Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Pygamberlikleriň düşündirilişi

Pygamberlikleriň düşündirilişi

Wagtal-wagtal «Garawul diňi» žurnalynda Hyzkylyň pygamberligindäki käbir zatlar täzeçe düşündirilýär. «Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi» atly şu kitapda-da birnäçe pygamberlikler täzeçe düşündirildi. Aşakdaky soraglara jogap bermäge çalşyň.

Dört ýüzli jandarlar nämäni aňladýar?

Öňki düşündirilişi: Jandarlaryň, ýagny keruplaryň dört ýüzi Ýehowanyň esasy dört häsiýetini aňladýar.

Täze düşündirilişi: Jandarlaryň her ýüzi Ýehowanyň bir häsiýetini aňlatsa-da, olaryň dört ýüzüniň bir ýerde bolmagy Ýehowanyň ähli häsiýetlerini suratlandyrýar. Şeýle-de jandarlar Ýehowanyň beýikligini we şan-şöhratyny görkezýär.

Sebäbi: Hudaýyň Sözünde köplenç dörtlük san bir zadyň ýygnanandygyny, jemlenendigini görkezmek üçin ulanylýar. Dogrudanam, dört ýüz bilelikde diňe dört häsiýeti däl-de, has köp häsiýeti öz içine alýar. Ýehowanyň ähli häsiýetleri şol dört häsiýete esaslanýar. Şeýle-de jandarlaryň ýüzleri haýbaty, güýji we kuwwaty suratlandyrýar. Muňa garamazdan, olar Ýehowanyň tagtynyň aşagynda durýar. Bu bolsa Ýehowanyň Älemiň Hökümdarydygyny görkezýär.

Syýa gaply adam kimi aňladýar?

Öňki düşündirilişi: Syýa gaply adam saýlananlaryň galyndysyny aňladýar. Olar wagyz we şägirt taýýarlamak işi arkaly «uly märekä» degişli adamlaryň maňlaýyna göçme manyda bellik goýýarlar (Ylh. 7:9).

Täze düşündirilişi: Syýa gaply adam Isa Mesihi aňladýar. Ol «uly betbagtçylykda» dogruçyl adamlary saýlap, olara bellik goýar (Mat. 24:21).

Sebäbi: Ýehowa adamlara höküm çykarmagy Ogluna tabşyrdy (Ýah. 5:22, 23). Matta 25:31—33-nji aýatlara görä, Isa «goýunlary geçilerden saýlar».

Ahlaksyz gyzlar Ohola bilen Oholyba hristian dünýäsiniň katolik we protestant dinlerini aňladýarmy?

Öňki düşündirilişi: Gyzlaryň ulusy Ohola (Ysraýylyň paýtagty Samariýa) katolik dinlerini, kiçisi Oholyba (Ýahudanyň paýtagty Iýerusalim) protestant dinlerini aňladýar.

Täze düşündirilişi: Ahlaksyz gyzlar hristian dünýäsini aňlatmaýar. Mukaddes Kitapda şular hakda ýazylmagy wepaly adamlar Ýehowa biwepalyk edende nähili agyr degýändigini görkezýär. Ýehowa ähli ýalan dinleri ýigrenýär.

Sebäbi: Mukaddes Kitapda Ohola bilen Oholybany hristian dünýäsine meňzetmäge esas ýok. Ýehowanyň göçme manydaky aýallary Ysraýyl bilen Ýahuda öň wepalydy, ýöne hristian dünýäsi hiç wagtam Ýehowa wepaly däldi. Şeýle-de Hyzkyl 16, 23-nji baplarda Ýehowa biwepa halkyny ahlaksyz aýallara meňzedip, olaryň düzelip, ýene aýaga galjagyna umyt berýär. Emma Beýik Wawilona degişli hristian dünýäsine Ýehowa hiç hili umyt bermedi.

Hristian dünýäsi dönük Iýerusalime meňzedilýärmi?

Öňki düşündirilişi: Hudaýdan ýüz öwren Iýerusalim hristian dünýäsine meňzedilýär. Şeýlelikde, Iýerusalimiň weýran edilmegi hristian dünýäsiniň ýok ediljekdigini görkezýär.

Täze düşündirilişi: Hudaýdan ýüz öwren Iýerusalimde butparazlyk we azgynlyk edilmegi hristian dünýäsinde-de şeýle işleriň edilýändigini ýatladýar. Ýöne indi hristian dünýäsini Iýerusalime meňzetmeýäris.

Sebäbi: Mukaddes Kitapda muňa hiç hili esas ýok. Iýerusalimden tapawutlykda, hristian dünýäsi hiç haçan Hudaýa arassa sežde etmeýärdi. Şeýle-de Ýehowa Iýerusalim halkynyň günäsini geçipdi, ýöne hristian dünýäsiniň günäsi geçilmez.

