Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

16-NJY BAP

«Adamlaryň maňlaýyna bellik goý»

«Adamlaryň maňlaýyna bellik goý»

HYZKYL 9:4

TEMA: Hyzkylyň döwründe adamlaryň halas bolmak üçin alan belligi we biziň alýan belligimiz

1—3. a) Hyzkyl näme üçin ör gökden gelýär we ol nähili habary eşidip begenendir? b) Biz haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

 HYZKYL ör-gökden gelýär. Ol görnüşde dönük ýehudylaryň ybadathanada nejis işleri edýändigini görýär a. Pitneçi ysraýyllar arassa seždäniň mekanyny haram etdiler. Emma nejis işler diňe bir ybadathanada edilmeýärdi. Tutuş Ýahuda ýurdy zalymlykdan dolupdy, adamlar soňky derejä ýetipdi. Ýehowa saýlan halkynyň özüni äsgermeýändigi üçin Hyzkyla: «Men gahar atyma atlanaryn» diýdi (Hyz. 8:17, 18).

2 Hyzkyl pygamber Ýehowanyň Iýerusalimi we birwagtky mukaddes ybadathanasyny gahar-gazap bilen ýok etjekdigini eşidip gynanandyr. Hyzkyl: «Şäherdäki wepaly adamlara näme bolar? Olaram ýok edilermi? Hudaý olary halas etmezmi?» diýip pikir edendir. Eger şeýle bolsa, soraglaryna derrew jogap alandyr. Ol Iýerusalime çykarylan höküm hakda eşidensoň: «Şähere jeza berjek adamlary ýygnaň!» diýen batly sesi hem eşidýär (Hyz. 9:1). Pygamber Iýerusalim ýok edilse-de, Hudaýa wepaly adamlaryň halas boljakdygyny bilýär. Ol muňa örän begenendir!

3 Zalym dünýäniň soňy golaýladygyça, bizem uly betbagtçylykda kimler halas bolarka diýip pikir edýändiris. Geliň, şu soraglaryň jogabyny bileliň: Hyzkyl görnüşde soňra näme gördi? Gören zatlary onuň günlerinde nädip ýerine ýetdi? Olar biziň günlerimizde nädip ýerine ýetýär?

«Jeza berjek adamlary ýygnaň»

4. Hyzkyl görnüşde soňra näme görýär?

4 Hyzkyl görnüşde soňra näme görýär? (Hyzkyl 9:1—11-nji aýatlary okaň). Pygamber «demirgazyga bakýan ýokarky derwezeden» ýedi adamyň gelýändigini görýär. Belki-de, şol ýerde adamlar Hudaýyň gaharyny getirýän buta sežde edendir ýa-da aýallar Tammuz taňrysy üçin dady-perýat edendir (Hyz. 8:3, 14). Şol ýedi adam içki howla girip, misden ýasalan gurbanlyk ojagynyň ýanynda durýar. Ýöne olar Hudaýa gurbanlyk bermäge gelmändiler. Indi ybadathanada berilýän gurbanlyklary Ýehowa kabul etmeýärdi. Olaryň altysynyň «elinde ýaragy bardy». Ýöne ýedinji adam beýlekilerden tapawutlanýardy. Ol zygyr köýneklidi, elinde ýaragy ýokdy, ýöne «biline kätibiň syýa gaby gysdyrylandy».

5, 6. Bellik nähili adamlara goýulýardy? (Babyň başyndaky surata serediň).

5 Syýa gaply adam näme etmelidi? Ýehowa oňa wajyp ýumuş tabşyrýar: «Iýerusalim şäheriniň içinden geç, şäherde edilýän ýigrenji işleri görüp, ahy-nala çekýän adamlaryň maňlaýyna bellik goý». Belki-de, bu tabşyryk Hyzkyla ysraýyllaryň birwagtlar Hudaýa gulak asyp, gapysynyň ýokarsyna we ikiýan söýesine bellik hökmünde gan çalanyny ýatladandyr. Şeýdip, olar nowbahar ogullarynyň janyny halas edipdiler (2 Mus. 12:7, 22, 23). Hyzkylyň görnüşinde-de syýa gaply adam bellik goýmalydy. Ol hem Iýerusalim weýran edilende halas boljak adamlara bellik goýupdymy?

