Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

32-NJI SAPAK

Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!

Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!

Hudaýyň Patyşalygy 1914-nji ýylda gökde höküm sürüp başlady. Şol ýyldan bäri, ynsan hökümetleriniň hem höküm sürmeli wagty azalyp başlady. Munuň şeýledigini Mukaddes Kitapdaky pygamberlikden we ýer ýüzünde bolýan wakalardan bilýäris.

1. Mukaddes Kitapda nähili pygamberlik aýdylýar?

Danyýar pygamberiň aýtmagyna görä, Hudaýyň Patyşalygy «ýedi döwrüň» soňunda höküm sürüp başlar (Danyýar 4:16, 17). Birnäçe asyrdan soň Isa pygamber şol döwrüň, ýagny «milletlere berlen wagtyň» gutarmandygyny aýtdy (Luka 21:24). Şu sapakda ýedi döwrüň 1914-nji ýylda gutarandygyny bileris.

2. 1914-nji ýyldan bäri dünýäde nämeler bolýar?

Şägirtleri Isadan: «Seniň gelendigiňi we dünýäniň soňuny haýsy alamatdan bilse bolar?» diýip soradylar (Matta 24:3). Isa gökde patyşa bolansoň, dünýäde uruşlaryň, açlygyň, ýertitremeleriň, betbagtçylyklaryň boljakdygyny aýtdy (Matta 24:7-ni oka). Şeýle-de «soňky günlerde» adamlaryň häsiýetleriniň erbetleşmegi bilen, durmuş hem has kynlaşýar (2 Timoteos 3:1—5). Şol zatlar 1914-nji ýyldan bäri has köp bolýar.

3. Hudaýyň Patyşalygy höküm sürüp başlandan bäri erbetlik näme üçin hasam köpeldi?

Isa gökde patyşa bolan badyna, Şeýtan we onuň jynlary bilen söweşdi. Şonda Isa Şeýtany ýeňdi. Şeýtan «perişdeleri bilen ýere zyňyldy» (Ylham 12:9, 10, 12). Şeýtan hem özüniň ýok ediljegini bilip, gahar-gazaba mündi. Ol adamlaryň başyna betbagtçylyk inderip, ejir baryny çekdirýär. Dünýäniň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýär, ýöne Hudaýyň Patyşalygy şol kynçylyklaryň baryny aýrar.

SÖHBETDEŞLIK

Hudaýyň Patyşalygy 1914-nji ýylda höküm sürüp başlady, muny her birimiz bilmeli.

4. 1914-nji ýyl barada pygamberlikden bilýäris

Hudaý Wawilon patyşasy Nawuhodonosora bir düýş görkezdi. Danyýar pygamber şol düýşi düşündirýär. Ol düýş Nawuhodonosor patyşanyň hökümdarlygy we Hudaýyň Patyşalygy barada pygamberlikdi (Danyýar 4:17-ni okaň) a.

Danyýar 4:20—26-njy aýatlary okap, suratlar arkaly aşakdaky soraglara jogap beriň.

Agaç baradaky düýşüň Hudaýyň Patyşalygy bilen baglanyşygy

PYGAMBERLIK Danyýar 4:20—36

Hökümdarlyk

A. Uly agaç

Hökümdarlyk ýykylýar

B. «Agaç kesilýär» we «ýedi döwür» geçýär

Hökümdarlyk dikeldilýär

Ç. «Patyşalygyň ýene-de gaýtarylyp berler»

Pygamberligiň birinji gezek ýerine ýetişi

PYGAMBERLIGIŇ BIRINJI GEZEK ÝERINE ÝETIŞI

Hökümdarlyk

D. Wawilon patyşasy Nawuhodonosor

Hökümdarlyk ýykylýar

E. B. e. öň 606-njy ýyldan soň, Nawuhodonosoryň akyly üýtgäp, ýedi ýyllap tagtda oturmaýar

Hökümdarlyk dikeldilýär

Ä. Soňra akyly ýerine gelip, ýene-de höküm sürüp başlaýar

Pygamberligiň ikinji gezek ýerine ýetişi

  • F. Agaç kimi aňladýar? 1 Taryh 29:23-i okaň.

