Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

SAPAK 11

Joşgunly gepläň

Joşgunly gepläň

Rimliler 12:11

BELLIK: Diňleýjileriň ýüregine täsir etmek we hereket etmäge höweslendirmek üçin joşgunly geplemeli.

NÄDIP ETMELI?

  • Ýüregiňizi taýýarlaň. Taýýarlananyňyzda, aýtjak zatlaryňyzyň wajypdygy hakda çuňňur oýlanyň. Ýürekden çykyş edip biler ýaly, temaňyzy gowy özleşdiriň.

  • Diňleýjiler hakda oýlanyň. Okaýan ýa-da öwredýän zatlaryňyzyň başgalara nähili peýda getirjekdigi barada pikirleniň. Aýdylýan zatlara diňleýjileriň minnetdarlygy artar ýaly, maglumaty nädip aýtjakdygyňyz hakda oýlanyň.

  • Çykyşyňyzy janlandyryň. Munuň üçin joşgunly gepläň. Ýöne çykyşyňyz ýasama bolmasyn. Duýgularyňyz ýüz-gözüňizden we hereketiňizden görünsin.