Gury süňkler baradaky pygamberlik nädip ýerine ýetdi?

Öňki düşündirilişi: 1918-nji ýylda saýlananlar yzarlanyp, Beýik Wawilonyň ýesirligine düşdi. Şonda olar wagyz etmegini bes edip, göçme manyda öli ýaly boldular. 1919-njy ýylda Ýehowa Patyşalygyň wagyzçylaryny direldende, şol az wagtlyk ýesirlik tamamlandy.

Täze düşündirilişi: Hudaýyň halky 1918-nji ýyldan has öň ruhy taýdan ýesirlige düşüpdi we ol köp wagt dowam etdi. Ýesirlik II asyrda başlap, 1919-njy ýylda gutarýar. Isanyň bugdaý we haşal ot baradaky mysalynda hem şol döwür hakda aýdylýar.

Sebäbi: Ysraýyl halkynyň hem ýesirligi uzak wagtlap, ýagny b. e. öň 740—537 ýyllarda boldy. Hyzkylyň pygamberligindäki süňkleriň gus-gury bolmagy, süňkleri aňladýanlaryň köp wagtlap ruhy taýdan öli ýaly boljagyny görkezýär. Şeýle-de süňkleriň direlmegi olaryň kem-kemden aýaga galjagyny görkezýär.

Iki taýagyň birleşmegi baradaky pygamberlik näme aňladýar?

Öňki düşündirilişi: Birinji jahan urşy döwründe saýlananlaryň galyndysynyň arasynda agzalalyk döreýär. Ýöne 1919-njy ýylda olar agzybirligi dikeldýärler.

Täze düşündirilişi: Pygamberlikde Ýehowanyň halkyny agzybir etjekdigi nygtalýar. 1919-njy ýyldan soň saýlananlaryň galyndysyna ýerde ýaşamaga umyt edýän adamlar hem goşulyp başlaýar. Olar bilelikde Ýehowa agzybir sežde edýärler.

Sebäbi: Pygamberlikde bir taýagyň ikä bölünip, soňra birleşýändigi suratlandyrylmaýar. Diýmek, onda bir toparyň bölünip, soňra agzybir boljakdygy hakda aýdylmaýar. Gaýtam iki toparyň birleşip, agzybir boljakdygyny görkezýär.

Mäjit ýurdundaky Äjit kim?

Öňki düşündirilişi: Gökden ýere zyňlansoň, Şeýtana Mäjit ýurdundaky Äjit diýilýär.

Täze düşündirilişi: Mäjit ýurdundaky Äjit milletleriň üýşmegini aňladýar. Ol uly betbagtçylykda Hudaýa arassa sežde edýän adamlara hüjüm eder.

Sebäbi: Pygamberlikde Äjidiň guşlara şam bolmagy we oňa mazar gazylmagy perişde däldigini görkezýär. Şeýle-de Äjidiň hüjümi barada aýdylanlar Danyýar we Ylham kitabyndaky ynsan hökümetleriniň Hudaýyň halkyna hüjüm etjekdigi hakdaky pygamberliklere gabat gelýär (Dan. 11:40, 44, 45; Ylh. 17:14; 19:19).

Hyzkyl pygamber Pawlusyň gürrüň beren beýik ruhy ybadathanasyny gördümi?

Öňki düşündirilişi: Hyzkyl pygamberiň gören ruhy ybadathanasy hakda Pawlus resul hem gürrüň beripdi.

Täze düşündirilişi: Hyzkyl b. e. 29-njy ýylynda döredilen ruhy ybadathanany görmändi. Ol görnüşde sürgünden soň Musanyň kanunynda aýdylyşy ýaly, arassa seždäniň dikeldiljekdigini görýär. Pawlus ruhy ybadathana hakda ýazanda Beýik baş ruhany Isanyň b. e. 29—33-nji ýyllarynda eden işleri hakda aýdýar. Hyzkylyň ybadathana hakdaky görnüşinde baş ruhany hakda hiç zat aýdylmaýar we 1919-njy ýylda Hudaýyň halkynyň ruhy taýdan dikelip başlandygy pygamberlik edilýär. Şol sebäpli Hyzkylyň gören ybadathanasyndaky her bir zadyň göçme manysy bardyr öýtmeýäris. Gaýtam biz ondan Ýehowanyň arassa sežde babatdaky kada-kanunlary hakda köp zatlary öwrenýäris.

Sebäbi: Hyzkylyň gören ybadathanasy ruhy ybadathanadan düýbünden tapawutlanýar. Meselem, görnüşdäki ybadathanada köp mal gurbanlyklarynyň berilýändigi aýdylýar. Ýöne ruhy ybadathanada «bir gezekde hemişelik» gurbanlyk berildi (Ýew. 9:11, 12). Mesih gelmezinden öň, Ýehowanyň ruhy ybadathana baradaky hakykaty açmaly wagty däldi.