan halka duýdurmalysyň»

4. Ýehowa näme üçin garawullary belledi? (Babyň başyndaky surata serediň).

4 Hyzkyl 33:7-ni okaň. Gadymy döwürde garawullar ýaşaýjylara howp abanýandygyny duýdurmak üçin şäher diwarynda durýardy. Patyşa garawullary belläp, raýatlarynyň aladasyny edýärdi. Garawulyň batly surnaý sesi ukuda ýatan ýaşaýjylaryň birbada ýüregini ýarsa-da, duýduryşa gulak asanlaryň janyny halas edip bilýärdi. Ýehowa-da höküm habaryny aýdyp ysraýyllary gorkuzjak bolmaýardy. Gaýtam garawullar arkaly halkynyň aladasyny edip, olaryň janyny halas etmek isleýärdi.

5, 6. Ýehowanyň adalatlydygyny näme subut edýär?

5 Hyzkyly garawul belläp, Ýehowa iki ajaýyp häsiýetini açdy. Şol häsiýetler bize Ýehowa bil baglamaga kömek edýär. Geliň, olar barada bileliň.

6 Adalatlylyk. Ýehowa her birimiz bilen gyzyklanyp, adalatlydygyny görkezýär. Hyzkylyň habaryny köp adamlar diňlemedi diýip, Ýehowa tutuş halky bir aýakdan sürmedi. Gaýtam her bir adamyň habara seslenişine üns berdi. Şonuň üçinem ol «erbet adam», «hudaýhon adam» diýen sözleri gaýta-gaýta aýtdy. Dogrudanam, Ýehowa habaryna her bir adamyň gulak asyşyny görüp, soň höküm çykardy (Hyz. 33:8, 18—20).

7. Ýehowa adamlara nädip höküm çykarýar?

7 Ýehowanyň adalatlylygy adamlara höküm çykaryşyndan hem görünýär. Hudaý adamlardan öňki eden işleri üçin hasap soramaýar. Ol adamlaryň duýduryşa nähili seslenýändigine seredýär. Ýehowa Hyzkyl pygambere şeýle diýdi: «Men erbet adama: „Sen hökman ölersiň!“ diýsem, emma ol günä işlerinden el çekse, adalatly we halal ýaşasa... uzak ýaşar». Soňra: «Onuň eden günäleriniň hiç biri ýatlanmaz» diýen göwnüňi göteriji sözleri aýdýar (Hyz. 33:14—16). Emma dogruçyl adam: «Öňki halal işlerim eden günämiň üstüni ýapar» diýip pikir etmeli däl. Sebäbi Ýehowa: «Ol halal işlerine daýanyp, erbetlik etse, onuň halal işleriniň hiç biri ýatlanmaz. Ol eden günäsi üçin öler» diýýär (Hyz. 33:13).

8. Ýehowanyň adalatlydygy ýene nämeden görünýär?

8 Ýehowanyň etjek işini öňünden duýdurmagy adalatlydygyny aýdyň subut edýär. Hyzkyl pygamber Ýehowanyň habaryny wawilonlylar Iýerusalimi weýran etmezinden 6 ýyl öň aýdyp başlapdy. Ondan öňem köp pygamberler halkyň Hudaýa hasap berjekdigini duýdurypdy. Ýehowa Iýerusalimiň weýran ediljegini bir asyrdan gowrak öň aýdypdy. Ol Hoşeýa, Işaýa, Mikaý, Odet we Ýermeýa ýaly pygamberleri garawul belläpdi. Hudaý Ýermeýa pygambere: «Meniň bellän garawullarym: „Surnaýyň sesine üns beriň!“ diýip duýdurdylar» diýen sözleri halka ýatlatmagy tabşyrypdy (Ýer. 6:17). Şol sebäpli wawilonlylar Ýehowanyň hökümini berjaý edende, köpleriň gyrylmagyna Ýehowa hem, garawullar hem günäkär däldi.

9. Ýehowa wepaly söýgüsini nädip görkezdi?

9 Söýgi. Ýehowa garawullaryny iberip, wepaly söýgüsini görkezdi. Ol diňe bir hudaýhonlara däl-de, ýüregine ýara salýan, adyna ysnat getirýän erbet adamlara-da duýdurýardy. Ysraýyllar Ýehowanyň halky diýip tanalýardy. Emma olar gaýta-gaýta Ýehowadan ýüz öwrüp, ýalan taňrylaryň yzynda ylgadylar. Ýehowa halkyny ärine ikilik edýän aýala deňäp, olaryň dönükliginiň ýüregine ýara salandygyny görkezdi (Hyz. 16:32). Ýöne Ýehowa olardan derrew ýüz öwürmedi. Hudaý olardan ar aljak bolman, gaýtam ýaraşmak üçin mümkinçilik gözledi. Ýehowa derrew halkyny gylyçdan geçirjek bolmady, sabyr käsesi dolýança garaşdy. Ol Hyzkyla: «Men erbet adamyň ölümine begenmeýärin. Gaýtam erbet ýolundan dönüp, uzak ýaşamagyny isleýärin» diýdi (Hyz. 33:11). Ýehowa häzir hem üýtgänok (Mel. 3:6).

