Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

15A ÇARÇUWA

Ahlaksyz gyzlar

Ahlaksyz gyzlar

Hyzkyl kitabynyň 16, 23-nji baplarynda ahlaksyz aýal hakda mysal getirilýär. 23-nji bapda, esasanam, Hudaýyň biwepa halkyna berk käýinç berendigi aýdylýar. Baplarda ahlaksyzlyk edýän süýtdeş doganlar hakda gürrüň berilýär. Ulusy Samariýa, kiçisi Iýerusalim bilen deňeşdirilýär. Gyz jigisi doganynyň yzyna eýerip, ahlaksyzlyk edip başlaýar. Ol doganyndanam bäşbeter zalym hem azgyn bolýar. 23-nji bapda Ýehowa gyzlaryň ulusyny «Ohola», kiçisini «Oholyba» diýip atlandyrýar. Ohola on taýpaly Ysraýyl patyşalygynyň paýtagty Samariýany, Oholyba bolsa Ýahudanyň paýtagty Iýerusalimi aňladýar a (Hyz. 23:1—4).

Iki babyň başga-da meňzeş ýerleri bar. Meselem, gyzlar başda göçme manyda Ýehowanyň aýaly bolsa-da, soň biwepalyk edýärler. Ýöne 16-njy bapda olara umyt berilýändigi aýdylýar. Ýehowa 23-nji bapda hem: «Azgyn işleriň we ahlaksyzlygyň soňuna çykaryn» diýip, şol umyt barada agzaýar (Hyz. 16:16, 20, 21, 37, 38, 41, 42; 23:4, 11, 22, 23, 27, 37).

Olar hristian dünýäsini aňladýarmy?

Öň edebiýatlarymyzda Ohola bilen Oholyba hristian dünýäsiniň katolik we protestant dinlerini aňladýar diýip düşündirilýärdi. Emma Hudaýa doga edip, köp gözleg geçirilensoň, käbir soraglar döredi. Hristian dünýäsi göçme manyda Ýehowanyň aýaly bolupdymy? Ýehowa onuň bilen äht baglaşypdymy? Elbetde, ýok. Isa pygamber ruhy Ysraýyl bilen «täze äht» baglaşanda hristian dünýäsi heniz döremändi. Aslynda, hristian dünýäsi hiç haçan Ýehowanyň saýlan halky bolmandy (Ýer. 31:31; Luka 22:20). Ol resullar aradan çykansoň döräp başlady. IV asyrda imandan dänenler hristian dünýäsini döretdi. Şeýdip, Isanyň bugdaý we haşal otlar baradaky pygamberligi ýerine ýetip başlady (Mat. 13:24—30).

Mundan başga-da, Ýehowa biwepa Samariýa bilen Iýerusalime umyt berdi (Hyz. 16:41, 42, 53—55). Emma Mukaddes Kitapda hristian dünýäsine umyt berilýändigi aýdylmaýar. Ol Beýik Wawilon bilen ýok ediler.

Şeýlelikde, Ohola bilen Oholyba hristian dünýäsini aňlatmaýar. Biz Hyzkylyň pygamberliginden Ýehowanyň mukaddes adyny we kada-kanunlaryny äsgermeýän adamlaryň höküm ediljegini bilýäris. Hristian dünýäsi adamlary Hudaýdan daşlaşdyrýandygy üçin hasap bermeli bolar. Ol Mukaddes Kitabyň prinsiplerine eýerýändigini, hak Hudaýa uýýandygyny aýdýar, üstesine-de Ýehowanyň ogly Isa Mesihi ýolbaşçysy hasaplaýar. Emma ol ýalan sözleýär, sebäbi Isa üç ýüzli hudaý diýip öwredýär we Isanyň tabşyrygyny bozup, dünýäniň işlerine goşulýar (Ýah. 15:19). Hristian dünýäsi «ady belli ahlaksyz aýal» ýaly butparazlyk edýär, syýasy dawalara goşulýar (Ylh. 17:1). Diýmek, ol ýalan diniň dünýä imperiýasy bilen ýok ediler.

a Gyzlaryň atlarynyň manysyny bilmek örän wajyp. Ohola «onuň çadyry (sežde edýän ýeri)» diýmegi aňladýar. Ysraýyllar Iýerusalimdäki ybadathanada Ýehowa sežde etmän, öz seždegählerini gurýarlar. Oholyba «meniň çadyrym (sežde edýän ýerim) onda» diýmegi aňladýar. Ýehowa sežde edilýän ýer Iýerusalimdedi.