Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

10Ç ÇARÇUWA

Ýehowa aýaga galdyrar

Ýehowa aýaga galdyrar

EGER Hyzkyl 37:1—14-nji aýatlardaky täsin görnüş hakda oýlansak, imanymyz berkär. Görnüşden näme öwrenip bileris?

Käte gaýgy-aladalardan we kynçylyklardan halys ýadap, Ýehowa gulluk etmek hem kyn bolup görünýändir. Şeýle ýagdaýda Hyzkylyň dikeldiş hakdaky görnüşini göz öňüne getirsek ruhlanarys. Näme üçin? Pygamberlikden bir zady öwrenýäris: Hudaý süňkleri direldip bilýän bolsa, onda bize-de çekip-çydardan agyr görünýän kynçylyklara döz geler ýaly güýç berer (Zebur 18:29-y okaň; Flp. 4:13).

Hyzkyldan birnäçe asyr öň ýaşan Musa pygamberiň sözlerini ýada salalyň. Ol Ýehowanyň diňe bir güýçli Hudaýdygyny däl-de, halkynyň hatyrasyna hereket etmek isleýändigini hem aýdypdy. Musa pygamber: «Hudaý gadymdan bäri penaňdyr, seni ebedi gollary bilen göterýär» diýip ýazdy (5 Mus. 33:27). Eger kynçylyklarda Hudaýa bil baglasak, Ýehowa mähir bilen elini uzadyp, ýerimizden turuzar we aýaga galdyrar (Hyz. 37:10).