Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

24-NJI SAPAK

Perişdeler barada näme bilýärsiň?

Perişdeler barada näme bilýärsiň?

Ýehowa Hudaýyň gökdäki maşgalasy perişdelerden ybarat. Perişdelere «Hudaýyň ogullary» hem diýilýär (1 Musa 6:2; Eýýup 38:7). Mukaddes Kitapda perişdeler barada näme aýdylýar? Olar adamlara nädip kömek edýär? Hemme perişdeler Hudaýyň maşgalasyna degişlimi?

1. Perişdeler kimler?

Ýehowa Hudaý älem-jahany ýaratmazdan öň perişdeleri ýaradypdy. Olaram Ýehowa ýaly göze görünmeýär we gökde ýaşaýar (Ýewreýler 1:14). Olaryň sany millionlarça, Hudaý olaryň hersini üýtgeşik edip ýaratdy (Ylham 5:11). Olar «Hudaýa gulak asyp, sözüni berjaý edýärler» (Zebur 103:20). Gadym döwürlerde Ýehowa perişdeleri arkaly adamlara habaryny ýetirýärdi. Şeýle-de olar arkaly halkyna kömek edip, halas edýärdi. Şu günlerem perişdeler hak Hudaýy tanamak isleýän adamlary tapmaga kömek edýärler.

2. Şeýtan we jynlar kimler?

Perişdeleriň käbiri Ýehowa dönüklik etdiler. Ilkinji dönük perişdä «Iblis we Şeýtan» diýilýär. Ol «bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlary aldaýar» (Ylham 12:9). Şeýtan hemmeleriň üstünden agalyk etmek isledi, şonuň üçin Adam ata bilen How enäni azdyrdy. Şondan soň käbir perişdeleri hem öz tarapyna geçirdi. Şol perişdelere jynlar diýilýär. Ýehowa olary gökden ýer ýüzüne kowdy, tizden bolsa olary ýok eder (Ylham 12:9, 12-nji aýatlary oka).

3. Şeýtan we jynlar nädip aldaýar?

Şeýtan we jynlar adamlary dürli usul bilen aldaýar. Meselem, köp adamlar jadygöýlik bilen gyzyklanýarlar, palçylara, tebiplere, dogalaýanlara ýa-da dogadan açýanlara ýüz tutýarlar, täleýine garadýarlar. Şeýle-de käbirleri ölüler bilen gepleşip bolýandygyna ynanyp, ölüleri çagyrýan adamlara ýüz tutýarlar. Ýöne Ýehowa: «Jadygöýlere we bilgiçlere ýüz tutmaň» diýýär (3 Musa 19:31). Şeýtan bilen jyn-arwahlar Hudaýyň duşmany, olar bize zyýan ýetirjek bolýar. Şonuň üçinem Ýehowa bizi olardan goramak isleýär.

SÖHBETDEŞLIK

Perişdeleriň edýän ýagşylygy barada bileliň. Şeýtan bilen jynlaryň ýetirýän zyýany hakda we olardan goranmagy öwreneliň.

4. Perişdeler wagyzda kömek edýär

Elbetde, perişdeleriň özleri adamlaryň ýanyna baryp wagyz etmeýärler. Olar Ýehowanyň gullukçylaryna Hudaýy tanasy gelýän adamlary tapmaga kömek edýärler. Ylham 14:6, 7-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Wagyzda näme üçin perişdeleriň kömegi gerek?

  • Perişdeleriň Hudaýy tanasy gelýän adamlary tapmaga kömek edişi ruhlandyrýarmy? Näme üçin?

5. Jadygöýlik bilen meşgullanmaň

Şeýtan bilen jynlar Ýehowanyň duşmany. Diýmek, olar biziň hem duşmanymyz. Luka 9:38—42-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Jynlar adamlara näme edýär?

Biz jynlar bilen bagly işlere goşulmaly däl. 5 Musa 18:10—12-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Jynlar adamlara nädip täsir edýär? Seniň ýaşaýan ýeriňde jynlar bilen baglanyşykly nähili işler we däp-dessurlar bar?

  • Sen Ýehowanyň jadygöýligi gadagan etmegini dogry hasaplaýaňmy? Näme üçin?

WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Palesanyň gyzynyň eline dakan doga-tumary zyýanlymy? Näme üçin?

  • Palesa jynlardan goranmak üçin näme etmelidi?

Isanyň hakyky şägirtleri jyn-arwahlara degişli zatlary hemişe-de ýok edýärdiler. Resullar 19:19 we 1 Korinfliler 10:21-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Jynlar bilen bagly islendik zady näme üçin ýok etmeli?

6. Şeýtan bilen jynlardan gorkmaň

Şeýtan jynlaryň hökümdary. Emma Hudaýa wepaly perişdelere Mikaýyl diýen baş perişde ýolbaşçylyk edýär. Mikaýyl Isanyň başga bir ady. Ylham 12:7—9-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Mikaýyl bilen perişdeleri güýçlümi ýa-da Şeýtan bilen jynlary?

  • Isanyň şägirtleri Şeýtan bilen jynlardan gorkmalymy?

Sen Şeýtany we jyn-arwahlaryny ýeňip bilersiň. Ýakup 4:7-ni okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Sen Şeýtandan we jynlardan nädip goranyp bilersiň?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Jadygöýli oýunlary oýnamagyň, filmleri görmegiň nämesi erbet, gaýtam gyzykl-a».

  • Şeýle pikir etmek näme üçin howply?

GAÝTALAMAK

Perişdeler bize kömek edýär. Şeýtan bilen jynlar Ýehowanyň duşmanlary, olar adamlary jadygöýligiň her dürli usullary bilen aldaýar.

Jemleýji soraglar

  • Perişdeler Ýehowany tanamak isleýän adamlara nädip kömek edýär?

  • Şeýtan bilen jynlar kim?

  • Sen näme üçin jadygöýlikden gaça durmak isleýärsiň?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Isanyň baş perişde Mikaýyldygyny näme subut edýär?

«Baş perişde Mikaýyl kim?» (Internet makala)

Şeýtan içimizdäki erbetlik däl-de, göze görünmeýän zalym perişde.

«Iblis hakykatdan-da barmy?» (Internet makala)

Bir aýal jynlardan azat bolýar.

«Indi ol bagtly» («Garawul diňi» 1 iýul, 1993)