Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

40-NJY SAPAK

Arassa bol

Arassa bol

Aýdaly, oglanjyk mekdebe gitjek bolýar. Ejesi ir bilen turup, ony ýuwundyrýar, arassa, ütükli eşik geýdirýär. Ejesi çagasynyň aladasyny edýär, sagdyn bolmagyny isleýär. Edil şonuň ýaly, gökdäki Atamyz Ýehowa-da üst-başymyzyň, edýän işlerimiziň, pikirimiziň arassa bolmagyny isleýär. Arassa bolsak, sagdyn bolarys. Ýehowanyň adyna-da ysnat getirmeris.

1. Arassa bolmak üçin näme etmeli?

Ýehowa: «Mukaddes boluň» diýýär (1 Petrus 1:16). Mukaddes bolmak üçin üst-başymyz, edýän işlerimiz, pikirlerimiz arassa bolmaly. Biz her gün ýuwnup, suwa düşmeli. Geýýän eşiklerimiz hem ýuwlan, ütüklenen bolmaly. Öýümizi, ulagymyzy arassa saklamaly. Ýygnak jaýyny hem arassalaşmaga kömek etmeli. Şonda Ýehowanyň adyny şöhratlandyrarys (2 Korinfliler 6:3, 4).

2. Arassa bolmak üçin nähili endikleri taşlamaly?

Mukaddes Kitapda: «Bedeni we ýüregi hapalaýan her bir zatdan özümizi arassalalyň» diýilýär (2 Korinfliler 7:1). Biz saglygymyza zyýan ýetirýän, aňymyzy zaýalaýan zatlardan gaça durmaly. Oý-pikirlerimiz Ýehowanyň göwnünden turmaly. Şol sebäpli erbet pikirleri aýyrmaga jan etmeli (Zebur 104:34). Hapa sözleri hem aýtmaly däl (Koloslylar 3:8-i oka).

Saglygyňa we aňyňa ýene nämeler zyýanly? Käbir zatlar jan-saglygyňa zyýan ýetirýär. Meselem, biz çilim çekmeli däl, nas atmaly däl. Şeýle-de neşe serişdeleri we dermanlary keýp üçin ulanmaly däl. Şeýtsek, saglygymyzy gorarys we ýaşaýşyň gadyryny bileris. Eger masturbasiýa edýän bolsak ýa-da pornografiýa görýän bolsak, şol erbet endikleri hem aýyrmaly (Zebur 119:37; Efesliler 5:5). Elbetde, şeýle endikleri goýmak aňsat däl, ýöne Ýehowa kömek edýär (Işaýa 41:13-i oka).

SÖHBETDEŞLIK

Arassa bolup, Ýehowany şöhratlandyryň we erbet endikleri taşlamagy öwreniň.

3. Arassaçylyk Ýehowany şöhratlandyrýar

Ýehowanyň hemişe arassa bolmagymyzy isleýändigini ysraýyllara beren tabşyrygyndan bilse bolýar. 2 Musa 19:10 we 30:17—19-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Aýatlara görä Ýehowa arassaçylyga nähili garaýan eken?

  • Hemişe arassa bolmak üçin näme etmeli?

Arassa bolmak üçin wagtyňy we güýjüňi gaýgyrmaly däl. Biz nirede ýaşasak-da, garyp ýa baý bolsak-da, arassa bolup bilýäris. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Biz arassa bolsak, adamlar hoş habara nähili seslener?

4. Erbet endikleri taşla

Ýehowa erbet endikleri ýeňmäge kömek eder.

Eger sen çilim çekýän bolsaň, nas atýan bolsaň ýa-da keýp üçin derman ulanýan bolsaň, onda olary taşlamagyň kyndygyna gowy düşünýänsiň. Erbet endikleri nädip taşlamaly? Geliň, şol zatlaryň nähili zyýan ýetirýändigini bileliň. Matta 22:37—39-njy aýatlary okap, çilimiň, nasyň ýa-da keýp üçin dermanyň... nähili täsir edýändigi barada gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa bilen dostlugyňa...

  • maşgalaňa we adamlar bilen gatnaşygyňa...

Erbet endigi taşlamagy maksat ediniň a. WIDEONY görüň.

Filipililer 4:13-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Hemişe doga etmek, Mukaddes Kitaby okamak, ýygnaklara barmak erbet endikleri taşlamaga nädip kömek edýär?

5. Pikiriňi arassa saklamak üçin aýgytly bol

Koloslylar 3:5-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa pornografiýany, masturbasiýany, ahlaksyz SMS-leri we suratlary näme üçin haramlyk hasaplaýar?

  • Ýehowanyň bizden arassa bolmagy talap etmäge haky barmy? Näme üçin?

Erbet pikirlere garşy göreşmegi öwreneliň. WIDEONY görüň.

Isa mysal getirip, ahlak taýdan arassa bolmak üçin aýgytly hereket etmelidigini düşündirdi. Matta 5:29, 30-njy aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Isa özüňe şikes ýetirmek barada däl-de, aýgytly hereket etmek barada aýtdy. Diýmek, pikiriňi arassa saklamak üçin näme etmeli? b

Ýehowa seniň erbet pikirleri taşlamak üçin edýän her bir tagallaňy görýär. Zebur 103:13, 14-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Şu aýat erbet endigiň bilen göreşmäge nädip höweslendirýär?

Ýykylan göreşden doýmaz

Käte: «Aý, men hiç haçanam düzelmerin» diýip, ruhdan düşýänsiň. Ylgamak boýunça ýaryşa gatnaşýan türgenler hakda oýlanyp gör. Türgen ylgap barýarka büdräp ýykylsa, ýaryşdan çykyp gitmeýär ýa-da başdan ylgap başlamaýar. Şonuň ýaly, birden erbet endigiňi gaýtalasaň, göreşi dowam et, sebäbi sen entek ýeňilmediň. Şu çaka çenli göreşeniň biderek däl. Käte adam näçe göreşse-de, erbet endigini gaýtalanyny duýman galýar. Şeýle ýagdaý bolanda ruhdan düşme! Ýehowanyň kömegi bilen erbet endigiňi hökman ýeňersiň.

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Taşlajak bolup her zat edýän, ýöne bolanok».

  • Haýsy aýat arkaly Ýehowanyň erbet endikleri taşlamaga kömek edýändigini düşündirerdiň?

GAÝTALAMAK

Üst-başymyz, pikirimiz we edýän işimiz arassa bolsa, Ýehowa begenýär.

Jemleýji soraglar

  • Näme üçin arassa bolmaly?

  • Nädip arassa bolmaly?

  • Pikiriňi nädip arassa saklamaly?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Garyp bolsaň-da, arassaçylygy saklap bolýar.

«Arassaçylyk — saglygyň girewi» (3:01)

Çilimi taşlamaga kömek edýän maslahatlar.

«Çilimi nädip taşlamaly?» («Oýanyň!» maý, 2010)

Pornografiýanyň ýetirýän zyýany hakda biliň.

«Pornografiýa güýmenjemi ýa-da zäher?» («Garawul diňi» 1 awgust, 2013)

Bir adam pornografiýa görmek endigini ýeňýär.

«Ýedi gezek ýykylsamam, ýerimden turdum» («Garawul diňi» No. 4, 2016)

a «Köpräk biliň» bölümdäki «Çilimi nädip taşlamaly?» diýen žurnalda erbet endigi nädip goýup bolýandygy düşündirilýär.

b Masturbasiýany ýeňmek üçin «Masturbasiýa etmek endigimi nädip goýmaly?» diýen makala serediň («Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom» bap 25).