Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

14-NJI BAP

«Ybadathana babatdaky kanun şeýledir»

«Ybadathana babatdaky kanun şeýledir»

HYZKYL 43:12

TEMA: Hyzkylyň döwürdeşleri görnüşden nähili sapak edindiler we biz näme öwrenýäris?

1, 2. a) Geçen bapdan Hyzkylyň görnüşi hakda nämeleri bildik? b) Şu bapda nämeleri bileris?

 HYZKYLYŇ gören ybadathanasy Pawlus resulyň birnäçe asyrdan soň aýdan beýik ruhy ybadathanasy däldi. Muny geçen bapdan bilipdik. Şeýle-de Hudaýyň Hyzkyla görnüşi näme üçin görkezendigini bildik. Pygamberine görnüş görkezmek bilen Hudaý halkyna arassa sežde babatdaky kada-kanunlarynyň wajypdygyny öwretjek bolýardy. Diňe şol kada-kanunlara eýerip, halk öňküsi ýaly Ýehowa bilen dostlaşyp bilýärdi. Ýehowa esasy pikiri nygtamak üçin, bir aýatda iki gezek: «Ybadathana babatdaky kanun şeýledir» diýýär (Hyzkyl 43:12-ni okaň).

2 Geliň, şu soragyň jogabyny bileliň: Hyzkyl pygamberiň döwründe ýaşan ýehudylar görnüşden Ýehowanyň arassa sežde bilen bagly kada-kanunlary babatda näme öwrendiler? Munuň jogabyny bilsek, görnüşden häzirki kyn günlerde biziň näme öwrenjekdigimizi bileris.

Görnüşden ýehudylar näme öwrendiler?

3. Görnüşdäki ybadathananyň beýik dagda durmagy halky näme üçin utandyrandyr?

3 Geliň, ybadathana baradaky görnüşiň täsin aýratynlyklary hakda oýlanalyň. Beýik dag. Hyzkylyň görnüşindäki dag halka Işaýanyň dikeldiş hakdaky tolgundyryjy pygamberligini ýatladan bolmaly (Işa. 2:2). Ýehowanyň öýüniň şeýle beýik dagda durmagy näme aňladýar? Ýehowa halkyna arassa seždäniň beýgelip, arşa galmalydygyny we ähli zatdan beýik bolmalydygyny öwretjek boldy. Aslynda, arassa sežde hemişe-de beýikdi, sebäbi ony «başga taňrylardan has şöhratly» Hudaý ýola goýdy (Zeb. 97:9). Emma halk öz borjuny ýerine ýetirmedi. Olar asyrlarboýy arassa seždeden ýüz öwrüp, ony gaýta-gaýta hapaladylar we haram etdiler. Şonuň üçin akýürekli adamlar Hudaýyň mukaddes öýüniň beýgelip, arşa galýandygyny we şöhrata beslenýändigini görende utanandyr.

4, 5. Halk ybadathanada beýik derwezeleriň bolmagyndan nähili sapak edindi?

4 Beýik derwezeler. Başda Hyzkyl perişdäniň derwezeleri ölçeýändigini gördi. Derwezeleriň beýikligi 30 metre golaýdy (Hyz. 40:14). Olaryň girelgesinde garawulhanalar bardy. Ybadathananyň taslamasyny öwrenýänler mundan näme sapak edinmelidi? Ýehowa Hyzkyla: «Ybadathananyň girelgelerine ünsli bol» diýýär, sebäbi halk Hudaýa sežde edilýän mukaddes ýere päliýaman we sünnetsiz adamlary salýardy. Şonuň üçin Ýehowa: «Ybadathanamy haram edýärsiňiz» diýdi (Hyz. 44:5, 7).