6 Munuň jogabyny bilmek üçin belligiň näme sebäpden goýulýandygyna düşünmeli. Bellik «şäherde edilýän ýigrenji işleri görüp, ahy-nala çekýän adamlaryň maňlaýyna» goýulýardy. Olar diňe bir ybadathanada butparazlygyň edilýändigine ahy-nala çekmän, tutuş şäheriň zalymlykdan, ahlaksyzlykdan we hilegärlikden doludygyna ýürekden gynanýardylar (Hyz. 22:9—12). Ýöne olar dymyp ýörmän, ýurtda edilýän işleri ýigrenýändigini aýdýardylar we arassa seždäniň tarapyny tutýardylar. Şol sebäpli rehimdar Hudaý Ýehowa hem olary halas etdi.

7, 8. Eli ýaragly adamlar ýumşuny nädip ýerine ýetirdi we görnüşiň ahyrynda näme boldy?

7 Eli ýaragly alty adama nähili ýumuş tabşyryldy? Hyzkyl Ýehowanyň olara syýa gaply adamyň yzy bilen gidip, maňlaýyna bellik goýulmadyklaryň baryny gyrmagy tabşyrandygyny eşidýär. Ýehowa «mukaddes mekanyndan başlamagy» buýurýar (Hyz. 9:6). Olar aýdylyşy ýaly, Iýerusalimiň merkezindäki, Ýehowanyň ýüz öwren ybadathanasyndaky adamlary gyryp başlaýarlar. Olar ilki bilen ybadathanada ýalan taňrylar üçin tütetgi ýakýan «Ysraýyl öýüniň» 70 ýaşulusyny gylyçdan geçirýärler (Hyz. 8:11, 12; 9:6).

8 Görnüşiň ahyrynda näme boldy? Hyzkyl pygamber syýa gaply adamyň Ýehowa: «Emriňizi doly ýerine ýetirdim» diýip, habar berendigini görýär (Hyz. 9:11). Belki-de, siziň Iýerusalimiň ilatyna we Hudaýa wepaly galan adamlara näme bolandygyny bilesiňiz gelýändir?!

Hyzkylyň gören zatlary nädip ýerine ýetdi?

9, 10. Iýerusalim weýran edilende kimler halas boldy we näme üçin?

9 2 Taryh 36:17—20-nji aýatlary okaň. Hyzkylyň pygamberligi b. e. öň 607-nji ýylda wawilonlylar Iýerusalimi we ybadathanany derbi-dagyn edende ýerine ýetdi. Ýehowa «elindäki altyn käsesinden» gahar-gazabyny dökdi — wawilonlylar arkaly Iýerusalimi weýran etdi (Ýer. 51:7). Şonda adamlaryň bary gyryldymy? Ýok. Hyzkylyň pygamberliginde käbir adamlaryň wawilonlylaryň elinden aman galjakdygy aýdylýar (1 Mus. 18:22—33; 2 Pet. 2:9).

10 Rehaplar, efiopiýaly Abdymälik, Ýermeýa pygamber we kätibi Baruk ýaly Hudaýa wepaly galan ençeme adamlar halas boldy (Ýer. 35:1—19; 39:15—18; 45:1—5). Hyzkylyň görnüşinden bilşimiz ýaly, olar Iýerusalimde «edilýän ýigrenji işleri görüp, ahy-nala çeken» bolmaly (Hyz. 9:4). Olar şäher weýran edilmänkä-de zalymlygy ýigrenip, Hudaýa arassa sežde edýärdiler. Şonuň üçinem halas boldular.

11. Görnüşdäki eli ýaragly alty adam bilen syýa gaply adam kimi aňladýar?

11 Hudaýa wepaly adamlaryň maňlaýyna göni manyda bellik goýuldymy? Mukaddes Kitapda Hyzkylyň ýa-da başga bir pygamberiň Iýerusalime gidip, adamlaryň maňlaýyna bellik goýup çykandygy aýdylmaýar. Hyzkyl görnüşde adamlaryň görüp bilmeýän işlerini gören bolmaly. Görnüşdäki syýa gaply adam bilen eli ýaragly alty adam wepaly perişdeleri aňladýardy. Olar hemişe Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýär (Zeb. 103:20, 21). Ýehowa Iýerusalimiň biwepa halkyna çykaran hökümini berjaý edende perişdeleri hem ulandy. Erbet adamlar bilen ýok bolmaz ýaly, olar maňlaýyna bellik goýlan adamlary halas etdiler.

Hyzkylyň gören zatlary şu günler nädip ýerine ýetýär?

12, 13. a) Geçmişde Ýehowa näme üçin gahar-gazabyny inderdi we tizden näme üçin şeýle eder? b) Hristian dünýäsi biwepa Iýerusalime meňzedilýärmi? Düşündiriň. («Hristian dünýäsi Iýerusalime meňzedilýärmi?» diýen çarçuwa serediň).