  • G. Hökümdarlyk nädip ýykylýar? Isa ýerde ýaşanda, hökümdarlygyň entegem dikeldilmändigini nireden bilýäris? Luka 21:24-i okaň.

  • H. Patyşalyk haçan we nirede dikeldildi?

PYGAMBERLIGIŇ IKINJI GEZEK ÝERINE ÝETIŞI

Hökümdarlyk

F. Ysraýylda Hudaýyň bellän patyşalary

Hökümdarlyk ýykylýar

G. Iýerusalim weýran edilýär, Ysraýylyň şa neslinden hiç kim 2 520 ýyllap tagtda oturmaýar

Hökümdarlyk dikeldilýär

H. Isa gökde Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy bolýar

Ýedi döwür näçe wagty öz içine alýar?

Mukaddes Kitabyň käbir aýatlary beýleki aýatlara düşünmäge kömek edýär. Meselem, Ylham kitabynda üç ýarym döwrüň 1 260 güne deňdigi aýdylýar (Ylham 12:6, 14). Üç ýarym döwri hem ikä köpeltsek, ýedi döwür bolýar. Diýmek, ýedi döwür 2 520 güne deň bolýar. Käte Mukaddes Kitapda bir gün diýlende, bir ýyl göz öňüne tutulýar (Hyzkyl 4:6). Danyýar kitabyndaky ýedi döwür hem 2 520 ýyl bolýar.

5. 1914-nji ýyldan bäri dünýäniň ýagdaýy erbetleşýär

Isa patyşa bolansoň, ýer ýüzünde ýagdaýyň erbetleşjekdigini aýtdy. Luka 21:9—11-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýer ýüzünde nähili betbagtçylyklar bolýar?

Pawlus resul soňky günlerde adamlaryň erbetleşjekdigini aýtdy. 2 Timoteos 3:1—5-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Adamlarda şu aýatlarda agzalan haýsy häsiýetleri görýärsiň?

6. Patyşalygyň höküm sürmegi ruhlandyrýar

Matta 24:3, 14-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigi nämeden görünýär?

  • Sen köpräk wagyz etmek üçin näme edip bilersiň?

Hudaýyň Patyşalygy gökde höküm sürýär. Tizden ol bütin ýer ýüzünde-de höküm sürer. Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • «Şol günüň golaýlaşýandygyny görüp», biz näme etmeli?

Aýdaly, sen bir gowy habar eşitdiň. Şol habaryň adamlara kömek etjekdigini bilseň, näme ederdiň?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin 1914-nji ýyly wajyp ýyl hasaplaýar?»

  • Sen nähili düşündirerdiň?

GAÝTALAMAK

Mukaddes Kitapdaky pygamberlik we dünýäniň ýagdaýy Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigini görkezýär. Biz wagyz edip, ýygnak duşuşyklaryna baryp, Patyşalygy goldaýarys.

Jemleýji soraglar

  • Danyýar kitabynda aýdylýan ýedi döwrüň soňunda näme boldy?

  • Sen Patyşalygyň 1914-nji ýylda höküm sürüp başlandygyna näme üçin ynanýarsyň?

  • Patyşalygyň höküm sürmegi seni nämä höweslendirýär?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Taryhçylar 1914-nji ýyldan bäri dünýäniň erbetleşýändigini aýdýar.

«Azgynlyk hasam köpeldi» («Oýanyň!» aprel, 2007)

Danyýar kitabynda aýdylýan «ýedi döwür» 1914-nji ýylda tamamlandy.

«Hudaýyň Patyşalygy haçan höküm sürüp başlady?» (Dowamy) («Garawul diňi» 1 noýabr, 2014)

a Şu sapagyň «Köpräk biliň» diýen bölümindäki  soňky iki makalany okaň.