Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

31-NJI SAPAK

Hudaýyň Patyşalygy näme?

Hudaýyň Patyşalygy näme?

Mukaddes Kitapda Hudaýyň Patyşalygy barada köp gürrüň berilýär. Hudaý şol Patyşalygy arkaly ýerde-de niýetini amala aşyrar. Ýöne Hudaýyň Patyşalygy näme? Ol häzir höküm sürýärmi? Häzire çenli nämeler etdi? Nämeler eder? Şu we indiki sapaklarda şol soraglaryň jogabyny bileris.

1. Hudaýyň Patyşalygy näme? Patyşasy kim?

Hudaýyň Patyşalygy Ýehowa Hudaýyň gökde guran hökümeti. Patyşalygyň patyşasy Isa Mesih (Matta 4:17; Ýahýa 18:36). Mukaddes Kitapda Isanyň az wagtlyk däl-de, «ebedi patyşa boljakdygy» aýdylýar (Luka 1:32, 33). Ol bütin ýer ýüzüni dolandyrar.

2. Isa Mesihiň ýeke özi höküm sürermi?

Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, gökde Isa bilen 144 000 adam höküm sürer. Olar «her taýpadan, her dilden, her halkdan we her milletden» (Ylham 5:9, 10; Ylham 14:1—4-nji aýatlary oka). Olar Isanyň ýerdäki şägirtleriniň arasyndan saýlanyp alynýar. Galan şägirtleri bolsa Patyşalygyň ýerdäki raýatlary bolup ýaşar (Zebur 37:29).

3. Hudaýyň Patyşalygy näme üçin ynsan hökümetlerinden has gowy?

Käbir ynsan hökümdarlar halkyny gowy ýaşatmak islese-de, köplenç güýji ýetmeýär. Iru-giç olara derek, başga biri hökümdar bolýar. Täze gelen hökümdar bolsa halkyň aladasyny etmeýär, diňe özüni bilip ýaşaýar. Ýöne Hudaýyň bellän Patyşasy Isa hiç wagt tagtdan düşmez, sebäbi Hudaýyň döreden Patyşalygy «hiç haçan ýok edilmez» (Danyýar 2:44). Isa bütin ýer ýüzüniň üstünden hökümdarlyk eder. Ol hemmeleri deň tutar, sebäbi ol aladaçyl, mähirli, adalatly patyşa. Ol raýatlaryna hem adalatly, mähirli bolmagy, bir-biriniň aladasyny etmegi öwreder (Işaýa 11:9-y oka).

SÖHBETDEŞLIK

Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzündäki hökümetlerden müň esse gowy.

4. Bütin ýer ýüzünde Hudaýyň Patyşalygy höküm sürer

Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy Isa islendik hökümdardan has güýçli. Matta 28:18-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Isa näme üçin iň güýçli patyşa?

Ynsan hökümetleri häli-şindi çalşyp durýar. Olaryň hökümdarlygy belli bir ýurduň çäginden çykmaýar. Hudaýyň Patyşalygy bolsa olardan tapawutlanýar. Danyýar 7:14-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Hudaýyň Patyşalygy näçe wagtlap höküm sürer?

  • Onuň hökümdarlygynyň çägi barmy?

5. Indi adamlar höküm sürmez

Ýer ýüzünde näme üçin Hudaýyň Patyşalygy höküm sürmeli? WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Adam höküm sürse nähili bolýar?

Nesihat 8:9-y okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ynsan hökümetlerine derek, Hudaýyň Patyşalygy höküm sürse gowy bolarmy? Näme üçin?

6. Isa bilen höküm sürjekler adamlaryň aladasyny eder

Patyşamyz Isa ýerde ýaşap görensoň, biziň ýagdaýymyza gowy düşünýär (Ýewreýler 4:15). Isa bilen gökde höküm sürjek 144 000 hudaýhon erkekler we aýallar ýerden saýlanyp alyndy. Ýehowa olary «her taýpadan, her dilden, her halkdan we her milletden» saýlady (Ylham 5:9).

  • Isanyň ýer ýüzünde ýaşanlygy we 144 000 adamyň ýer ýüzünden saýlanmagy näme üçin gowy bolar?

Ýehowa Isa bilen höküm sürjekleri her dürli milletden saýlady.

7. Patyşalygyň kanunlary adamlaryňkydan has gowy

Her bir hökümet raýatlarynyň bähbidi üçin kanun çykarýar. Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary üçin hem kanunlar berilýär. 1 Korinfliler 6:9—11-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Her bir adam Hudaýyň kanunlary boýunça ýaşasa, dünýä nähili bolar? a

  • Ýehowa raýatlaryndan näme talap edip bilýär? Näme üçin?

  • Adamlar Hudaýyň kanunlary boýunça ýaşap bilermi? (11-nji aýada serediň).

Her bir hökümet raýatlarynyň bähbidi üçin kanun çykarýar. Hudaý hem Patyşalygy arkaly raýatlary üçin iň gowy kanunlary berýär.

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Hudaýyň Patyşalygy näme?»

  • Sen nähili düşündirerdiň?

GAÝTALAMAK

Hudaýyň Patyşalygy — gökdäki hökümet. Ol bütin ýer ýüzüniň üstünden höküm sürer.

Jemleýji soraglar

  • Hudaýyň Patyşalygynda kimler höküm sürer?

  • Hudaýyň Patyşalygy näme üçin iň gowy hökümet?

  • Ýehowa raýatlaryndan näme talap edýär?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Isa pygamber Hudaýyň Patyşalygynyň nirededigini aýtdy.

«Hudaýyň Patyşalygy adamyň ýüregindemi?» (Internet makala)

Ýehowanyň Şaýatlary ynsan hökümdarlaryna däl-de, Hudaýyň Patyşalygyna wepaly bolýar.

«Hudaýyň Patyşalygyny goldaýanlar» (1:43)

Mukaddes Kitapda Isa bilen 144 000 adamyň höküm sürjekdigi aýdylýar.

«Göge kim gider?» (Internet makala)

Türmede oturan aýal ýer ýüzünde adalaty diňe Hudaýyň dikeltjekdigine düşünýär.

«Adalatyň dikeldiljekdigini bildim» («Oýanyň!» noýabr, 2011)

a Hudaýyň kada-kanunlary hakda 3-nji bölümde aýdylýar.