5 Sünnetsiz adamlar Hudaýyň Ybraýym pygamberiň döwründe beren tabşyrygyna gulak asmaýardy (1 Mus. 17:9, 10; 3 Mus. 12:1—3). Has erbedi bolsa olaryň päli ýamandy. Olar Ýehowa kesirlik bilen garşy çykyp, görkezmesine we tabşyrygyna gulak asmaýardy. Şeýle adamlar Ýehowa sežde edilýän mukaddes ýere girmeli däldi. Halk Ýehowanyň ikiýüzlüligi ýigrenýändigini bilse-de, Hudaýyň öýünde ikiýüzlüligiň edilmegine ýol berýärdi. Görnüşdäki ybadathananyň derwezeleri we garawulhanalary şeýle masgaraçylygyň bolmaly däldigini görkezýärdi. Adamlar Hudaýyň mukaddes öýüne girmek üçin ýokary ahlak kadalaryny berjaý etmelidi. Diňe şonda Ýehowa halkynyň seždesini kabul edýärdi.

6, 7. a) Ýehowa ybadathananyň diwarlaryny görkezip halkyna näme öwretjek boldy? b) Halk Ýehowanyň öýüni nädip hapalaýardy? (Çykgyda serediň).

6 Meýdançadaky diwarlaryň ölçegi. Görnüşdäki ybadathananyň ýene bir täsin aýratynlygy bardy. Ybadathananyň daşyna tutuşlygyna diwar aýlanandy. Hyzkyl her tarapdaky diwaryň uzynlygynyň 500 ölçeg taýagyna, ýagny 1 555 metre deňdigini aýdýar (Hyz. 42:15—20). Ýöne ybadathananyň binalary we howlulary inedördül görnüşde ýerleşip, bir tarapy 500 tirsege, ýagny bary-ýogy 259 metre deňdi. Diýmek, ybadathananyň daş-töwereginde uly meýdança bardy, onuň daşyna-da diwar aýlanandy a. Näme üçin?

7 Ýehowa: «Olar biwepalyk etmeseler, butlary huzurymdan aýyrsalar, men olaryň arasynda ebedilik bolaryn» diýýär (Hyz. 43:9). Ýehowa Hyzkyla ybadathananyň meýdançasyny görkezip: «Haram zatlardan uzakda duruň. Olary golaýyňyza-da getirmäň» diýjek boldy. Eger halk Hudaýa arassa sežde eden bolsa, Ýehowa-da mukaddes mekanyna gelip, olara bereket bererdi.

8, 9. Halk Ýehowanyň jogapkärli adamlara düzediş bermeginden näme öwrenmelidi?

8 Jogapkärli adamlara düzediş berilýär. Ýehowa jogapkärli borjy ýerine ýetirýän adamlara söýgi bilen düzediş berýär. Meselem, halk butlara sežde edende Hudaý özünden ýüz öwren lewilere düzediş berdi. Emma «ybadathanada öz borçlaryny ýerine ýetiren» Sadygyň nesillerinden razydygyny aýtdy. Hudaý lewilere-de, Sadygyň nesillerine-de eden işine görä adalatly boldy we rehimdarlyk bildirdi (Hyz. 44:10, 12—16). Ýehowa ysraýyl baştutanlaryna hem käýinç berdi (Hyz. 45:9).

9 Ýehowa ygtyýarly we jogapkärli adamlardan borjuny ýerine ýetirişi hakda hasap sorajakdygyny aýdyň görkezdi. Ol maslahat, düzediş we temmi berende adamyň wezipesine seretmeýär. Aslynda, jogapkärli adamlar Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýerip, halka görelde bolmalydy.

10, 11. Sürgünden gelenleriň görnüşden sapak edinendigini näme subut edýär?

