Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

21-NJI BAP

«Şäheriň adyna „Ýehowanyň mekany“ diýler»

«Şäheriň adyna „Ýehowanyň mekany“ diýler»

HYZKYL 48:35

TEMA: Görnüşdäki şäher bilen mukaddes mülk

1, 2. a) Ýurduň merkezinde nähili ýer goýuldy? (Kitabyň daşyndaky surata serediň). b) Görnüş sürgündäkileriň nämä ynamyny berkitdi?

 SOŇKY görnüşde Hyzkyl ýurduň merkezinde ýörite ýer goýlandygyny görýär. Şol ýer ysraýyllar üçin däl-de, Ýehowa üçin goýlan mukaddes mülkdi. Pygamber görnüşde şäherem görýär, onuň üýtgeşik ady bardy. Görnüş sürgündäkileriň bir zada ynamyny hasam berkidendir: watanyna dolanyp baransoň, Ýehowa olaryň arasynda ýaşar.

2 Hyzkyl mukaddes mülk barada jikme-jik beýan edýär. Geliň, görnüşden Ýehowanyň häzirki gullukçylarynyň näme öwrenýändigini bileliň.

Mukaddes mülk bilen şäher

3. Mukaddes mülk näçe bölege bölünendi we ol ýerde näme edilýärdi? («Mukaddes mülk» diýen çarçuwa serediň).

3 Ýurduň merkezindäki ýer demirgazykdan günorta 25 000 tirsekdi (13 km), gündogardan günbatara-da 25 000 tirsekdi. Şol inedördül ýere «mukaddes mülk» diýilýär. Ol keseligine üçe bölünendi. Birinji bölegi lewilere berlipdi, ikinji bölegi ruhanylara berlipdi. Ol ýerde ybadathana ýerleşýärdi. Olaryň ikisi «Ýehowa bagyş edilen mukaddes mülk» hasaplanýardy. Üçünji kiçi bölege «mukaddes bolmadyk ýer» diýilýärdi, onda şäher ýerleşýärdi (Hyz. 48:15, 20).

4. Mukaddes mülk baradaky görnüşden näme öwrenýäris?

4 Şu görnüşden näme öwrenýäris? Taýpalara ýer paýlamazdan öň, Ýehowa onuň bir bölegini mukaddes mülk hökmünde aýra goýmagy tabşyrdy. Şeýdip, arassa seždäni wajyp hasaplamalydygyny öwretdi (Hyz. 45:1). Elbetde, sürgündäkiler ýurduň paýlanyşyndan Ýehowa sežde etmegi ähli zatdan öňde goýmalydygyna düşünendir. Bizem Hudaýyň Sözüni öwrenmegi, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmagy we wagyz etmegi wajyp hasaplaýarys. Ýehowadan görelde alyp, arassa seždäni ähli zatdan öňde goýmak isleýäris.

«Şäher onuň ortasynda ýerleşer»

5, 6. a) Şäher kimiňkidi? b) Şäher diýlende näme göz öňüne tutulmaýar we näme üçin?

5 Hyzkyl 48:15-i okaň. Görnüşde şäher we daş-töweregindäki ýerler hakda aýdylýar (Hyz. 48:16—18). Ýehowa Hyzkyla şäher üçin berlen ýeriň «tutuş ysraýyl halkynyňky» boljakdygyny aýdýar (Hyz. 45:6, 7). Şäher bilen daş-töweregindäki ýerler «Ýehowa bagyş edilen mukaddes mülke» degişli däldi (Hyz. 48:9). Geliň, olardan näme öwrenip biljekdigimiz hakda gürrüň edeliň.

