Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

33-NJI SAPAK

Hudaýyň Patyşalygy näme eder?

Hudaýyň Patyşalygy näme eder?

Hudaýyň Patyşalygy eýýäm gökde höküm sürýär. Ol tizden ýer ýüzünde köp zatlary üýtgeder. Geliň, Hudaýyň Patyşalyk arkaly etjek işlerini bileliň.

1. Ýer ýüzünde parahatlygy we adalaty nädip dikelder?

Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy Isa Armageddon söweşinde erbet adamlary we hökümetleri ýok eder (Ylham 16:14, 16). Şonda Mukaddes Kitapdaky: «Ýene biraz wagtdan erbet ýok bolar» diýen pygamberlik doly ýerine ýeter (Zebur 37:10). Isa Patyşalyk arkaly ýeriň ähli künjeginde adalaty dikelder, parahatlyk höküm sürer (Işaýa 11:4-i oka).

2. Ýer ýüzünde nähili ýaşaýyş bolar?

Hudaýyň Patyşalygy höküm sürende, «dogruçyl adam ýeri miras alar, onda ebedi ýaşar» (Zebur 37:29). Göz öňüne getir, şonda diňe gowy adamlar, Ýehowany we bir-birini söýýän adamlar ýaşar. Keselçilik hem ölüm bolmaz.

3. Patyşalyk erbetligi ýok edip, soňra nämeler eder?

Isa erbetligi ýok edip, soňra 1000 ýyllap patyşa bolar. Ol 144 000 saýlananlar bilen adamlary günäden arassalar, kämil bolmaga kömek eder. Müň ýylyň ahyrynda ýer ýüzi Jennet bolar, ähli adamlar Ýehowa gulak asyp, bagtly ýaşar. Iň soňunda, Isa Patyşalygy Atasy Ýehowa gaýtaryp berer. Şonda Ýehowanyň «ady mukaddes bolar» (Matta 6:9, 10). Hemmeler Ýehowanyň adamlaryň aladasyny edýän iň gowy hökümdardygyna düşüner. Soňra Ýehowa Şeýtany, jynlary we hökümdarlygyna garşy çykýanlary ýok eder (Ylham 20:7—10). Hudaýyň Patyşalygy ebedilik höküm sürer, durmuş gülala-güllük bolar.

SÖHBETDEŞLIK

Hudaý Patyşalygy arkaly ähli wadalaryny ýerine ýetirer.

4. Hudaý ýerdäki hökümetleri ýok eder

«Bir adamyň beýleki adamyň üstünden hökümdarlyk etmegi hemişe zyýanly ekeni» (Nesihat 8:9). Hudaý Patyşalygy arkaly hökümetleriň ýetiren zyýanyny aýrar.

Danyýar 2:44 we 2 Selanikliler 1:6—8-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa bilen Isa ýerdäki hökümetleri we olary goldaýanlary näme eder?

  • Ýehowa bilen Isanyň adalatly hem dogruçyl boljagyna näme üçin ynanyp bilersiň?

5. Isa — iň gowy patyşa

Isa adamlara köp ýagşylyk eder. WIDEONY görüň. Isa ýerde ýaşanda, adamlara kömek etmek isleýändigini we güýjüniň ýetýändigini görkezipdi.

Isa ýer ýüzünde ýaşanda, Patyşalyk arkaly nämeleri etjekdigini görkezipdi. Sen Hudaýyň berjek bereketleriniň haýsysyny görmek isleýärsiň? Aýatlary okap, şol bereketler hakda köpräk biliň.

ISA ÝERDEKÄ...

ISA GÖKDEKÄ...

6. Ajaýyp durmuş bolar

Hudaý Patyşalygy arkaly başdaky niýetini amala aşyrar. Adamlar Jennetde ebedi ýaşar. WIDEONY görüp, Ýehowanyň Isa arkaly niýetini nädip amala aşyrjakdygyny biliň.

Zebur 145:16-ny okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowanyň «her bir adamy we haýwany... doýurjakdygy» saňa nähili täsir edýär?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Agzybir bolsak, häzirem ähli kynçylyklary çözüp bileris».

  • Hudaý Patyşalygy arkaly hökümetleriň hiç haçan başarmajak haýsy kynçylyklaryny çözer?

GAÝTALAMAK

Hudaý Patyşalygy arkaly etjek diýen zadyny hökman eder. Ol bütin ýer ýüzüni Jennet eder, gowy adamlar Ýehowa hemişe gulak asar.

Jemleýji soraglar

  • Hudaý Patyşalygy arkaly adyny nädip mukaddes eder?

  • Hudaýyň wadalarynyň hökman ýerine ýetjekdigine näme üçin ynanýarsyň?

  • Sen Hudaýyň haýsy wadalarynyň ýerine ýetmegine garaşýarsyň?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Armageddon barada köpräk öwreniň.

«Armageddon söweşi näme?» (Internet makala)

Isanyň Müňýyllyk hökümdarlygynda we soňunda nämeler bolar?

«Höküm güni näme bolar?» («Garawul diňi» 1 sentýabr, 2012)

Maşgalaňyz bilen Jenneti göz öňüne getiriň.

«Jenneti göz öňüne getir» (1:50)

Hökümete garşy çykan adam köp soraglaryna jogap tapýar.

«Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär» («Garawul diňi» 1 ýanwar, 2012)