Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

41-NJI SAPAK

Mukaddes Kitapda jynsy gatnaşyk barada näme diýilýär?

Mukaddes Kitapda jynsy gatnaşyk barada näme diýilýär?

Köp adamlar jynsy gatnaşyk barada gürrüň etmäge utanýar. Mukaddes Kitapda jynsy gatnaşyk barada açyk aýdylsa-da, okan adam özüni oňaýsyz duýmaýar, gaýtam köp zatlary öwrenýär, sebäbi olary Ýaradyjymyz Ýehowa ýazdyrdy. Eger şol maslahatlara eýersek, Hudaýy begendireris, häzirden bagtly ýaşarys.

1. Ýehowa jynsy gatnaşygy ýazgarýarmy?

Ýehowa är-aýala jynsy gatnaşyk etmek islegini berdi. Hudaý olaryň diňe bir çaga dünýä indermän, biri-birine ysnyşyp, mähir bildirip ýaşamagyny isleýär. Şonuň üçin Mukaddes Kitapda-da: «Ýaşlygyňda öýlenen aýalyň bilen şatlan» diýilýär (Nakyllar 5:18, 19). Ýehowa är-aýalyň biri-birine wepaly bolmagyny talap edýär. Ýanýoldaşyna ikilik edýän adamlary ýigrenýär (Ýewreýler 13:4-i oka).

2. Ahlaksyzlyk näme?

Mukaddes Kitapda: «Ahlaksyzlar... Hudaýyň Patyşalygyny miras almazlar» diýilýär (1 Korinfliler 6:9, 10). Mukaddes Kitapda grekçe «porneýa» sözi ahlaksyzlyk diýip terjime edilýär. «Porneýa» sözi 1) maşgala gurmadyk adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşygy a, 2) bir jynsdaky adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşygy hem-de 3) haýwanlar bilen jynsy gatnaşyk etmegi aňladýar. Eger «ahlaksyzlykdan uzakda dursak», Ýehowany begendireris, kynçylyga uçramarys (1 Selanikliler 4:3).

SÖHBETDEŞLIK

Ahlaksyzlykdan gaça durmagy öwreniň. Şeýle-de ahlak taýdan arassa bolmagyň peýdalydygyny biliň.

3. Ahlaksyzlygy ýigreniň

Hudaýy söýýän Ýusup atly ýaş ýigide bir aýal ahlaksyzlyk etmegi teklip edýär, ol çürt-kesik ýok diýýär. 1 Musa 39:1—12-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýusup näme üçin gaçyp gitdi? (9-njy aýada serediň).

  • Ýusubyň gaçyp gitmegi dogrumy? Näme üçin?

Ýaşlar nädip Ýusupdan ahlaksyzlygy ýigrenmegi öwrenip biler? WIDEONY görüň.

Ýehowa biziňem ahlaksyzlygy ýigrenmegimizi isleýär. 1 Korinfliler 6:18-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Haýsy ýagdaýlarda ahlaksyzlygyň duzagyna düşüp bileris?

  • Şeýle ýagdaýlarda nädip berk durup bilersiň?

4. Synaga garşy durup bilersiňiz

Ahlak taýdan arassa bolmak haýsy ýagdaýlarda kyn bolup biler? WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Dogan käbir pikirleriň we hereketleriň biwepalyga eltip biljekdigine düşünende näme etdi?

Käte Ýehowa köp ýyl bäri gulluk edýän adamlara-da erbet zatlaryň pikirini etmezlik aňsat däl. Ahlaksyz zatlar hakda pikirlenip ýörmez ýaly näme etmeli? Filipililer 4:8-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Biz näme hakda pikirlenmeli?

  • Her gün Mukaddes Kitaby okamak, Ýehowanyň tabşyran işlerini etmek günä etmezlige nädip kömek edýär?

5. Ýehowanyň kada-kanunlary bagtly edýär

Ýehowa nämäniň bagtly edýändigini gowy bilýär. Ýehowa bize ahlak taýdan arassa bolmagy öwredýär we peýdasyny düşündirýär. Nakyllar 7:7—27-nji aýatlary okap ýa-da WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Haýsy ädimler ýaş ýigidi ahlaksyzlyga eltdi? (Nakyllar 7:8, 9-njy aýatlara serediň).

  • Nakyllar 7:23, 26-njy aýatlara görä, ahlaksyzlyk eden adam eden işiniň ajy miwesini dadýar. Ahlaksyzlyk etmesek nähili ýagdaýa düşmeris?

  • Ahlak taýdan arassa bolsak, biz nädip häzirden bagtly bolup bileris?

Mukaddes Kitapda bir jynsdaky adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşyk ýazgarylýar. Käbir adamlar munuň bilen ylalaşman Hudaýy rehimsiz hasaplaýar. Ýöne Ýehowa adamlary söýýär, ebedi bagtly ýaşamagyny isleýär. Şonuň üçin biz Hudaýyň kada-kanunlaryna eýermeli. 1 Korinfliler 6:9—11-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Hudaý diňe bir jynsdaky adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşygy ýazgarýarmy? Başga nämeleri ýazgarýar?

Hudaýy begendirmek üçin ählimiz häsiýetlerimizi, garaýyşlarymyzy üýtgetmeli. Munuň nähili peýdasy bar? Zebur 19:8, 11-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowanyň ahlak kada-kanunlaryny dogry hasaplaýarsyňmy? Näme üçin?

Ýehowa köp adamlara ahlak taýdan arassa ýaşamagy öwretdi. Ol saňa-da kömek eder.

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Özi isleýän bolsa, jynsy gatnaşyk etmegiň nämesi erbet?!»

  • Sen näme diýerdiň?

GAÝTALAMAK

Ýehowa är-aýala jynsy gatnaşyk etmek islegini berdi.

Jemleýji soraglar

  • Näme zatlar ahlaksyzlyk hasaplanýar?

  • Ahlaksyzlygyň duzagyna düşmez ýaly näme etmeli?

  • Ýehowanyň ahlak kadalary boýunça ýaşamagyň nähili peýdasy bar?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Hudaý är-aýalyň näme üçin nikadan geçmegini isleýär?

«Mukaddes Kitapda nikadan geçmän ýaşaşmak barada näme diýilýär?» (Internet makala)

Mukaddes Kitapda bir jynsdaky adamlaryň jynsy gatnaşygy ýazgarylsa-da, şeýle adamlary näme üçin ýigrenmeli däldigini bileliň.

«Gomoseksualizm. Bu günämi?» (Internet makala)

«Olar meni ýigrenmeýärdi» diýen makaladan bir adamyň durmuşynyň nädip üýtgändigini biliň.

«Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär» («Garawul diňi» 1 aprel, 2011)

a Şeýle-de oral (agyz), anal (täret deşigi) jynsy gatnaşygyny, ýanýoldaşy bolmadyk adamyň uýat ýerini sypalamagy öz içine alýar.