10 Sürgünden gelenler Hyzkylyň görnüşinden sapak edindimi? Elbetde, biz ýurduna dolanyp gelen wepaly erkekdir-aýallaryň şu gyzykly görnüş hakda näme pikir edendigini bilmeýäris. Emma Hudaýyň Sözünden sürgünden gelenleriň näme edendigi we arassa seždä nähili garandygy hakda köp zatlary bilýäris. Olar Hyzkylyň görnüşindäki prinsiplere eýerdimi? Hawa, olar köp zatda gulak asdylar. Ýehudylar sürgünden öň ýaşan pitneçi ata-babalaryna meňzemedi.

11 Hagaý bilen Zekerýa pygamber, ruhany we mürze Hydyr, Nehemýa häkim ýaly wepaly adamlar görnüşdäki prinsipleri halka yhlasly öwretdiler (Hyd. 5:1, 2). Olar halka arassa seždäni beýgeltmegi, ony emläkdenem, öz islegiňdenem wajyp saýmagy öwretdiler (Hag. 1:3, 4). Şeýle-de arassa sežde bilen bagly kada-kanunlara hormat goýmagy talap edýärdiler. Meselem, Hydyr bilen Nehemýa adamlara başga milletli aýallaryny yzyna ugratmagy berk tabşyrýardy, sebäbi olar halky ruhy taýdan gowşadýardy (Hydyr 10:10, 11-nji aýatlary okaň; Neh. 13:23—27, 30). Sürgünden gelensoň, halk butparazlyk etmegini hem bes etdi. Ahyry halk özüni duzaga salan butlary ýigrendi. Ruhanylara, baştutanlara we han-beglere näme boldy? Hyzkylyň görnüşinden bilşimiz ýaly, Ýehowa olara-da maslahat berip düzetdi (Neh. 13:22, 28). Pesgöwünli adamlar maslahaty kabul etdiler (Hyd. 10:7—9, 12—14; Neh. 9:1—3, 38).

Nehemýa halk bilen eginme-egin işleşip arassa sežde etmegi öwredýär (11-nji abzasa serediň)

12. Ýehowa sürgünden dolanyp gelen halka nähili bereketleri berdi?

12 Ýehowa gulak asan halkyna bereket berdi. Ençeme ýyldan soň, olaryň Ýehowa bilen dostlugy ýene-de berkedi, sagdyn bolup, gowy durmuşda ýaşadylar (Hyd. 6:19—22; Neh. 8:9—12; 12:27—30, 43). Halk Ýehowanyň arassa sežde bilen bagly adyl kada-kanunlaryna doly eýerip başlady. Ybadathana hakdaky görnüşden öwrenen zatlary köp adamlaryň ynsabyny oýardy. Şeýlelikde, sürgündäkiler ybadathana baradaky görnüşden iki wajyp zada göz ýetirdi. Birinjiden, arassa sežde bilen bagly kada-kanunlary bilmeli we olara eýermeli. Ikinjiden, görnüş gelejege umyt berýär. Görnüşde arassa seždäniň dikeldiljegi we halk mundan beýlägem arassa sežde etse, Ýehowanyň köp bereket berjegi aýdylýar. Geliň, ýene bir soragyň jogabyny bileliň: görnüş bize-de degişlimi?

Hyzkylyň görnüşinden näme öwrenýäris?

13, 14. a) Hyzkylyň görnüşiniň bize-de degişlidigini nireden bilýäris? b) Görnüşiň bize nähili peýdasy bar? («Ybadathanalaryň tapawudy» diýen 13A çarçuwa serediň).

13 Hyzkylyň ybadathana baradaky görnüşinden köp zatlary öwrenip bileris. Ýadyňyzda bolsa, Hyzkyl görnüşde Hudaýyň mukaddes öýüniň «beýik dagyň üstünde» durandygyny görüpdi. Işaýa pygamber hem «Ýehowanyň öýüniň duran dagynyň» «ähli daglardan belentde durandygyny» aýtdy. Ol pygamberliginiň «soňky günlerde», ýagny «dünýäniň soňunda» ýerine ýetjekdigini hem aýdypdy (Hyz. 40:2; Işa. 2:2—4, çykgyt; Mikaý 4:1—4-nji aýatlara serediň). Pygamberliklerde aýdylyşy ýaly, 1919-njy ýyldan bäri arassa sežde dikeldilýär. Şeýdip, ol beýik dagyň depesinde duran ýaly beýgelýär b.