6 Şäher diýlende, ilki bilen, nämäniň göz öňüne tutulmaýandygyny bileliň. Ol ybadathananyň ýerleşýän ýeri Iýerusalim şäherini aňlatmaýar, sebäbi Hyzkylyň gören şäherinde ybadathana ýokdy. Onda ol Ysraýylyň başga şäherimi? Ýok. Sürgünden dolanyp gelenlerem, olaryň nesillerem görnüşdäki ýaly şäheri hiç wagt gurmandy. Belki, ol gökdäki şäheri aňladýandyr? Ýok. Şäher adaty, ýagny «mukaddes bolmadyk ýerde» gurlupdy. Adaty ýer sežde edilýän mukaddes ýerden tapawutlanýardy (Hyz. 42:20).

7. Hyzkyl nähili şäheri gördi we ol nämäni aňladýar? (Babyň başyndaky surata serediň).

7 Hyzkyl nähili şäheri gördi? Ýehowa ony ýurdy paýlamak hakdaky görnüşde görkezipdi (Hyz. 40:2; 45:1, 6). Mukaddes Kitapdan bilşimiz ýaly, ýurt ruhy jenneti aňladýar, şäher hem göçme manydaky şäheri aňladýar. Aslynda şäher näme? Adamlaryň belli bir tertip-düzgün boýunça jem bolup ýaşaýan ýerine şäher diýilýär. Pygamberlikdäki inedördül görnüşindäki şäher tertip-düzgüni we gowy gözegçiligi aňladýar.

8. Kimlere gözegçilik edilýär, näme üçin şeýle diýse bolýar?

8 Kimlere gözegçilik ediler? Hyzkylyň görnüşinden bilşimiz ýaly, şäher ruhy jennetde ýerleşýär. Diýmek, şu günler Hudaýyň halkynyň arasynda şeýle gözegçilik bolmaly. Şäheriň adaty ýerde bolmagy nämäni aňladýar? Ol gökden edilýän gözegçiligi däl-de, ýer ýüzünde edilýän gözegçiligi aňladýar. Şeýle gözegçilik ruhy jennetde ýaşaýanlaryň ählisine peýdalydyr.

9. a) Ýer ýüzünde kimler gözegçilik edýär? b) Isa müňýyllykda näme eder?

9 Ýer ýüzünde kimler gözegçilik edýär? Hyzkylyň görnüşinde şähere ýolbaşçylyk edýän adama «baştutan» diýilýär (Hyz. 45:7). Ol halka gözegçilik edýärdi, ýöne ruhany ýa-da lewi däldi. Şol baştutan ýygnakdaky gözegçi doganlary ýatladýar. Olaryň köpüsi saýlanan mesihçi däl. Şol aladaçyl çopanlar başga goýunlaryň arasyndan bellenýär. Olar kiçigöwünli, şol sebäpli Mesihiň gökdäki hökümetine tabyn bolýar (Ýah. 10:16). Isa müňýyllyk hökümdarlygynda «dünýäniň ähli künjeginde» ukyply ýaşululary, ýagny «hanlary» bellär (Zeb. 45:16). Olar gökdäki Patyşalyga tabyn bolup, müň ýylyň dowamynda Hudaýyň halkynyň aladasyny eder.

«Ýehowanyň mekany»

10. Şäheriň ady näme we ol nämä ynandyrýar?

10 Hyzkyl 48:35-i okaň. Şähere «Ýehowanyň mekany» diýilýär. Onuň ady şäherde Ýehowanyň mesgen tutýandygyna ynandyrýar. Ýurduň merkezinde ýerleşýän şäheri görkezmek bilen, Ýehowa sürgündäkilere: «Men ýene-de siziň araňyzda bolaryn» diýýärdi. Şonda sürgündäkileriň başy göge ýetendir!

