Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

30-NJY SAPAK

Dogan-garyndaşlaryň direler!

Dogan-garyndaşlaryň direler!

Dogan-garyndaşlaryňdan biri aradan çyksa, gaýgy-hasrat çekip, ýüregiň para-para bolýar. Şol sebäpli Mukaddes Kitapda ölüme duşman diýilýär (1 Korinfliler 15:26). Ýehowanyň şol duşmany hemişelik ýok etjekdigini 27-nji sapakda bildik. Eýsem aradan çykan adamlara näme bolar? Şu sapakda Ýehowanyň ýene bir wadasy hakda bilersiň. Ýehowa Hudaý beren wadasyny hökman ýerine ýetirer. Ol milliardlarça ölen adamlary ebedi ýaşamak üçin direlder. Dogrudanam, ölen adamlar direlermi? Olar nirede direler? Gökdemi ýa ýerde?

1. Ýehowa Hudaý aradan çykanlary unutdymy?

Ýehowa ölen adamlaryň ählisini ýene-de ýaşadasy gelýär. Eýýup pygamber aradan çykaýanda-da, Hudaýyň direltjekdigini bilýärdi. Şonuň üçin ol Hudaýa ýüzlenip: «Sen çagyrarsyň, men jogap bererin» diýdi (Eýýup 14:13—15-nji aýatlary oka).

2. Direlişiň boljagyna näme üçin ynanyp bileris?

Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda, Hudaýyň güýji bilen ölen adamlary direltdi. Ol 12 ýaşly gyzjagazy hem-de dul aýalyň ogluny direltdi (Markus 5:41, 42; Luka 7:12—15). Isanyň dosty Lazar hem aradan çykypdy. Lazaryň aradan çykanyna dört gün bolupdy. Şonda Isa mazaryň ýanyna baryp, Hudaýa dileg edip: «Lazar, daşaryk çyk» diýdi. Soňra «merhum mazardan çykdy». Şeýdip, Isa dostuny direltdi (Ýahýa 11:43, 44). Şonda Lazaryň dogan-garyndaşlary we dost-ýarlary nähili begenendir!

3. Seniňem aradan çykan dogan-garyndaşlaryň direlermi?

Mukaddes Kitapda ölen adamlaryň direljekdigi aýdylýar (Resullar 24:15). Isa pygamberiň direlden adamlary göge gitmändiler (Ýahýa 3:13). Isa olary ýerde direltdi, olar öňküsi ýaly ýer ýüzünde ýaşap bilýändigine begendiler. Isa gelejekde milliardlarça adamlary direlder. Olar ýer ýüzünde gowy durmuşda ebedi ýaşarlar. Ol «mazarda ýatanlaryň ählisiniň direljekdigini» aýtdy. Hudaý ölen adamlaryň hiç birini ýatdan çykarmaýar, olary hökman direlder (Ýahýa 5:28, 29).

SÖHBETDEŞLIK

Mukaddes Kitapdan ölen adamlaryň direljekdigini we direlişiň göwünlik berýändigini bileliň.

4. Isa ölen adamlary direldip bilýär

Isanyň dosty Lazary direldişi hakda okaň. Ýahýa 11:14, 38—44-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Lazaryň hakykatdanam ölendigini nämeden bilse bolýar? (39-njy aýada serediň).

  • Eger Lazar ölensoň jennete düşen bolsa, Isa ony ýer ýüzüne gaýtaryp getirerdimi?

WIDEONY görüň.

5. Köpler direler!

Zebur 37:29-y okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Milliardlarça direlen adamlar nirede ýaşar?

Isa Ýehowany tanaman ölen adamlary hem direlder. Resullar 24:15-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Direljek adamlardan kimi göresiň gelýär?

Kakasynyň ogluny ukudan oýaryşy ýaly, Isa-da adamlary ölüm ukusyndan oýarar.

6. Direliş göwünlik hem gelejege umyt berýär

Ýaýrusyň gyzynyň direlmegi köp adamlary begendirip, göwünlik berdi. Şol waka hakda Luka 8:40—42, 49—56-njy aýatlardan okaň.

Isa Ýaýrusyň gyzyny direltmezden öň: «Gorkma, diňe iman et!» diýdi (50-nji aýada serediň). Direlişe bolan umyt...

  • dogan-garyndaşlaryň ölende nädip kömek eder?

  • ölüm howpy abananda nädip kömek eder?

WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Felisiti aradan çykanda ene-atasyna näme göwünlik berdi?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Şu wagta çenli ölenleriň direlip gelenini görmedim, indem direliş bolmaz».

  • Sen näme pikir edýärsiň?

  • Ölen adamlaryň direlip, ýene ýaşajakdygyny haýsy aýatlar bilen düşündirerdiň?

ESASY PIKIRLER

Hudaý milliardlarça adamlary direltjekdigini wada berýär. Ýehowa olaryň ýene ýaşamagyny isleýär, şonuň üçin Isa olary direltmek üçin güýç berdi.

Gaýtalamak

  • Ýehowa bilen Isanyň ölen adamlary direltmek isleýändigini nireden bilse bolýar?

  • Milliardlarça adamlar gökde direlermi ýa-da ýer ýüzünde direler? Näme üçin?

  • Sen näme üçin dogan-garyndaşlaryň direljekdigine ynanýarsyň?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Dogan-garyndaşyň aradan çykanda näme göwünlik berip biler?

«Hasrat çekýänlere göwünlik» («Oýanyň!» No. 3, 2018)

Mukaddes Kitapdaky aýatlar gaýgy-hasrat çekýän adama kömek edýärmi?

«Ölüm hasratyna döz geliň» (5:06)

Garyndaşlary ýa-da dostlary aradan çykanda çagalara näme göwünlik berip biler?

«Töleg gurbany» (2:07)

Gökde direljekler barmy? Kimler direler?

«Direliş näme?» (Internet makala)