Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

36-NJY SAPAK

Dogruçyl bol

Dogruçyl bol

Hemmeler dogruçyl adam bilen dostlaşmak isleýär. Ýehowa-da dostlarynyň dogruçyl bolmagyny isleýär. Häzir adamlaryň iki sözüniň biri ýalan. Şonuň üçin dogruçyl bolmak aňsat däl. Ýöne dogruçyl bolmagyň näme peýdasy bar? Gel, bileli.

1. Näme üçin hemişe dogruçyl bolmaly?

Biz dogruçyl bolsak, Ýehowany söýýändigimizi, hormat goýýandygymyzy görkezeris. Ýehowa ähli işlerimizi görýär, hatda oý-pikirlerimizi hem bilýär (Ýewreýler 4:13). Eger biz ähli zatda dogruçyl bolsak, Ýehowa hökman görýär we begenýär. Mukaddes Kitapda: «Ýehowa mekirleri ýigrenýär, dogruçyllar bolsa onuň dostudyr» diýilýär (Nakyllar 3:32).

2. Haýsy ýagdaýlarda we nädip dogruçyl bolmaly?

Ýehowa biziň «biri-birimize hakykaty aýtmagymyzy» isleýär (Zekerýa 8:16, 17). Diýmek, maşgala agzalarymyza, işdeşlerimize, dogan-uýalara, hökümet işgärlerine ýalan sözlemeli däl ýa-da nädogry maglumat bermeli däl. Dogruçyl adam hiç kimi aldamaýar, hakyny iýmeýär (Nakyllar 24:28 we Efesliler 4:28-nji aýatlary oka). Döwletiň talap edýän salgytlaryny doly töleýär (Rimliler 13:5—7). Biz «ähli zatda dogruçyl bolmak isleýäris» (Ýewreýler 13:18).

3. Dogruçyl bolmagyň nähili peýdasy bar?

Biz hemişe dogrymyzy aýtsak, adamlaryň ynamyna gireris. Edil maşgaladaky ýaly, ýygnakda-da biri-birimize ynanyp, özümizi arkaýyn duýarys. Şeýle-de dogruçyl adamyň ynsaby kösemeýär. Ol «Halasgär Hudaýymyzyň taglymatyna şöhrat getirýär». Biziň dogruçyldygymyzy görüp, adamlar Ýehowany tanamak islär (Titus 2:10).

SÖHBETDEŞLIK

Dogruçyl bolsaň, Ýehowa nähili garar, özüňe nähili kömek eder? Dürli ýagdaýlarda dogruçyl bolmagy öwreniň.

4. Ýehowa begener

Zebur 44:21 we Melek 3:16-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Näme üçin eden işiňi gizlemeli däl?

  • Kynam bolsa dogrymyzy aýtsak, Ýehowa nähili täsir eder?

Çagasy dogrusyny aýdanda ene-atasy begenýär. Bizem dogruçyl bolsak, Ýehowa begenýär.

5. Ähli zatda dogruçyl bol

Köp adamlar: «Käte ýalan sözleseňem bolýar» diýýärler. Hemişe dogruçyl bolmagyň köp ýerde kömek edýändigini bileliň. WIDEONY görüň.

Ýewreýler 13:18-i okaň. Soňra... dogruçyl bolmak hakda gürrüňdeş boluň.

  • maşgalada...

  • işde ýa-da mekdepde...

  • başga ýagdaýlarda...

6. Dogruçyllygyň peýdasy köp

Dogruçyl bolsaň, kösenmegiň mümkin. Ýöne şonda-da dogruçyl bolsaň begenersiň. Zebur 34:12—16-njy aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Dogruçyl bolmagyň nämesi gowy?

  1. A. Dogruçyl adamyň maşgalasy agzybir bolýar.

  2. B. Dogruçyl adam başlygynyň ynamyna girýär.

  3. Ç. Dogruçyl adamyň hökümet işgärleriniň öňünde-de abraýy gowy bolýar.

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Gerek ýerinde ýalan sözleseň zyýany ýok».

  • Ýehowa näme üçin ýalan sözleýänleri ýigrenýär?

GAÝTALAMAK

Ýehowa dostlarynyň hemişe dogruçyl bolmagyny isleýär.

Jemleýji soraglar

  • Haýsy ýagdaýlarda dogruçyl bolmaly?

  • Eden işiňi näme üçin gizlemeli däl?

  • Näme üçin hemişe dogruçyl bolasyň gelýär?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Ene-atasy ogluna dogrusyny aýtmagy öwredýär.

«Dogruçyl bol» (1:44)

Näme üçin beren sözüňde durmaly?

«Sözüňizde durup, bereket alyň» (9:09)

Salgytlaryň nämä ulanylýandygyny bilmesegem, näme üçin tölemeli?

«Salgyt tölemek hökmanmy?» («Garawul diňi» 1 sentýabr, 2011)