Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

14-NJI SAPAK

Hudaýa nädip sežde etmeli?

Hudaýa nädip sežde etmeli?

Geçen sapakdan bilşimiz ýaly, Hudaýa ýaramaýan dinler köp. Ýöne biz dogry sežde etsek, Hudaýy begendirip bilýäris. Nädip sežde etmeli? (Ýakup 1:27). Geliň, Mukaddes Kitapdan bileliň.

1. Hudaýa sežde etmegi nireden öwrenmeli?

Muny Mukaddes Kitapdan öwrenip bolýar. Isa pygamber Hudaýyň «sözüniň hakykatdygyny» aýtdy (Ýahýa 17:17). Käbir dini ýolbaşçylar Mukaddes Kitapda ýazylan sözlere eýermeýärler. Olar Hudaý barada özleriçe öwredip, gadymdan gelýän däp-dessurlara eýerýärler. Ýöne Ýehowa Hudaý «tabşyrygyny bozýan» adamlary halamaýar (Matta 15:3-i oka). Biz Mukaddes Kitapda ýazylan kada-kanunlary öwrenip, olary berjaý etsek, Hudaýy begendirip bileris.

2. Ýehowa nädip sežde etmeli?

Biz Ýaradyjymyza bütin ýürekden wepaly bolmaly (Ylham 4:11). Diýmek, biz diňe Ýehowany söýmeli, diňe oňa sežde etmeli. Şonuň üçin doga-tumarlary ulanmaly däl, şekillere, suratlara sežde etmeli däl (Işaýa 42:8-i oka).

Ýehowa edýän seždämiz «mukaddes» bolmaly we «Hudaýa ýaramaly» (Rimliler 12:1). Munuň üçin Hudaýyň tabşyryklaryna gulak asmaly. Mysal üçin, Ýehowany söýýän adam maşgalasyny hem söýýär, ýanýoldaşyna ikilik etmeýär. Şeýle-de ol çilim, neşe çekmeýär, baglylyk döredýän dermanlary atmaýar we spirtli içgileri çendenaşa içmeýär a.

3. Ýehowa näme üçin dogan-uýalar bilen sežde etmeli?

Biz her hepde ýygnaklarda «Ýehowany wasp edip» bilýäris (Zebur 111:1, 2). Aýdym aýdyp, Hudaýy şöhratlandyrýarys (Zebur 104:33-i oka). Ýehowa ýygnaklara gatnaşmagymyzy isleýär, sebäbi ýygnaklarda häzirden bagtly ýaşamagy öwrenýäris. Şeýle-de ýygnaklarda birek-biregiň göwnüni göterip, ruhlandyrýarys.

SÖHBETDEŞLIK

Şekillere sežde etsek, Ýehowa halamaýar. Hudaýy şöhratlandyrmagy öwreneliň.

4. Doga-tumarlary, şekilleri ulanmaly däl

Sežde edenimizde şu zatlary ulansak, Hudaýy gynandyrýarys. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Geçmişde şekillere sežde eden adamlara näme boldy?

Käbir adamlar Hudaýa ýakynlaşjak bolup, şekillere sežde edýärler. Ýöne olar şeýdip Hudaýa ýakynlaşyp bilýärlermi? 2 Musa 20:4—6 we Zebur 106:35, 36-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Şu günler adamlar sežde edende nämeleri ulanýarlar?

  • Ýehowa doga-tumarlara, şekillere, suratlara sežde etmeklige nähili garaýar?

  • Şol zatlara sen nähili garaýarsyň?

5. Ýalan däp-dessurlary berjaý etmeris

Ýehowanyň isleýşi ýaly sežde etsek, ýalan däp-dessurlary berjaý etjek bolup, kösenip ýörmeris. WIDEONY görüň.

Zebur 91:14-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Diňe Ýehowa sežde etseň, ol saňa näme wada berýär?

6. Ýygnakda Hudaýa sežde edýäris

Ýygnaklarda joşup aýdym aýtsak, jogap bersek, Ýehowany şöhratlandyrarys we birek-biregi ruhlandyrarys. Zebur 22:22-ni okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýygnakda dogan-uýalaryň berýän jogaplaryny halaýarsyňmy?

  • Seniň hem jogap beresiň gelýärmi?

7. Hudaý barada gürrüň bersek, ol begenýär

Biz Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlarymyzy adamlara gürrüň berip bilýäris. Zebur 9:1 we 34:1-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Seniň näme hakda gürrüň beresiň gelýär?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Hudaýa nähili sežde etseňem bolýar, esasy zat, ýüregiň arassa bolsun».

  • Sen nähili pikir edýärsiň?

ESASY PIKIRLER

Diňe Allatagala sežde etsek, ýygnaklarda ony şöhratlandyrsak we öwrenen zatlarymyzy gürrüň bersek, Hudaýy begendireris.

Gaýtalamak

  • Hudaýa sežde etmegi nireden öwrenmeli?

  • Näme üçin diňe Ýehowa sežde etmeli?

  • Näme üçin Ýehowany begendirýän adamlar bilen sežde etmeli?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Bir aýal indi butlara sežde etmeýändigine begenýär.

«Indi butlara sežde etmeýärin» («Garawul diňi» 1 iýul, 2011)

Ýygnaklarda jogap bermäge kömek edýän maslahatlar.

«Ýygnakda Ýehowany şöhratlandyryň» («Garawul diňi» ýanwar, 2019)

Bir ýaş oglan ýygnaklara yzygider baryp ruhlanýar.

«Ýehowa aladamy etdi» (3:07)

Hristian dinine uýýan adamlar haça çokunýarlar. Biz haça çokunmalymy?

«Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin haça çokunmaýar?» (Internet makala)

a Şular hakda indiki sapaklarda aýdylýar.