14 Hyzkylyň görnüşinden ýehudylar ýaly, bizem Hudaýa arassa sežde etmek babatda köp zatlary öwrenýäris. Görnüşiň bize-de iki peýdasy bar. Birinjiden, Ýehowanyň arassa sežde bilen bagly kada-kanunlaryna eýermegi öwrenýäris. Ikinjiden, görnüş Ýehowanyň arassa seždäni dikeldip, köp bereketleri berjekdigine ynandyrýar.

Arassa sežde bilen bagly kada-kanunlar

15. Hyzkylyň görnüşini öwrenenimizde nämäni ýatdan çykarmaly däl?

15 Geliň, görnüşiň käbir aýratynlyklaryna seredeliň. Göz öňüne getiriň, sizem Hyzkyl bilen görnüşde täsin ybadathananyň içine aýlanýarsyňyz. Ýöne ýatdan çykarmaň, ol beýik ruhy ybadathana däldir. Biziň maksadymyz arassa sežde bilen bagly wajyp sapaklary edinmek. Nähili sapaklary?

16. Ybadathananyň jikme-jik ölçeglerinden näme öwrenýäris? (Babyň başyndaky surata serediň).

16 Ölçegler. Hyzkyl daş keşbi mis ýaly ýalpyldaýan perişdäniň ybadathanany, diwarlary, derwezeleri, garawulhanalary we gurbanlyk ojagyny ölçeýändigini görýär. Her bir zadyň anyk ölçegi okyjyny haýran galdyrýar (Hyz. 40:1—42:20; 43:13, 14). Şol jikme-jik ölçeglerden wajyp zatlary öwrenip bolýar. Ýehowa kada-kanunlaryna çynlakaý seretmelidigini nygtaýar. Olary adam däl-de, Hudaý beripdi. Şonuň üçinem Hudaýa nähili sežde etseňem bolýar diýip pikir edýän adamlar örän ýalňyşýar. Şeýle-de ölçegler arkaly Ýehowa arassa seždäniň hökman dikeldiljegine ynandyrýar. Her bir zadyň ölçeginiň jikme-jik ýazylmagy Hudaýyň wadasynyňam ýerine ýetjegini görkezýär. Şol sebäpli Hyzkyl pygamber arassa seždäniň soňky günlerde dikeljegini ynam bilen aýdýar.

Ybadathananyň jikme-jik ölçeglerinden näme öwrenýärsiňiz? (16-njy abzasa serediň)

17. Meýdançanyň diwarlary nämäni ýatladýar?

17 Meýdançanyň diwarlary. Ýokarda aýdylyşy ýaly, Hyzkyl ybadathananyň daşyna diwar aýlanandygyny görýär. Ol Hudaýyň halkyna arassa seždeden daşlaşdyrýan dinlerden gaça durmalydygyny, Hudaýyň öýüni hiç haçan haram etmeli däldigini ýatladýar (Hyzkyl 43:7—9-njy aýatlary okaň). Tüýs biziň üçin gerek maslahat! Birnäçe asyrlap Beýik Wawilonyň ýesirliginde bolan Hudaýyň halky azat boldy. 1919-njy ýylda Mesih wepaly hem paýhasly hyzmatkäri belledi. Şondan soň Hudaýyň halky ýalan taglymatlary we dini däp-dessurlary goýmak üçin köp tagalla etdi. Biz arassa seždä zyýan ýetirýän zatlardan gaça durup, ruhy taýdan arassa bolmaga jan edýäris. Biz hatda dünýewi zatlary seždämiz bilen garyşdyrmaz ýaly, Ýygnak jaýlarynda söwda-satyk hem etmeýäris (Mar. 11:15, 16).