10, 11. Ýehowanyň halkyna garaýşyndan näme öwrenýäris?

10 Ýehowanyň ysraýyllara adalatly bolmagyndan we söýgüsini bildirmeginden näme öwrenýäris? Biz wagyz edenimizde adamlaryň ýagdaýynyň biri-birinden tapawutlanýandygyna düşünmeli. Biz adamyň geçmişine, milletine, medeniýetine, diline, baý ýa garypdygyna seredip habary diňlemez öýtsek, nädogry bolar. Ýehowa Petrus resula wajyp zady öwredipdi. Bizem Petrusyň: «Hudaý hiç kimi ala tutmaýar... Hudaý özünden gorkup, dogruçyl ýaşaýan islendik milletli adamdan razydyr» diýen sözlerini unutmaly däl (Res. 10:34, 35).

Adamlara Ýehowanyň garaýşy ýaly garaýarysmy? (10-njy abzasa serediň)

11 Şeýle-de biz edýän işlerimize ünsli bolmaly, öňki halal işlerimiz eden günämiziň üstüni ýapar diýip pikir etmeli däl. Ähli adamlarda bolşy ýaly, bizde-de günäli höwesleriň bardygyny unutmalyň. Pawlusyň Korinfdäki ýygnaga: «Kim berk durun öýtse, seresap bolsun, ýykylaýmasyn. Siziň başyňyza inen synaglar başgalaryň-da başyna inýändir» diýen maslahaty bize-de degişli (1 Kor. 10:12, 13). Biz adamlara ýagşylyk edýäris, şonuň üçin günä etsegem temmi almarys öýtmeli däl. Biz «halal işlerine daýanýan» adam bolmak islemeýäris (Hyz. 33:13). Ýehowa näçe ýyl gulluk etsek-de, pesgöwünli bolup gulak asmaly.

12. Agyr günä eden bolsak nämäni unutmaly däl?

12 Agyr günä edendigimiz üçin ynsabymyz köseýän bolsa näme etmeli? Hyzkylyň habaryndan Ýehowanyň toba etmeýän adamlara jeza berýändigini bilýäris. Ýöne Ýehowanyň ar alýan däl-de, söýýän Hudaýdygyny hem bilýäris (1 Ýah. 4:8). Eger toba etsek, rehimdar Hudaý günälerimizi bagyşlar (Ýak. 5:14, 15). Ýehowa biwepalyk eden ysraýyllary bagyşlaýşy ýaly, bizi-de bagyşlamaga taýyn (Zeb. 86:5).

«Halkyň ogullaryna aýt»

13, 14. a) Garawullar nähili habary aýdýardy? b) Işaýa pygamber nähili habary aýtdy?

13 Hyzkyl 33:2, 3-nji aýatlary okaň. Ýehowanyň bellän garawullary nähili habary aýdýardy? Olaryň esasy işi halka duýduryş bermekdi. Emma olar gowy habarlary hem aýdýardylar. Geliň, käbir mysallara seredeliň.

14 B. e. öň takmynan 778—732-nji ýyllarda gulluk eden Işaýa pygamber wawilonlylaryň Iýerusalimi basyp alyp, ýaşaýjylaryny sürgün etjekdigini aýtdy (Işa. 39:5—7). Ýöne ol Hudaýyň ylhamy bilen: «Diňle, garawullaryň batly gygyrýar, ählisi birlikde şatlykdan ýaňa gygyrýar! Olar Ýehowanyň Siony dikeltjek gününi gözi bilen görerler» diýip hem ýazypdy (Işa. 52:8). Işaýa pygamber iň gowy habary, ýagny arassa seždäniň dikeldiljegini aýtdy.

15. Ýermeýa nähili habary aýtdy?

15 B. e. öň 647—580-nji ýyllarda gulluk eden Ýermeýa pygamber köplenç «şum habarçy» diýip tanalýar. Ol Ýehowanyň erbet ysraýyllaryň başyna betbagtçylyk inderjekdigini duýdurypdy a. Emma ol Hudaýyň halkynyň watanyna dolanjagy, arassa seždäniň dikeldiljegi hakda ýagşy habary hem aýdypdy (Ýer. 29:10—14; 33:10, 11).

