Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

7-NJI SAPAK

Ýehowa nähili Hudaý?

Ýehowa nähili Hudaý?

Sen Ýehowa Hudaýy nähili göz öňüne getirýärsiň? Käbir adamlar Alla beýik, güýçli, gökde bolany üçin, onuň bilen dostlaşyp bolýandyr hem öýtmeýärler. Käbirleri bolsa Hudaýy göze görünmeýän syrly güýç hasaplaýarlar. Aslynda, Ýehowa nähilikä? Mukaddes Kitapda Ýehowanyň adamlaryň aladasyny edýändigi we ajaýyp häsiýetleriniň bardygy aýdylýar.

1. Hudaýy näme üçin görüp bilmeýäris?

Mukaddes Kitapda: «Hudaý ruhdur» diýilýär (Ýahýa 4:24). Ýehowa gökde ýaşaýar, ol göze görünmeýän ruh, şonuň üçin Hudaýy görüp bilmeýäris.

2. Ýehowanyň nähili häsiýetleri bar?

Ýehowany görmesek-de, onuň häsiýetleri hakda öwrenip bilýäris. Hudaýy näçe gowy tanasak, şonça-da dosty bolasymyz geler. Zebur kitabynda: «Ýehowa adalaty söýýär, wepaly gullaryny taşlamaýar» diýilýär (Zebur 37:28). Şeýle-de Ýehowa «örän mähirli we rehimdar Hudaý», esasanam, kynçylykdan kösenýän adamlara ýüregi awaýar (Ýakup 5:11). «Ýehowa ýüregi ýaraly adama ýakyndyr, göwnüçökgünleri halas edýär» (Zebur 34:18). Biziň edýän işlerimiz Ýehowa nähili täsir edýärkä? Eger biz erbet işleri etsek, ol örän gynanýar (Zebur 78:40, 41). Gowy işleri edenimizde bolsa, ýürekden begenýär (Nakyllar 27:11-i oka).

3. Ýehowanyň bizi söýýändigini nireden bilýäris?

Söýgi — Ýehowanyň iň esasy häsiýeti. Injilde: «Hudaý söýgüdir» diýilýär (1 Ýahýa 4:8). Ýehowanyň söýgüsini diňe bir Mukaddes Kitapdan däl-de, onuň ýaradan zatlaryndan hem görüp bilýäris (Resullar 14:17-ni oka). Meselem, Hudaý bizi täsin edip ýaratdy. Biz her dürli reňkleri görüp bilýäris, aýdym-saz diňläp hezil edýäris, dürli tagamlary duýup bilýäris. Dogrudanam, Ýehowa biziň hezil edip ýaşamagymyzy isleýär.

SÖHBETDEŞLIK

Ýehowanyň edýän täsin işlerine seredeliň. Şol işlerinden ajaýyp häsiýetlerini göreliň.

4. Mukaddes ruh — Hudaýyň güýji

Adamyň köp zady eli bilen edişi ýaly, Ýehowa hem ähli zady mukaddes ruhy bilen edýär. Mukaddes Kitapda Hudaýyň mukaddes ruhunyň şahsyýet däl-de, bir işi etmek üçin ulanýan güýjüdigi aýdylýar. Luka 11:13 we Resullar 2:17-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Hudaý mukaddes ruhuny adamlara-da berip bilýär. Diýmek, mukaddes ruh näme? Näme üçin şeýle pikir edýärsiň?

Ýehowa güýji arkaly täsin işleri edýär. Zebur 104:30 we 2 Petrus 1:20, 21-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa mukaddes ruhy arkaly nähili işleri edýär?

5. Ýehowanyň üýtgeşik häsiýetleri bar

Musa pygamber hudaýhon adam bolsa-da, Biribary has gowy tanamak isledi. Şol sebäpli ol Hudaýa: «Ýollaryňy öwret. Seni has gowy tanaýyn» diýdi (2 Musa 33:13). Ýehowa-da Musa pygambere özüniň nähili Hudaýdygyny aýtdy. 2 Musa 34:4—6-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa Musa pygambere haýsy häsiýetleri barada aýtdy?

  • Sen Ýehowanyň haýsy häsiýetini gowy görýärsiň?

6. Ýehowa aladamyzy edýär

Hudaýyň halky Müsürde gul bolup ýaşaýardy. Halkynyň ejir çekýändigini görmek Ýehowa agyr degýärdi. SES ÝAZGYNY diňläp, 2 Musa 3:1—10-njy aýatlary yzarlaň. Soňra aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Görşümiz ýaly, Ýehowa ejir çekýän adamlara nähili garaýar? (7, 8-nji aýatlara serediň).

  • Ýehowa adamlara kömek etmek isleýärmi? Muňa güýji ýetýärmi? Näme üçin?

7. Tebigata seredip, Ýehowanyň häsiýetlerini öwrenýäris

Biz Älem-jahandan, haýwanlardan, tebigatdan Ýehowanyň häsiýetlerini öwrenýäris. WIDEONY görüň. Soňra Rimliler 1:20-ni okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Adamy ýaradyşyndan Ýehowanyň haýsy häsiýetlerini görýärsiň?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Hudaýy görüp bolmansoň, ony tanap bolmaýar».

  • Sen nähili pikir edýärsiň?

  • Näme üçin şeýle pikir edýärsiň?

GAÝTALAMAK

Ýehowa göze görünmese-de, onuň ajaýyp häsiýetleri bar. Hudaýyň iň esasy häsiýeti — söýgi.

Jemleýji soraglar

  • Biz Ýehowany näme üçin görüp bilmeýäris?

  • Mukaddes ruh näme?

  • Ýehowanyň nähili häsiýetleri bar?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Ýehowanyň esasy häsiýetlerinden ony gowy tanap bolýar.

«Hudaýyň nähili häsiýetleri bar?» («Garawul diňi» No. 1, 2019)

Ýehowa ýaradan zatlarynyň içinde ýaşamaýar.

«Hudaý hemme ýerde barmy?» (Internet makala)

Mukaddes Kitapda mukaddes ruh Hudaýyň eli bilen deňeşdirilýär.

«Mukaddes ruh näme?» (Internet makala)

Bir kör adam Hudaýyň adamlary söýýändigine göz ýetirdi.

«Kör bolsamam, adamlara kömek edip bilýärin» («Garawul diňi» 1 oktýabr, 2015)