18, 19. a) Ýehowanyň Hyzkyla beýik derwezeleri görkezmeginden näme öwrenýäris? b) Ýehowanyň ahlak kadalaryny nädogry hasaplaýan adamlara nähili jogap berersiňiz? Mysal getiriň.

18 Beýik derwezeler. Ýehowanyň Hyzkyla beýik derwezeleri görkezmeginden näme öwrenýäris? Belki-de, sürgündäki ýehudylar Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary berýändigini öwrenendirler. Geçmişde Ýehowa halkyna ýokary ahlak kadalary beren bolsa, häzirem şeýlemikä? Biz Ýehowanyň beýik ruhy ybadathanasynda sežde edýäris. Şol sebäpli ikiýüzli bolman, halal ýaşamak hasam wajyp (Rim. 12:9; 1 Pet. 1:14, 15) Soňky günlerde Ýehowa ýokary ahlak kadalaryna eýerip ýaşamagy kem-kemden öwredýär c. Meselem, ýygnakdakylar toba etmeýän günäkärler bilen gatnaşmaýar (1 Kor. 5:11—13). Şeýle-de görnüşdäki garawulhanalar Hudaýy razy etmeýän adamlaryň Ýehowanyň öýüne girip bilmeýändigini görkezýär. Elbetde, ikiýüzli durmuşy alyp barýan adam Ýygnak jaýyna gelýändir. Ýöne ol Hudaýyň talaplary boýunça ýaşamasa, barybir Ýehowanyň razylygyny gazanyp bilmez (Ýak. 4:8). Ýehowa ahlak kadalaryň pese düşýän döwründe arassa seždäni hapa zatlardan goraýar.

19 Mukaddes Kitapda dünýäniň soňunda adamlaryň ahlak taýdan hasam pese düşjegi aýdylýar. Onda şeýle diýilýär: «Zalym we ýalançy adamlar erbet işleri etmekde ökdeleşerler. Olar adamlary aldarlar, özleri-de aldanarlar» (2 Tim. 3:13). Şu günler köp adamlar Ýehowanyň kadalary boýunça ýaşamak kyn, döwre gabat gelmeýär, hatda ýalňyş diýip özlerini aldaýar. Sizem şeýle pikir edersiňizmi? Aýdaly, biri sizi Hudaýyň azgyn erkekler we beçebazlar baradaky kanunynyň nädogrudygyna ynandyrjak bolýar. Emma Hudaý şeýle adamlaryň «tebigata garşy gelýän» zady edýändigini aýdýar. Siz şol adama ynanarsyňyzmy ýa-da Hudaýa? Hudaý bize ahlaksyzlygy asla goldamaly däldigini aýdýar (Rim. 1:24—27, 32). Eger şeýle ýagdaýlara duş gelsek, Hyzkylyň görnüşindäki beýik derwezeler hakda oýlanalyň. Şeýle-de dünýädäki adamlaryň ýagşy-ýamana garaýşy pese düşse-de, Ýehowanyň adyl kada-kanunlarynyň pese düşmeýändigini ýatdan çykarmalyň. Geliň, gökdäki Atamyzyň tarapyny tutup, dogry işleri edeliň.

