Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

22-NJI SAPAK

Sen hoş habary nädip wagyz edip bilersiň?

Sen hoş habary nädip wagyz edip bilersiň?

Mukaddes Kitapdan sapak geçip başlap, öwrenen zatlaryňy tanyşlaryňa, dost-ýarlaryňa aýdasyň gelýändir. Ýöne sen öwrenen zadyňy adamlara aýtmaga çekinýänsiň. Geliň, hoş habary çekinmän wagyz etmegi öwreneliň.

1. Tanyşlaryňa nädip wagyz edip bilersiň?

Isanyň şägirtleri: «Biz gören-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris» diýdiler (Resullar 4:20). Diýmek, hoş habar ýüreklerine şeýle täsir edipdir welin, olar köpräk adamlara gürrüň beresi gelipdir. Belki, seniň hem hoş habary wagyz edesiň gelýändir. Eger şeýle bolsa, mümkinçilikden peýdalanyp, öwrenen zatlaryňy dogan-garyndaşlaryňa we dost-ýarlaryňa sypaýyçylyk bilen gürrüň ber (Koloslylar 4:6-ny oka).

Gürrüňe şeýle başlap bilersiň:

  • Dogan-garyndaşlaryň bilen gürrüň edip otyrkaň: «Men bir gyzykly zat öwrendim» diý.

  • Dostuň kesellände ýa-da gaýgy-alada basanda, ruhlandyryjy aýady okap ber.

  • Işdeşiň bilen gepleşeniňde, sapakda ýa-da ýygnakda öwrenen zadyňy gürrüň ber.

  • Dostlaryňa jw.org saýtyny görkez.

  • Tanyşlaryňy sapaga çagyr ýa-da okuw geçmek üçin jw.org saýtyndaky haýyşnamany doldurmagy öwret.

2. Näme üçin dogan-uýalar bilen wagyz etmeli?

Isanyň şägirtleri hoş habary diňe bir tanyşlaryna däl-de, nätanyş adamlara-da aýdýardylar. Isa «olary iki-ikiden» oba-şäherlere wagyz etmäge iberdi (Luka 10:1). Şeýdip, olar hoş habary köp adamlara aýdyp bildiler. Şägirtler wagyzda bir-birine kömek edip, has-da ruhlanýardylar (Luka 10:17). Seniňem dogan-uýalar bilen wagyz edesiň gelýärmi?

SÖHBETDEŞLIK

Geliň, çekinmän wagyz etmegi öwreneliň. Şonda hoş habary aýtmak şatlyk berer.

3. Ýehowa kömek eder

Käbir adamlar: «Il-gün näme diýer?!» diýip, wagyz etmäge çekinýär.

  • Senem wagyz etmäge çekinýärsiňmi? Näme üçin?

WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýaş dogan-uýalar gorkman wagyz etmegi nädip öwrendiler?

Işaýa 41:10-y okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Wagyz etmäge gorkýan bolsaň, näme üçin Ýehowa doga etmeli?

Bilýäňizmi?

Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsi: «Men hiç wagt aýlanyp, wagyz edip bilmerin» diýýärdiler. Mysal üçin, Sergeý dogan özüne ynamsyz, çekinjeň bolansoň, adamlar bilen gürleşip bilmeýärdi. Emma ol Mukaddes Kitapdan sapak geçip başlansoň, şeýle diýýär: «Men çekinsemem, Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlarymy adamlara gürrüň berýärdim. Şonda özümi ynamly duýup başladym. Adamlara näçe köp gürrüň bersem, şonça-da imanym berkeýärdi».

4. Sylaşykly boluň

Wagyz edeniňde diňe bir näme aýtjakdygyň däl-de, nädip aýtjakdygyň hakda oýlan. 2 Timoteos 2:24 we 1 Petrus 3:15-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Mukaddes Kitap barada gürrüň bereniňde, şu maslahatlara nädip eýerip bilersiň?

  • Käte dogan-garyndaşlaryň ýa-da dost-ýarlaryň aýdýan zatlaryň bilen ylalaşman biler. Şonda näme etmeli we näme etmeli däl?

  • Köp gepläp adamlary ynandyrjak bolman, pikirlendirýän soraglary bermek näme üçin gowy bolar?

5. Wagyz etmek şatlyk berýär

Ýehowa Isa pygambere hoş habary wagyz etmegi tabşyrdy. Isa şol işe nähili garaýardy? Ýahýa 4:34-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Gowy naharlansaň, janyň sag, keýpiň kök bolýar. Isa näme üçin Hudaýyň islegini, ýagny wagyz etmegi çörek bilen deňeşdirdi?

  • Wagyz etmek nädip şatlyk berýär?

Maslahatlar

  • Ýygnakda dogan-uýalaryň ýanyna baryp, gürrüňdeş bol.

  • Mugallymyňa ýygnakda ýumuş bilen çykyş etmek isleýändigiňi aýt. Şonda has ökde wagyz etmegi öwrenersiň.

  • «Adamlar şeýle diýse» diýen bölümdäki soraglara jogap bermegi öwren.

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Gowumy, näme täzelik?»

  • Pursatdan peýdalanyp, şol adama nädip wagyz edip bilersiň?

ESASY PIKIRLER

Adamlara hoş habary wagyz etmek şatlyk berýär. Wagyz edip başlasaňyz, onçakly bir kyn däldigine düşünersiňiz.

Gaýtalamak

  • Hoş habary näme üçin wagyz etmeli?

  • Adamlar bilen näme üçin sylaşykly bolmaly?

  • Çekinmän wagyz etmegi nädip öwrenip bolar?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Hoş habary jw.org kartoçkasy arkaly wagyz etmegi öwreniň.

«Wagyz üçin teklip. JW.ORG kartoçkasy» (1:43)

Multfilmde ýaşlaryň çekinmän wagyz edişi görkezilýär.

«Ýehowa batyrgaý bolmaga kömek eder» (11:59)

Ýehowa barada eşitmedik dogan-garyndaşlar bilen gürrüňdeş boluň.

«Iman etmeýän dogan-garyndaşlarymyzy gazanýarys» («Garawul diňi» 15 mart, 2014)