Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

4A ÇARÇUWA

«Jandarlary gördüm»

«Jandarlary gördüm»

Hyzkyl köşkleriň we ybadathanalaryň derwezesinde äpet heýkelleri görendir. Olar ynsan kellesi bolan ganatly öküzleriň we ýolbarslaryň heýkelidi. Gadymy Assiriýa we Wawilon şeýle heýkellerden doludy. Hyzkyl hem beýleki adamlar ýaly, güýçli jandarlaryň heýkelini haýran galyp synlandyr. Olaryň käbiriniň boýy alty metre golaýdy. Jandarlar haýbatly görünse-de, jansyzdy, daşdan ýasalandy.

Emma Hyzkylyň görnüşde gören dört jandary hakykydy. Olar heýkellerden ýer bilen gök ýaly tapawutlanýardy. Jandarlar Hyzkyla şeýle güýçli täsir edýär welin, ol pygamberligiň başynda «jandarlar» sözüni 16 gezek agzaýar (Hyz. 1:5—22). Görnüşde şol dört jandaryň Hudaýyň tagtynyň aşagynda deň hereket etmegi Hyzkyly hasam haýran galdyrandyr. Ol ähli ýaradylan zatlaryň Ýehowanyň elindedigine düşünendir. Bizem şol görnüşi okap, Ýehowanyň güýjüne, beýikligine we hökümdarlygynyň şan-şöhratyna haýran galýarys (1 Tar. 29:11).