«Öwgi gurbanlary» berip arassa sežde edýäris

20. Hyzkylyň görnüşi «uly märekäni» näme üçin ruhlandyrýar?

20 Howlular. Hyzkyl ybadathananyň daşky howlusyny görende, oňa köp adamlaryň Ýehowa sežde etmäge geljegini göz öňüne getirip, guş bolup uçaýjak bolandyr. Şu günler mesihçiler Hudaýa has mukaddes ýerde sežde edýär. Ruhy ybadathananyň daşky howlusynda gulluk edýän «uly märeke» Hyzkylyň görnüşini okanda örän ruhlanýar (Ylh. 7:9, 10, 14, 15). Meselem, Hyzkyl howluda naharhanalary gördi. Ol ýerde Hudaýyň gullukçylary bilelikde parahatlyk gurbanlyklaryny iýýärdiler (Hyz. 40:17). Şeýdip, olar göçme manyda Ýehowa Hudaý bilen bir saçakdan çörek iýip, onuň bilen ýakyn dostdygyny görkezýärdiler. Şu günler biz ýehudylar ýaly, Musanyň kanunyna eýerip, Hudaýa mal gurbanlygyny bermesek-de, «öwgi gurbanlaryny» berýäris. Biz dogan-uýalar bilen Hudaýa arassa sežde edip, ýygnaklarda ruhlandyryjy jogaplary berýäris, adamlara wagyz edýäris (Ýew. 13:15). Şeýle-de biz Ýehowanyň berýän ruhy iýmitinden peýdalanýarys. Biz Karunyň ogullary ýaly, Ýehowany wasp edip: «Seniň howlularyňda geçiren bir günüm, başga ýerde geçiren müň günümden gowudyr» diýýäris (Zeb. 84:10).

21. Hyzkylyň görnüşinden saýlananlar näme öwrenip biler?

21 Ruhanylar. Ruhanylar bilen lewiler içki howla girýärdi, ruhany bolmadyk adamlar bolsa diňe daşky howla girýärdi. Hyzkyl howlulara girilýän derwezeleriň meňzeşdigini görýär. Şeýdip, Ýehowa arassa sežde babatdaky kada-kanunlaryna ruhanylaryň hem eýermelidigini ýatladýardy. Mundan biz näme öwrenýäris? Şu günler Hudaýyň halkynyň arasynda ruhanylaryň nesilleri ýok. Emma gökde ýaşamaga umyt edýänlere «saýlanan millet, ruhanylaryň patyşalygy» diýilýär (1 Pet. 2:9). Geçmişde ruhanylar aýratyn howluda hyzmat etseler-de, şu günler saýlanan mesihçiler Hudaýyň halkyndan aýratyn gulluk etmeýärler. Ýöne Ýehowanyň ogullary hökmünde olaryň Hudaý bilen aýratyn dostlugy bar (Gal. 4:4—6). Olar hem Hyzkylyň görnüşinden wajyp zatlary öwrenýärler. Meselem, olar ruhanylara-da maslahat we düzediş berlendigini unutmaýarlar. Mesihçileriň ählisi «bir çopanyň» «bir sürüsidigini» ýatda saklamaly (Ýahýa 10:16-ny okaň).

22, 23. a) Ýaşulular görnüşde aýdylýan baştutanyň göreldesine nädip eýerip biler? b) Gelejekde näme bolmagy mümkin?

22 Baştutan. Hyzkylyň görnüşinde baştutana aýratyn üns berilýär. Ol ruhanylardan däldi, ýöne ybadathana baranda ruhanylara gulak asmalydy. Ol halkyň arasynda gözegçi bolup hyzmat edýärdi we gurbanlyklary bermäge kömek edýärdi (Hyz. 44:2, 3; 45:16, 17; 46:2). Şu günler ýygnakdaky jogapkärli doganlar baştutanyň göreldesine eýerip bilýärler. Nädip? Ýaşulular, etrap gözegçileri wepaly hyzmatkäre hemişe gulak asmaly (Ýew. 13:17). Olar Hudaýyň halkyna ýygnakda we wagyzda öwgi gurbanlaryny bermäge kömek edýärler (Efes. 4:11, 12). Şeýle-de ýaşulular ysraýyl baştutanlarynyň ygtyýaryny nädogry ulanandygy üçin Ýehowadan käýinç alandygyny unutmaly däl (Hyz. 45:9). Olar Ýehowanyň gerek wagty maslahat we düzediş berjekdigini bilýärler. Ýaşulular Ýehowadan tälim alýandygyna begenýärler, sebäbi şeýdip gowy çopan we gözegçi boljakdygyna düşünýärler (1 Petrus 5:1—3-nji aýatlary okaň).

