Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

5-NJI SAPAK

Mukaddes Kitap — Allanyň kitaby

Mukaddes Kitap — Allanyň kitaby

Ýehowa Mukaddes Kitaby ähli adamlar üçin ýazdyrdy. Ol 66 kitapdan ybarat. Belki, sen: «Mukaddes Kitap nädip ýazyldy? Awtory kim?» diýýänsiň. Geliň, Hudaýyň Mukaddes Kitaby nädip ýazdyrandygyny bileliň.

1. Mukaddes Kitabyň Alladan gelendigini nireden bilýäris?

Mukaddes Kitaby 40-a golaý adam takmynan 1 600 ýylyň dowamynda ýazdy. Ony b. e. öň 1513-nji ýyldan b. e. 98-nji ýylyna çenli dürli döwürde ýaşan adamlar ýazdy. Olaryň arasynda çopanlar, balykçylar, patyşalar bardy. Emma ondaky wakalar we pikirler özara baglanyşýar, sebäbi ony Hudaý ýazdyrdy (1 Selanikliler 2:13-i oka). Mukaddes Kitaby ýazan adamlar öz pikirlerini ýazmadylar. Olar «Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen pygamberlik etdiler» a (2 Petrus 1:21). Olar mukaddes ruhuň kömegi bilen, Hudaýyň pikirlerini ýazdylar (2 Timoteos 3:16).

2. Mukaddes Kitap kimler üçin ýazyldy?

Hudaý Mukaddes Kitapdaky habaryň «her millete, her taýpa, her dile we her halka» peýdalydygyny aýdýar (Ylham 14:6-ny oka). Şonuň üçin ol başga kitaplara garanyňda iň köp dile terjime edilen kitap. Şu günler hemme adamlar diýen ýaly Mukaddes Kitaby okap bilýär. Diýmek, Mukaddes Kitap dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan, dürli dilde gepleýän adamlar üçin ýazyldy.

3. Mukaddes Kitap biziň günlerimize nädip gelip ýetdi?

Başda Mukaddes Kitap gamyşdan ýasalan kagyza, malyň derisinden edilen golýazma ýazylypdyr. Emma olar tiz könelýärdi, şonuň üçin Mukaddes Kitabyň gadyryny bilýän adamlar ony üýtgetmän göçüripdirler. Käbir dini ýolbaşçylar Mukaddes Kitaby ýok etjek bolsa-da, akýürekli adamlar onuň saklanyp galmagy üçin janyndan geçmäge taýýar bolupdyrlar. Sözüni adamlara ýetirmek üçin, Ýehowa hiç kim, hiç zat päsgel berip bilmez. Mukaddes Kitapda: «Hudaýymyzyň sözi... ebedi galýar» diýilýär (Işaýa 40:8).

SÖHBETDEŞLIK

Hudaýyň Mukaddes Kitaby nädip ýazdyrandygyny, nädip gorap saklandygyny, hemme adam okap biler ýaly näme edendigini biliň.

4. Mukaddes Kitabyň awtory

WIDEONY görüň. Soňra 2 Timoteos 3:16-ny okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Mukaddes Kitaby adamlar ýazsa-da, näme üçin oňa Hudaýyň Sözi diýilýär?

  • Hudaýyň öz pikirlerini adamlara ýazdyryp bilýändigine ynanýarmyň?

Haty kätip ýazsa-da, ol başlygyň sözlerini ýazýar. Şonuň ýaly, Mukaddes Kitaby adamlar ýazsa-da, olar Hudaýyň habaryny ýazypdyrlar.

5. Mukaddes Kitap saklanyp galdy

Hudaý Mukaddes Kitaby asyrlarboýy gorap saklapdyr. Geçmişde ygtyýarly adamlar Mukaddes Kitaby ýok etjek boldular. Dini ýolbaşçylar bolsa ony adamlara okatmajak boldular. Emma güýçli garşylyklar bolsa-da, köp adamlar Mukaddes Kitabyň saklanyp galmagy üçin janyny orta atdylar. Olaryň biri barada bilmek üçin WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Köp adamlaryň Hudaýyň Sözüni goramak üçin eden işleri Mukaddes Kitaby okamaga höweslendirýärmi? Näme üçin?

Zebur 119:97-ni okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Köp adamlar näme üçin Mukaddes Kitaby terjime edip, ýaýratmak üçin janyndan geçmäge taýýardy?

6. Ähli adamlar okap bilýär

Mukaddes Kitap iň köp dile terjime edilýän we ýaýradylýan kitap. Resullar 10:34, 35-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Mukaddes Kitap näme üçin köp dile terjime edildi we ýaýradyldy?

  • Şu sapakda Mukaddes Kitap barada aýdylan zatlaryň haýsysyny haladyň?

Ýer ýüzüniň ilatynyň

100 %

diýen ýaly

Mukaddes Kitaby öz ene dilinde okap bilýär

Takmynan

3 000

dile

Mukaddes Kitabyň ähli ýa-da käbir kitaplary terjime edildi

5 000 000 000

Mukaddes Kitap çap edildi

hiç bir kitap şeýle köp çap edilmedi

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Mukaddes Kitap üýtgedilen».

  • Sen nähili pikir edýärsiň?

  • Mukaddes Kitabyň üýtgedilmändigini näme subut edýär?

ESASY PIKIRLER

Mukaddes Kitap — Hudaýyň kitaby. Hudaý ony her bir adam üçin gorap saklady we terjime etdirdi.

Gaýtalamak

  • Hudaý adamlara Mukaddes Kitaby nädip ýazdyrdy?

  • Mukaddes Kitabyň şu güne çenli saklanyp galmagy, terjime edilmegi we ýaýradylmagy näme üçin haýran galdyrýar?

  • Hudaýyň Mukaddes Kitaby saňa ýetirmek üçin köp tagalla edendigini bilmek nähili täsir edýär?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Mukaddes Kitap gadymy golýazmalardan biziň günlerimize çenli gelip ýetdi.

«Mukaddes Kitap nädip saklanyp galdy?» («Oýanyň!» noýabr, 2007)

Üç howpa garamazdan, Mukaddes Kitap biziň günlerimize gelip ýetdi.

«Bize gelip ýeten kitap» («Garawul diňi» No. 4, 2016)

Käbir adamlar Mukaddes Kitaby terjime etmek üçin janyny howp astyna saldylar.

«Olar Mukaddes Kitabyň gadyryny bilýärdiler» (14:26)

Mukaddes Kitap birnäçe gezek göçürildi we terjime edildi. Mukaddes Kitabyň üýtgedilmändigine näme üçin ynansa bolýar?

«Mukaddes Kitabyň üýtgedilen ýa-da manysynyň ýoýlan ýeri barmy?» (Internet makala)

a Mukaddes ruh — Hudaýyň güýji. Bu barada 7-nji sapakda köpräk bileris.