Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

42-NJI SAPAK

Mukaddes Kitapda maşgala guranlar we gurmadyklar barada näme diýilýär?

Mukaddes Kitapda maşgala guranlar we gurmadyklar barada näme diýilýär?

Köp adamlar bagtly bolmak üçin hökman maşgala gurmaly diýip pikir edýär. Gynansak-da, häzir maşgala guranlaryň köpüsi bagtly däl. Maşgala gurmadyklaryň arasynda bolsa bagtly adamlaram bar. Ýehowa maşgala guranlaryň hem, gurmadyklaryň hem bagtly bolup biljekdigini aýdýar.

1. Maşgala gurmazlygyň nähili gowy taraplary bar?

Mukaddes Kitapda: «Maşgala gurýan adam hem gowy edýändir, ýöne maşgala gurmaýan has gowy edýändir» diýilýär (1 Korinfliler 7:32, 33, 38-nji aýatlary oka). Maşgala gurmadyk adamlarda nähili mümkinçilikler bar? Olaryň ýanýoldaşy bolmansoň, köp zatlary etmäge wagty bolýar, aladasy az bolýar. Olar hatda kömek gerek ýere göçüp, Hudaý barada wagyz edip bilýär. Esasy zat bolsa, Ýehowa bilen has ýakyndan dostlaşmaga wagty köp bolýar.

2. Nikaňy resmileşdirmegiň näme peýdasy bar?

Maşgala gurmagyň hem gowy taraplary bar. Mukaddes Kitapda «ýeke bolanyňdan, iki bolanyň ýagşydyr» diýilýär (Nesihat 4:9). Esasanam, är-aýalyň ikisem Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşasa, hasam gowy bolýar. Är-aýal nikasyny resmileşdirende bir-birini söýjekdigini, hormat goýjakdygyny we gadyryny biljekdigini söz berýär. Olar nikadan geçmediklere garanyňda rahat ýaşaýarlar. Şeýle maşgalalarda çagalaram arkaýyn ulalýar.

3. Ýehowa maşgalanyň nähili bolmagyny isleýär?

Ilkinji maşgalany döredende Ýehowa: «Erkek adam ene-atasyny goýup, aýaly bilen biriger» diýdi (1 Musa 2:24). Ýehowa är-aýalyň biri-birini söýmegini, ömürlik bile ýaşamagyny isleýär. Ol diňe biwepalyk edilende aýrylyşmaga rugsat berýär. Ýanýoldaşy ikilik edende aýrylyşmalymy ýa-da aýrylyşmaly däldigini her kimiň özi çözýär a (Matta 19:9). Ýehowa gullukçylaryndan bir aýalynyň ýa-da bir äriniň bolmagyny talap edýär (1 Timoteos 3:2).

SÖHBETDEŞLIK

Maşgala gursak-da, gurmasak-da bagtly bolmagy we Ýehowany begendirmegi öwreneliň.

4. Ýekeligiň gadyryny biliň

Isa käbir adamlaryň gökdäki Patyşalyk üçin maşgala gurmaýandygyny aýtdy (Matta 19:11, 12). Matta 4:23-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Isa öýlenmänsoň nämeleri edip bildi?

Maşgala gurmadyk mesihçiler hem Isa ýaly köp işleri edip şatlyk tapyp bilýär. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Maşgala gurmadyk mesihçileriň nähili mümkinçilikleri bar?

Bilýäňizmi?

Mukaddes Kitapda näçe ýaşyňda maşgala gurmalydygy aýdylmaýar, ýöne «ýaşlyk höwesleriň geçýänçä» garaşmak maslahat berilýär. Ýaş wagtyň höwesleriň güýçli bolýar, dogry karara gelmek kyn bolup biler (1 Korinfliler 7:36).

5. Ýanýoldaş saýlanyňda howlukma

Ýanýoldaş saýlamak wajyp kararlaryň biri. Matta 19:4—6, 9-njy aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Mesihçi näme üçin maşgala gurmaga howlukmaly däl?