23 Ýehowa ýer ýüzündäki Jennetde başarjaň hem mähirli gözegçileri bellär. Ýaşulular häzirden kömegini gaýgyrmaýan we gowy çopan bolmagy öwrenýärler (Zeb. 45:16). Olaryň täze dünýäde biziň üçin uly bereket boljakdygy göwnümizi göterýär. Ýehowa wagty gelende Hyzkylyň görnüşine-de, dikeldiş hakdaky beýleki pygamberliklere-de aýdyň düşünmäge kömek eder. Biz olaryň käbir aýratynlyklarynyň nähili ýerine ýetjegini göz öňüne-de getirip bilýän däldiris. Muny wagty gelende göreris.

Beýik derwezelerden we howlulardan arassa sežde babatda näme öwrenýäris? (18—21-nji abzaslara serediň)

Ýehowa arassa sežde edýänleri ýalkaýar

24, 25. Hyzkylyň görnüşinde Ýehowanyň halkyna bereket berýändigi nädip görkezilýär?

24 Geliň, soňunda Hyzkylyň görnüşindäki wajyp waka hakda gürrüň edeliň. Ýehowa görnüşde ybadathana gelýär we arassa sežde bilen bagly kada-kanunlara gyşarnyksyz eýerseler, halkynyň arasynda boljakdygyny wada berýär (Hyz. 43:4—9). Ýehowanyň gelmegi halkyna we ýurduna nähili peýda berdi?

25 Görnüşdäki iki pygamberlikden Hudaýyň bereketleri berýändigini bilse bolýar. Birinjiden, ybadathanadan çeşme akyp gaýdyp, ýaşaýyş berýär we ýurdy bol hasylly edýär. Ikinjiden, ýurt tertipli we deň bölünip, ybadathana bilen meýdançasy onuň merkezinde ýerleşýär. Aslynda, biz Ýehowanyň beýik ruhy ybadathana gelip, ony arassalan we mukaddes seždäni ýalkan döwründe ýaşaýarys (Mel. 3:1—4). Onda şol iki pygamberlige nähili düşünmeli? Olar hakda 19—21-nji baplarda bileris.

a Ýehowa: «Olar buthanalaryny ybadathanamyň ýanynda, gapylarynyň söýelerini söýelerimiň ýanynda gurdular (aramyzy ýekeje diwar bölýärdi), ýigrenji işleri bilen mukaddes adyma ysnat getirdiler» diýdi. Şeýdip, halkynyň mukaddes öýünde erbet işleri edendigini görkezjek boldy (Hyz. 43:8). Gadymy Iýerusalimde ybadathana bilen ysraýyllaryň öýleriniň arasyny ýekeje diwar bölýärdi. Halk Ýehowanyň adyl kada-kanunlaryndan ýüz öwrüp, hapa zatlary, butlary Hudaýyň öýüne diräp goýýardy. Olaryň eden işleri masgaraçylykdy!

b Hyzkylyň ybadathana baradaky görnüşi soňky günlerde ýerine ýetýän dikeldiş hakdaky beýleki pygamberlikler bilen hem baglanyşykly. Meselem, Hyzkyl 43:1—9 bilen Melek 3:1—5-nji aýatlardaky, Hyzkyl 47:1—12 bilen Ýowel 3:18-däki meňzeşliklere üns beriň.

c Ruhy ybadathana b. e. 29-njy ýylynda Isa suwa çümdürilende we baş ruhany hökmünde borjuny ýerine ýetirip başlanda döredildi. Emma resullar aradan çykansoň, ençeme asyrlap Hudaýa arassa sežde edilmedi. 1919-njy ýylda bolsa arassa sežde ýene-de beýgeldildi.