Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

16-NJY SAPAK

Isa pygamber ýerde ýaşanda näme etdi?

Isa pygamber ýerde ýaşanda näme etdi?

Isa diýilse, köp adamlar pygamberi, el-aýagy agaja çüýlenen we gynalyp öldürilen adamy göz öňüne getirýär. Emma biz Isanyň ýerdäki ömri barada köp zatlary öwrenip bileris. Şu sapakda Isanyň eden işleri we olaryň peýdasy hakda gürrüň ederis.

1. Isa köplenç näme edýärdi?

Isa pygamber ýer ýüzüne «Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary» wagyz etmek üçin geldi (Luka 4:43-i oka). Ol Hudaýyň Patyşalygy arkaly adamlaryň ähli kynçylyklaryny aýyrjakdygyny gürrüň berdi a. Isa üç ýarym ýyllap arman-ýadaman adamlara hoş habary aýtdy (Matta 9:35).

2. Isa näme üçin gudratlary görkezdi?

Mukaddes Kitapda Hudaýyň Isa arkaly «uly işleri edendigi, gudrat hem alamat görkezendigi» aýdylýar (Resullar 2:22). Hudaýyň beren güýji arkaly Isa suwa, ýele aýdanyny etdirýärdi, müňlerçe adamlary doýurýardy, kesel adamlary sagaldýardy, hatda ölenleri hem direldýärdi (Matta 8:23—27; 14:15—21; Markus 6:56; Luka 7:11—17). Isa gudrat bilen köp işleri edip, Hudaý tarapyn gelendigini subut etdi. Şol gudratlar Ýehowanyň ähli kynçylyklary aýryp bilýändigini görkezýär.

3. Isadan näme öwrenip bileris?

Isa pygamber ähli zatda Ýehowa gulak asýardy (Ýahýa 8:29-y oka). Ol hatda adamlar garşy çyksa-da, soňky demine çenli Atasynyň islegini berjaý etdi. Şeýdip, ol kyn ýagdaýda-da Hudaýa gulak asyp bolýandygyny görkezdi. Isa «yzyna gyşarnyksyz eýermegimiz üçin görelde galdyrdy» (1 Petrus 2:21).

SÖHBETDEŞLIK

Isa hoş habary wagyz etmek üçin güýjüni gaýgyrmandyr, köp gudratlary görkezipdir.

4. Isa hoş habary wagyz etdi

Isa köp adamlara hoş habary wagyz etmek üçin pyýada ýüzlerçe kilometr ýol sökdi. Luka 8:1-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Isa diňe ýanyna gelen adamlara wagyz edýärdimi?

  • Isa adamlary gözläp tapmak üçin näme edýärdi?

Hudaý Mesihiň hoş habary wagyz etjekdigini öňünden aýdypdy. Işaýa 61:1, 2-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Pygamberligiň ýerine ýetmegi üçin Isa näme etdi?

  • Şu günlerem adamlar hoş habary näme üçin eşitmeli?

5. Isa peýdaly zatlary öwretdi

Isa diňe bir Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmän, peýdaly zatlary hem öwretdi. Onuň Dagdaky wagzynda nämeleri öwredendigini bileliň. Matta 6:14, 34 we 7:12-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Isa nähili maslahatlary berdi?

  • Isanyň maslahatlary häzirem kömek edýärmi?

6. Isa gudratlary görkezdi

Isa Ýehowanyň beren güýji bilen, köp gudratlary görkezdi. Şolaryň biri hakda bilmek üçin, Markus 5:25—34-nji aýatlary okaň ýa-da WIDEONY görüň. Soňra aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Gan akma keselinden kösenýän aýal nämä ynanýardy?

  • Isanyň gudraty näme üçin seni haýran galdyrýar?

Ýahýa 5:36-ny okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Isanyň görkezen gudratlary nämäni subut edýär?

Bilýäňizmi?

Isa barada Injiliň Matta, Markus, Luka we Ýahýa kitaplarynda gürrüň berilýär. Olary ýazan adamlar Isa barada dürli jikme-jiklikleri aýdýarlar. Şol dört kitapda Isa pygamberiň ömri beýan edilýär.

  • MATTA

    Injiliň birinji kitabyny ýazdy. Ol Isa pygamberiň Hudaýyň Patyşalygy barada öwreden zatlaryna üns berdi.

  • MARKUS

    Injiliň ikinji kitabyny ýazdy. Ol dört kitabyň iň gysgasy. Isa bilen bolan wakalar umumy beýan edilýär.

  • LUKA

    Isanyň Hudaýa doga edişi we gelin-gyzlara hormat goýşy hakda köpräk ýazýar.

  • ÝAHÝA

    Isanyň dost-ýarlaryna we adamlara bolan söýgüsi hakda has köp gürrüň berýär.

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Isa ýöne bir pygamber bolupdyr».

  • Sen nähili pikir edýärsiň?

GAÝTALAMAK

Isa Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etdi, gudratlary görkezdi, ähli zatda Ýehowa gulak asdy.

Jemleýji soraglar

  • Isa ýer ýüzüne näme üçin geldi?

  • Isanyň görkezen gudratlary nämäni subut edýär?

  • Isa nämeleri öwretdi?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Bir adam Isanyň eden ýagşylyklary hakda okap, häsiýetlerini üýtgedýär.

«Diňe özümi bilip ýaşaýardym» («Garawul diňi» 1 oktýabr, 2014)

Isa pygamberiň ýer ýüzünde eden işleri hakda öwreniň.

«Isa pygamberiň ömri» (Mukaddes Kitabyň A7 goşmaça maglumaty)

a 31—33-nji sapaklarda Hudaýyň Patyşalygy hakda jikme-jik düşündirilýär.