16. Hyzkyl Wawilondaky ýesirlere nähili gowy habar aýtdy?

16 B. e. öň 613-nji ýylda Hudaý Hyzkyly garawul belledi. Ol b. e. öň 591-nji ýyla çenli ýumşuny ýerine ýetirdi. Şu kitabyň 5, 6-njy baplaryndan bilşimiz ýaly, Hyzkyl adamlaryň ganyna galmazlyk üçin ýetip gelýän betbagtçylyk barada dynman duýdurypdy. Ýöne ol diňe Ýehowanyň Iýerusalimdäki dönük ýehudylara jeza berjegini aýtman, Wawilondaky ýesirlere Ýehowa bilen dostlugyny berkitmäge-de kömek edipdi. Hyzkyl Ýehowanyň aman galanlary 70 ýyl dowam eden ýesirligiň ahyrynda Ysraýyla getirjegini aýdyp, gelejege taýýarlady (Hyz. 36:7—11). Olar Hyzkylyň duýduryşyna gulak asan adamlaryň çagalary we agtyklary bolmaly. Kitabyň 3-nji bölüminde Hyzkylyň Iýerusalimde arassa seždäniň dikeldiljegi hakda aýdan ençeme ýagşy habarlary bar.

17. Ýehowa haýsy ýagdaýda garawullary belleýärdi?

17 Ýehowanyň pygamberleri b. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalim weýran edilen döwürleri halka duýduryş beripdi. Ýöne Ýehowa başga-da garawullary belleýärdi. Hudaý maksadyna ýetýänçä, garawullar hem erbet adamlara duýduryş berýärdi, hem ýagşy habarlary aýdýardy.

I asyrdaky garawullar

18. Suwa çümdürýän Ýahýanyň nähili borjy bardy?

18 I asyrda suwa çümdürýän Ýahýa Ýehowanyň bellän garawuly bolup gulluk edipdi. Ol tizden Hudaýyň ýehudylardan ýüz öwürjekdigini duýdurypdy (Mat. 3:1, 2, 9—11). Ýöne ol diňe duýduryş habaryny aýtmady. Isa Ýahýanyň wada edilen habarçydygyny aýtdy, sebäbi ol Mesih üçin ýol taýýarlapdy (Mel. 3:1; Mat. 11:7—10). Ýahýa garawul hökmünde ýagşy habary, ýagny «Hudaýyň Guzusy Isanyň» gelip, dünýäniň günäsini ýuwjakdygyny wagyz etdi (Ýah. 1:29, 30).

19, 20. Isa bilen şägirtleri garawul hökmünde näme etdiler?

19 Ýehowanyň bellän garawullarynyň arasynda Isa wajyp orun tutýardy. Ýehowa Hyzkyly iberişi ýaly, Isany hem «Ysraýyl öýüne» duýduryş bermek üçin iberipdi (Hyz. 3:17; Mat. 15:24). Ol Hudaýyň tizden ysraýyl halkyndan ýüz öwürjegini, Iýerusalimiň weýran ediljegini aýdypdy (Mat. 23:37, 38; 24:1, 2; Luka 21:20—24). Emma ol, esasan, hoş habary wagyz etmek üçin gelipdi (Luka 4:17—21).

20 Isa ýer ýüzünde ýaşanda şägirtlerine «oýa bolmagy» tabşyrypdy (Mat. 24:42). Olar tabşyryga gulak asdylar, garawul bolup, Ýehowanyň ysraýyllardan we Iýerusalimden ýüz öwrendigini duýdurdylar (Rim. 9:6—8; Gal. 4:25, 26). Geçmişdäki garawullar ýaly, şägirtler hoş habary hem wagyz etdiler. Saýlananlardan ybarat ruhy Ysraýyla dürli milletli adamlaryň goşuljagyny, olaryň Mesihe arassa seždäni dikeltmäge kömek etjegini aýtdylar (Res. 15:14; Gal. 6:15, 16; Ylh. 5:9, 10).

21. Pawlus resul nähili görelde görkezdi?

21 I asyrdaky garawullaryň biri Pawlus resuldy. Ol Hyzkyl pygamber ýaly, tabşyrylan ýumşa jogapkärli seredip, ajaýyp görelde görkezdi. Ol borjuna sowuk-sala garasa, adamlaryň ganyna galjakdygyna düşünýärdi (Res. 20:26, 27). Geçmişdäki garawullar ýaly, Pawlus adamlara diňe bir duýduryş bermän, hoş habary hem aýtdy (Res. 15:35; Rim. 1:1—4). Ol mukaddes ruh arkaly Işaýa pygamberiň: «Daglardan aşyp, hoş habary aýdýanlaryň aýaklary nähili owadan!» diýen sözlerini aýtdy. Pawlus Mesihiň şägirtleriniň Hudaýyň Patyşalygy hakda wagyz etjekdigini göz öňünde tutdy (Işa. 52:7, 8; Rim. 10:13—15).