12 Tizden biz Hudaýyň ýene bir höküminiň berjaý bolşuny göreris. «Ol dünýä döräli bäri şu güne çenli ne bolandyr, ne-de bolar» (Mat. 24:21). Ýöne şeýle soraglar ýüze çykýar: uly betbagtçylykda aman galjak adamlar bolarmy? Ýehowa arassa sežde edýän adamlar halas bolmak üçin bellik alarmy? Hyzkylyň syýa gaply adam baradaky pygamberligi şu günlerem ýerine ýetýärmi? Şu üç soraga «hawa» diýip jogap berip bileris. Näme üçin? Geliň, ýene-de Hyzkyl pygamberiň görnüşi hakda gürrüň edeliň.

13 Ýehowanyň Iýerusalime näme üçin gahar-gazabyny inderendigi ýadyňyzdamy? Geliň, ýene-de Hyzkylyň ýazanlary hakda gürrüň edeliň (Hyzkyl 9:8, 9-njy aýatlary okaň). Hyzkyl pygamber şäher weýran edilende «Ysraýylyň aman galanlarynyň ählisi» ýok ediler öýdýär. Şonda Ýehowa oňa dört sebäbe görä höküm çykarandygyny aýdýar. Birinjiden, halkyň «günäsi juda, juda agyrdy» b. Ikinjiden, Ýahuda ýurdunda «gan suw deý akýardy». Üçünjiden, Ýahudanyň paýtagty Iýerusalimde «hilegärlik gülläp ösýärdi». Dördünjiden, halk «Ýehowa bizi görmeýär» diýip, etjegini edip ýördi. Häzirem ýer ýüzi ahlak taýdan bozuk, zalym, azgyn we hudaýsyz adamlardan doly. Hyzkylyň döwründäki ýaly, Ýehowanyň häzirem erbetlik edýänlere gahary gelýär, sebäbi ol üýtgemeýän Hudaý (Ýak. 1:17; Mel. 3:6). Tizden eli ýaragly alty adam bilen syýa gaply adam Hudaýyň tabşyran işine başlar.

Tizden eli ýaragly alty adam işe başlar (12, 13-nji abzaslara serediň)

14, 15. Ýehowanyň betbagtçylyk indermänkä duýdurýandygyny nireden bilýäris?

14 Hyzkylyň pygamberligi şu günler nädip ýerine ýetýär? Eger onuň geçmişde nädip ýerine ýetendigini bilsek, şu günler we gelejekde nämeleriň boljakdygyna düşüneris. Geliň, Hyzkylyň pygamberligindäki käbir zatlar hakda gürrüň edeliň.

15 Ýehowa betbagtçylyk indermänkä adamlara duýduryş berýär. 11-nji bapdan bilşimiz ýaly, Ýehowa Hyzkyly «Ysraýyl öýüne garawul edip belläpdi» (Hyz. 3:17—19). Ol b. e. öň 613-nji ýylda halkyň başyna bela injekdigini duýduryp başlaýar. Işaýa, Ýermeýa we beýleki pygamberler hem Iýerusalimiň weýran ediljegini aýdypdylar (Işa. 39:6, 7; Ýer. 25:8, 9, 11). Şu günler Ýehowa Mesih arkaly saýlananlaryň kiçi toparyna ýumuş tabşyrdy. Olar diňe bir öýdäki hyzmatkärlere, ýagny Hudaýa arassa sežde edýän adamlara ruhy iýmit paýlaman, uly betbagtçylygyň hem ýetip gelýändigini duýdurýarlar (Mat. 24:45).

16. Ýehowanyň Şaýatlary halas boljak adamlara bellik goýýarmy? Düşündiriň.

16 Ýehowanyň halky halas boljak adamlara bellik goýmaýar. Hudaý Hyzkyl pygamberi adamlara bellik goýmak üçin Iýerusalime ibermändi. Ol häzirki gullukçylaryna-da halas bolmaga mynasyp adamlara bellik goýmagy tabşyrmaýar. Ýöne biz Mesihiň öýdäki hyzmatkärleri hökmünde wagyz edýäris. Biz Hudaýyň tabşyran işine çynlakaý garaýarys. Şonuň üçin Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary yhlasly wagyz edip, adamlara zalym dünýäniň soňunyň golaýlap gelýändigini duýdurýarys (Mat. 24:14; 28:18—20). Şeýdip, akýürekli adamlara Hudaýa arassa sežde etmäge kömek edýäris (1 Tim. 4:16).

