Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

4-NJI SAPAK

Hak Hudaý kim?

Hak Hudaý kim?

Adamzat döräli bäri her dürli taňrylara sežde edilýär. Ýöne Mukaddes Kitapda «ähli taňrylardan beýik» ýeke-täk hak Hudaý barada aýdylýar (2 Taryh 2:5). Ol kimkä? Oňa näme üçin ähli taňrylardan beýik diýilýär? Hak Hudaý näme üçin özi barada seniň hem bilmegiňi isleýär? Geliň, bileliň.

1. Hudaýyň ady näme we adyny bildirmek üçin näme etdi?

Mukaddes Kitapda Hudaý özi barada şeýle diýýär: «Men, Ýehowa. Bu meniň adym» (Işaýa 42:5, 8-nji aýatlary oka). Ýewreý dilinde «Ýehowa» diýen at «boldurýar» diýmegi aňladýar. Biz Hudaýyň adyny bilmeli, muny onuň özem isleýär (2 Musa 3:15). Mukaddes Kitapda Hudaýyň ady 7 000 gezekden köpräk duş gelýär a. «Ýerde-gökde ýeke-täk hak Hudaýyň» ady Ýehowa (5 Musa 4:39).

2. Mukaddes Kitapda Ýehowa barada näme diýilýär?

Adamlar köp taňrylara sežde edýärler. Ýöne Mukaddes Kitapda diňe Ýehowanyň hak Hudaýdygy aýdylýar. Munuň birnäçe sebäbi bar. Ýehowa älem-jahanda iň beýik Hökümdar, «hemmelerden Beýik Hudaý» (Zebur 83:18-i oka). Mukaddes Kitapda Ýehowa «Gudratygüýçli» hem diýilýär, sebäbi islän zadyny etmäge güýji ýetýär. Ol ýerde-gökde «ähli zady» ýaratdy (Ylham 4:8, 11). Ýehowa hemişe-de bardy, ebedilik hem bolar (Zebur 90:2).

SÖHBETDEŞLIK

Hudaýyň titullary bilen ýeke-täk adynyň tapawudyny biliň. Şeýle-de Hudaýyň öz adyny tanatmak üçin nämeler edendigini öwreniň.

3. Hudaýyň bir ady bar

Adamyň wezipesi bilen adynyň tapawudyny bilmek üçin WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Hudaýyň ýeke-täk ady adamlaryň tutýan beýleki atlaryndan nämede tapawutlanýar?

Mukaddes Kitapda adamlaryň köp taňrylara sežde edýändigi aýdylýar. Zebur 136:1—3-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • «Hudaýlaryň Hudaýy» we «Hökümdarlaryň Hökümdary» kim?

4. Ýehowa öz adyny bilmegiňi we tutmagyňy isleýär

Hudaýyň öz adyny tanatmak isleýändigini nädip bilse bolýar? WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Hudaý adyny tanatmak isleýärmikä? Näme üçin şeýle pikir edýärsiň?

Allatagala öz adynyň tutulmagyny isleýär. Rimliler 10:13-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowanyň adyny näme üçin tutmaly?

  • Biri seniň adyňy tutup ýüzlense, özüňi nähili duýýarsyň?

  • Ýehowa Hudaýyň adyny tutup ýüzlensek, Oňa ýararmy?

5. Ýehowa seniň dostuň bolmak isleýär

Kambojaly Soten atly aýal Hudaýyň adyny bilende, «özüni gaty bagtly duýandygyny» gürrüň berýär. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Soten Hudaýyň adyny bilende, özüni nähili duýdy?

Biri bilen dostlaşmak üçin, ilki, adyny bilmeli. Ýakup 4:8a-ny okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa seniň näme etmegiňi isleýär?

  • Hudaýyň adyny bilmek we tutmak dosty bolmaga nädip kömek edýär?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Hemmämizem bir Alla ynanýarys. Ýehowa diýmek hökmanmy?»

  • Hudaýyň adynyň Ýehowadygyna ynanýarmyň?

  • Hudaýyň adyny tutmagymyzy isleýändigini nädip düşündirerdiň?

GAÝTALAMAK

Hak Hudaýyň ady Ýehowa. Hudaýyň dosty bolmak üçin adyny bilmeli we tutmaly.

Jemleýji soraglar

  • Ýehowa ähli taňrylardan näme üçin beýik?

  • Näme üçin Hudaýyň adyny tutup ýüzlenmeli?

  • Ýehowa seniň bilen näme üçin dost bolmak isleýär?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Hudaýyň bardygyny bäş zat subut edýär.

«Hudaý barmy?» (Internet makala)

Hudaýyň adynyň dogry tutulyşyny anyk bilmesek-de, näme üçin adyny tutup ýüzlenmeli?

«Ýehowa kim?» (Internet makala)

Hudaýyň adyny tutmak hökmanmy? Hudaýyň diňe bir ady bar.

«Hudaýyň näçe ady bar?» (Internet makala)

a Hudaýyň adynyň manysy we käbir terjimeçileriň onuň adyny Mukaddes Kitapdan näme üçin aýyrandygy barada «Mukaddes Kitabyň» A4 goşmaça maglumatyndan biliň.