Mukaddes Kitapda ýanýoldaş saýlanyňda nämä üns bermelidigi öwredilýär. Esasanam, Ýehowany söýýän adam bilen maşgala gurmalydygy aýdylýar b. 1 Korinfliler 7:39 we 2 Korinfliler 6:14-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Näme üçin diňe Ýehowa gulluk edýän adam bilen maşgala gurmaly?

  • Eger Hudaýy söýmeýän adam bilen maşgala gursak, Ýehowa nähili bolar?

Öküz bilen eşegi bir boýuntyryga salsaň, ikisine-de agram düşer. Ýehowanyň gullukçysy hem iman etmeýän adam bilen maşgala gursa, köp kynçylyklar dörär.

6. Maşgala ojagy mukaddesdir

Geçmişde ysraýyllar bahana gözläp aýaly bilen aýrylyşýardylar. Melek 2:13, 14, 16-njy aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Mukaddes Kitaba esaslanman aýrylyşýanlary Ýehowa näme üçin ýigrenýär?

Är ýa-da aýal biwepalyk edip aýrylyşsa, bigünä ýanýoldaşynyň we çagalarynyň ýüregine ýara salýar.

WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýanýoldaşyň Ýehowa gulluk etmeýän bolsa, maşgalaňy agzybir saklamak üçin näme edip bilersiň?

7. Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýeriň

Käbir adamlar Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak üçin köpräk jan etmeli bolýar c. Ýehowa şeýle adamlara kömek edýär. WIDEONY görüň.

Ýewreýler 13:4-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak kynmy? Näme üçin?

Ýehowa mesihçilerden maşgala gursa-da, aýrylyşsa-da, kanun taýdan resmileşdirmegi talap edýär. Titus 3:1-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Sen nikaňy kanun taýdan resmileşdirdiňmi?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Nika gyýdyrdyk, ZAGS-dan geçmek nämä gerek?!»

  • Sen näme diýerdiň?

GAÝTALAMAK

Ýehowanyň kömegi bilen maşgala gursaň-da, gurmasaň-da bagtly bolup bolýar. Munuň üçin Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaly.

Jemleýji soraglar

  • Maşgala gurmadyk adamlarda nähili mümkinçilikler bar?

  • Näme üçin Ýehowany söýýän adam bilen maşgala gurmaly?

  • Ýehowa diňe haýsy ýagdaýda aýrylyşmaga rugsat berýär?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Näme üçin diňe «Halypamyzyň şägirdi» bilen maşgala gurmaly?

«Okyjylaryň sowallary» («Garawul diňi» 1 iýul, 2004)

Duşuşmak we maşgala gurmak barada dogry karara gelmäge kömek edýän wideony görüň.

«Maşgala durmuşyna taýýarlyk» (11:53)

Bir dogan ýitiren zadyndan has köp zat alandygyny gürrüň berýär.

«Hakykata geler diýip umyt edýärdim» (1:56)

Aýrylyşmazdan ýa-da aýry ýaşamazdan öň nämeler hakda oýlanmaly?

«Hudaýyň döreden nikasyna hormat goýuň» («Garawul diňi» dekabr, 2018)

a Biwepalyk etmedik ýanýoldaşy bilen aýry ýaşamak babatda 4-nji goşmaça maglumatda düşündirilýär.

b Käbir medeniýetde çagalaryna ene-atalar ýanýoldaş saýlaýar. Şeýle ýagdaýda ene-atalar oglanyň ýa gyzyň baýlygyna we at-abraýyna gyzmaly däl. Olar Ýehowany ýürekden söýýän giýew ýa gelin saýlamaly.

c Eger sen biri bilen ýaşaşýan bolsaň, nikadan geçmelidigini ýa-da arany kesmelidigini özüň çözýärsiň.