11. Hyzkylyň görnüşindäki şäherden we adyndan näme öwrenýäris?

11 Hyzkylyň şu pygamberliginden näme öwrenýäris? Şäheriň ady Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň arasyndadygyna we gelejekde-de boljakdygyna ynandyrýar. Şeýle-de onuň adyndan wajyp zady öwrenýäris: Ýehowa şäheri adamlara agalyk etdirmek üçin däl-de, öz niýetini amala aşyrmak üçin döretdi. Meselem, Ýehowa ýurdy gözegçilere paýlatmady, sebäbi olaryň muny öz düşünjesine görä etjegini bilýärdi. Şonuň üçin Ýehowanyň özi gullukçylarynyň her birine, şol sanda «garyplara-da» ruhy jennetden orun berýär. Hudaý gözegçileriňem olara hormat goýmagyny isleýär (Nak. 19:17; Hyz. 46:18; 48:29).

12. a) Şäheriň nähili üýtgeşik tarapy bar we ondan näme öwrenýäris? b) Görnüş ýygnakdaky gözegçilere haýsy wajyp zady ýatladýar?

12 «Ýehowanyň mekany» atly şäheriň ýene bir üýtgeşik tarapy hakda gürrüň edeliň. Gadymy döwürde şäheriň birki sany derwezesi bolýardy, ýöne görnüşdäki şäheriň 12 sany derwezesi bardy (Hyz. 48:30—34). Şäheriň her tarapynda üçüsi ýerleşýärdi. Diýmek, Hudaýyň halky islendik wagt şäheriň gözegçilerine ýüz tutup bilýärdi. Şeýle-de şäheriň 12 derwezesi «tutuş ysraýyl halkynyň» oňa gelip bilýändigini görkezýärdi (Hyz. 45:6). Şähere her tarapdan baryp bolýandygy ýygnakdaky gözegçilere wajyp zady ýatladýar. Dogan-uýalar ýanyna çekinmän barar ýaly, olar mähirli gepleşmeli. Ýehowa olaryň kömek etmäge taýyn bolmagyny isleýär.

Dogan-uýalar çekinmän barar ýaly, gözegçiler mähirli gepleşmeli we kömek etmäge taýyn bolmaly (12-nji abzasa serediň)

Hudaýyň halky «sežde etmäge» we «şähere işlemäge» gelýär

13. Ýehowa kimler hakda aýdýar?

13 Geliň, ýene Hyzkylyň döwri hakda gürrüň edeliň. Ol ýurduň paýlanmagy baradaky görnüşinde ýene nämeler hakda ýazdy? Ýehowa dürli ýumşy ýerine ýetirýän adamlary agzaýar. Ybadathanada «hyzmat edýän» ruhanylar Ýehowanyň huzurynda gulluk edip, oňa gurbanlyklary berýärdiler. Lewiler bolsa «ybadathanadaky borçlaryny berjaý edip, ähli işleri ýola goýýarlar» (Hyz. 44:14—16; 45:4, 5). Ýehowa şähere işlemäge gelenleri hem agzaýar. Olar kimler?

14. Şähere işlemäge gelýänleriň berýän goldawy bize nämäni ýatladýar?

14 Şähere «Ysraýylyň ähli taýpalaryndan» işlemäge gelýärdiler. Olar «şäherde işleýänlere iýmit bolar» ýaly ekin ekýärdiler (Hyz. 48:18, 19). Şähere işlemäge gelýänleriň berýän goldawy bize nämäni ýatladýar? Şu günlerem ruhy jennetde ýaşaýanlaryň ählisi Mesihiň saýlanan doganlaryny goldap bilýär. Şeýle-de Ýehowanyň uly märekäniň arasyndan saýlan ýolbaşçy doganlary bilen işleşip bilýär (Ylh. 7:9, 10). Biz, esasanam, wepaly hyzmatkäriň görkezmesine höwes bilen eýerip şeýle goldawy berýäris.

15, 16. a) Hyzkylyň görnüşinden näme sapak edinip bilýäris? b) Görnüşdäki işçiler ýaly haýsy işleri edip bilýäris?