22. Resullar aradan çykansoň näme boldy?

22 Resullar aradan çykansoň, ýygnakda imandan dänenleriň köpeljekdigi pygamberlik edilipdi (Res. 20:29, 30; 2 Sel. 2:3—8). Ençeme asyrlaryň dowamynda haşal ota meňzedilýän ýalan mesihçiler has-da köpeldi. Ýalan taglymatlar sebäpli adamlar Hudaýyň Patyşalygy baradaky habary bilmeýärdi (Mat. 13:36—43). Emma Ýehowanyň ähli zadyň üstüni açmaly wagty gelipdi. Ol adamlara duýduryş bermek we hoş habary ýetirmek üçin garawullary belledi. Şeýdip, söýgüsini we adalatyny görkezdi. Şol garawullar kimler?

Ýehowa ýene-de garawullary belleýär

23. Rassel bilen ýoldaşlary nähili ýumşy ýerine ýetirdiler?

23 Mesihiň Patyşalygy 1914-nji ýylda berkarar edildi. Şoňa çenli Çarlz Teýz Rassel bilen ýoldaşlary «ýol taýýarlaýan» habarçy bolup gulluk etdiler b (Mel. 3:1). Olar «Sion garawul diňi we Isanyň gelmeginiň buşlukçysy» atly žurnaly çap edip, garawulyň işini etdiler. Şeýdip, Hudaýyň hökümini we Patyşalygy baradaky hoş habary yglan etdiler.

24. a) Wepaly hyzmatkär nädip garawul bolup gulluk edýär? b) Geçmişdäki garawullardan näme öwrenýärsiňiz? («Göreldeli garawullar» diýen çarçuwa serediň).

24 Patyşalyk höküm sürüp başlansoň, Isa birnäçe adamy wepaly hyzmatkär belledi (Mat. 24:45—47). Şondan bäri wepaly hyzmatkär, ýagny Ýolbaşçylyk maslahaty garawul bolup gulluk edýär. Wepaly hyzmatkär diňe bir Hudaýyň ar aljak güni hakda duýdurman, Ýehowanyň rehimdarlyk ýyly hakda-da wagyz edýär (Işa. 61:2; 2 Korinfliler 6:1, 2-nji aýatlara serediň).

25, 26. a) Mesihiň şägirtlerine nähili tabşyryk berildi we olar muňa nädip gulak asýarlar? b) Indiki bapda näme bileris?

25 Garawulyň işini wepaly hyzmatkär etse-de, Isa «ähli» şägirtlerine «oýa bolmagy» tabşyrypdy (Mar. 13:33—37). Biz oýa bolup we häzirki garawuly goldap, Isanyň tabşyrygyna gulak asýarys. Adamlara wagyz edip, oýa bolýandygymyzy görkezýäris (2 Tim. 4:2). Wagyz etmäge näme höweslendirýär? Biz hemme adamlaryň halas bolmagyny isleýäris (1 Tim. 4:16). Tizden köp adamlar garawulyň duýduryşyna gulak asmandygy üçin ýok bolar (Hyz. 3:19). Biziň maksadymyz adamlara arassa seždäniň dikeldilmegi hakdaky iň gowy habary aýtmak. Häzir Ýehowanyň rehimdarlyk ýyly dowam edýär. Adamlar heniz wagt barka, adalatly we söýgüden doly Hudaýymyz Ýehowa gulluk edip bilýär. Tizden Hudaýyň rehimdar ogly Isa Mesih zalym dünýäniň soňunda halas bolan adamlara köp bereket berer. Şol sebäpli garawuly goldap, hoş habary bütin dünýäde yhlasly wagyz edeliň! (Mat. 24:14).

Hoş habary yhlasly wagyz edip garawuly goldaýarys (25-nji abzasa serediň)

26 Heniz zalym dünýäniň soňy gelmänkä, Ýehowanyň öz halkyny agzybir etmegi haýran galdyrýar. Indiki bapda iki taýak baradaky pygamberligiň muny nädip subut edýändigini bileris.

a Ýermeýa kitabynda «betbagtçylyk» sözi 50 gezekden gowrak duş gelýär.

b Şu pygamberlik we ýerine ýetişi hakda «Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!» kitabyň 2-nji babynda aýdylýar.