17. Gelejekde halas bolar ýaly adamlar näme etmeli?

17 Uly betbagtçylykda halas bolmak üçin Hudaýa iman edýändigiňi subut etmeli. Bilşimiz ýaly, b. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalim weýran edilende käbir adamlar halas bolupdy, sebäbi olar şondan öňem erbetligi ýigrenýärdiler we Hudaýa arassa sežde edýärdiler. Şu günlerem adamlar uly betbagtçylyk gelmänkä, «ahy-nala çekmeli», dünýädäki adalatsyzlyga ýürekden gynanmaly. Şeýle-de olar arassa seždäniň tarapyny tutmaly. Nädip? Olar hoş habary diňlemeli, Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmeli, özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmeli we Mesihiň doganlaryny goldamaly (Hyz. 9:4; Mat. 25:34—40; Efes. 4:22—24; 1 Pet. 3:21). Şeýle ädimleri äden adam arassa seždäniň tarapyny tutýar we uly betbagtçylykda halas bolup bilýär.

18. a) Isa wepaly adamlara haçan we nädip bellik goýar? b) Wepaly galan saýlananlar bellik alarmy? Düşündiriň.

18 Wepaly adamlara Isa Mesih bellik goýar. Hyzkyl pygamberiň döwründe Hudaýa wepaly galan adamlara perişdeler bellik goýupdy. Gelejekde Isa Mesih milletleriň Kazysy hökmünde «uly ygtyýar bilen gelip», syýa gaply adamyň işini eder (Mat. 25:31—33). Ýöne şondan öň ýalan din ýok edilip, uly betbagtçylyk başlar, soňra Isa Mesih geler c. Armageddon başlamazdan öň, Isa çopan kimin geçileri goýunlardan saýlap, höküm çykarar. Şonda «uly märekä», ýagny goýunlara «ebedi ýaşaýşa gowşar» ýaly bellik goýar (Ylh. 7:9—14; Mat. 25:34—40, 46). Wepaly galan saýlananlara näme bolar? Olara Armageddonda halas bolmak üçin bellik almak gerek däl, sebäbi olara ýa aradan çykmanka, ýa-da uly betbagtçylykdan öň soňky möhür basylar. Diýmek, saýlananlar Armageddon başlamanka göge alnar (Ylh. 7:1—3).

19. Isa kimler bilen zalym dünýäni ýok eder? («Adamlar haçan we nädip ahy-nala çekýär, bellik alýar, ýok edilýär?» diýen çarçuwa serediň).

19 Patyşa Isa Mesih goşuny bilen zalym dünýäni höküm eder. Hyzkylyň görnüşinde syýa gaply adam bellik goýup bolansoň, eli ýaragly alty adam Ýehowanyň hökümini berjaý edip başlady (Hyz. 9:4—7). Şonuň ýaly gelejekde Isa halas boljak adamlara bellik goýansoň, Armageddon başlar. Şonda Isa perişdelerden we 144 000 saýlananlardan ybarat gökdäki goşuny bilen Şeýtanyň zalym dünýäsini bütinleý ýok eder. Ýehowa arassa sežde edýän adamlara bolsa täze dünýäni berer (Ylh. 16:14—16; 19:11—21).

20. Syýa gaply adam baradaky görnüş näme üçin imanymyzy berkidýär?

20 Ýehowanyň syýa gaply adam baradaky görnüşi arkaly imanymyzy berkidýändigine örän minnetdar! Biz Ýehowanyň dogruçyl adamlary erbetler bilen ýok etmejekdigine doly ynanýarys (Zeb. 97:10). Şeýle-de biz gelejekde halas bolar ýaly, bellik almak üçin näme etmelidigini öwrenýäris. Ýehowanyň gullukçylary elinde baryny edip, Şeýtanyň zalym dünýäsinde ahy-nala çekýän adamlara hoş habary wagyz edýärler we ahyrzamanyň golaýlaýandygyny duýdurýarlar. Hawa, Ýehowa bize hormatly işi ynandy. Geliň, «ebedi ýaşamak isleýän ähli adamlara» Hudaýa arassa sežde etmäge kömek edeliň. Şonda olar halas bolup, Hudaýyň adalatly täze dünýäsinde ýaşarlar (Res. 13:48).

a Ybadathanada edilen ýigrenji işler hakda 5-nji bapda gürrüň berilýär.

b Bir sözlükde «günä» diýip terjime edilýän ýewreý sözi «azmak» diýip düşündirilýär. Başga bir sözlüge görä, şol söz Hudaýyň dogry ýolundan bilgeşleýin sowulmagy aňladýar.

c Beýik Wawilon ýykylanda dindar adamlaryň ählisi ýok edilmez. Belki-de, şonda dini ýolbaşçylaryň käbiri hem imanyndan dänip, hiç haçan dine uýmandyklaryny aýdarlar (Zek. 13:3—6).