15 Hyzkylyň görnüşinden gullugymyz bilen bagly wajyp sapak edinýäris. Ýehowa 12 taýpanyň iki ýerde gulluk edýändigi barada aýdýar. Olar lewilerden bolmasa-da, ybadathananyň howlusynda gulluk edýärdiler we şäheriň öri meýdanlarynda işleýärdiler. Ybadathanada Ýehowa «sežde edip», gurbanlyk berýärdiler (Hyz. 46:9, 24). Öri meýdanlarda bolsa şähere kömek etmek üçin ekin ekýärdiler. Olardan näme öwrenýäris?

16 Hyzkylyň görnüşinde agzalýan 12 taýpanyň edýän işlerini şu günler uly märeke-de edýär. Olar Ýehowanyň «ybadathanasynda» sežde edip, öwgi gurbanlaryny berýärler (Ylh. 7:9—15). Olar wagyz edýärler, ýygnak duşuşyklarynda Ýehowany şöhratlandyrýarlar. Olar muny ähli zatdan wajyp hasaplaýarlar (1 Tar. 16:29). Şeýle-de dogan-uýalar Hudaýyň guramasyny goldamak üçin köp işleri edýärler. Meselem, Ýygnak jaýlarynyň we filiallaryň abatlaýyş, gurluşyk işlerine gatnaşýarlar. Guramanyň islendik işini höwes bilen goldaýarlar. Käbir dogan-uýalar bolsa guramanyň işleri üçin pul sadakalaryny berýärler. Şeýdip, olaryň ählisi görnüşdäki işçiler ýaly ekin ekip, «Hudaýy şöhratlandyrýarlar» (1 Kor. 10:31). Olar yhlas bilen zähmet çekip şatlanýarlar, sebäbi Ýehowanyň «şeýle sadakalary halaýandygyny» bilýärler (Ýew. 13:16). Sizem şeýle işlere gatnaşýarsyňyzmy?

Hyzkylyň şäher baradaky görnüşinden biz näme öwrenip bileris? (14—16-njy abzaslara serediň)

«Täze göklere we täze ýere garaşýarys»

17. a) Gelejekde Hyzkylyň görnüşi nädip uly möçberde ýerine ýeter? b) Müňýyllykda şähere meňzedilýän gözegçiler näme eder?

17 Gelejekde biz Hyzkylyň mukaddes mülk baradaky görnüşiniň uly möçberde ýerine ýetjegini göreris. Ýadyňyzda bolsa, Hyzkyl «mukaddes mülküň» ýurduň merkezinde ýerleşýändigini görüpdi (Hyz. 48:10). Şonuň ýaly, Armageddondan soň nirede ýaşasak-da, Ýehowa biziň bilen bolar (Ylh. 21:3). Şeýle-de biz görnüşden şäheriň Hudaýyň halkynyň aladasyny etjek gözegçileri aňladýandygyny bilipdik. Olar müň ýylyň dowamynda bütin dünýädäki adamlara mähir bilen görkezme bererler. Olar «täze ýere», ýagny Jennetdäki adamlara ýolbaşçylyk ederler (2 Pet. 3:13).

18. a) Biz gözegçiler barada nämä ynamly bolup bilýäris? b) Şäheriň ady bizi nämä ynandyrýar?

18 Biz şähere meňzedilýän gözegçileriň Hudaýyň hökümdarlygyna tabyn bolup, ýolbaşçylyk etjekdigini bilýäris. Sebäbi ýerdäki 12 derwezeli şäher gökdäki 12 derwezeli şähere, ýagny Täze Iýerusalime meňzeýär. Hudaýyň Sözüne görä, Täze Iýerusalim Mesih bilen höküm sürjek 144 000 saýlananlary aňladýar (Ylh. 21:2, 12, 21—27). Ýerdäki gözegçiler Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň gelýän kararlaryna tabyn bolup, olara birkemsiz eýererler. «Ýehowanyň mekany» atly şäher Jennetde Ýehowa ebedilik arassa sežde ediljekdigine ynandyrýar. Bize ajaýyp gelejek garaşýar!