Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

43-NJI SAPAK

Spirtli içgileri içse bolýarmy?

Spirtli içgileri içse bolýarmy?

Spirtli içgiler babatda adamlaryň garaýşy deň bolmaýar. Käbirleri dost-ýarlary bilen oturanda içmegi gowy görýär. Käbirleri asla içmeýär. Beýlekiler bolsa şeýle bir köp içýär welin, aýak üstünde durup bilmeýär. Mukaddes Kitapda spirtli içgiler barada näme diýilýär?

1. Spirtli içgileri içmek günämi?

Mukaddes Kitabyň hiç bir aýadynda spirtli içgileri içmegiň nädogrudygy aýdylmaýar. Gaýtam Hudaýyň adamlara beren gowy zatlarynyň içinde şerap hem agzalýar. Mukaddes Kitapda: «Şerap adamyň göwnüni göterýär» diýilýär (Zebur 104:14, 15). Mukaddes Kitapda Hudaýa wepaly erkek-aýallaryň şerap içendigi aýdylýar (1 Timoteos 5:23).

2. Spirtli içgileri içmek babatda nähili maslahat berilýär?

Ýehowa serhoşlygy we çeniňi bilmän içmegi halamaýar (Galatýalylar 5:21). Mukaddes Kitapda: «Şerap içegenleriň arasynda bolma» diýilýär (Nakyllar 23:20). Diýmek, biz başgalar bilen içsegem, ýeke özümiz içsegem, çenimizi bilmeli, sebäbi köp içýän adam dury pikirlenip bilmeýär. Näme edip, näme goýanyny, näme diýenini bilmeýär. Şeýle-de saglygyna zyýan ýetirýär. Eger çeniňi bilmeýän bolsaň, onda içmeseň has gowy.

3. Başgalaryň garaýşyna nädip hormat goýmaly?

Spirtli içgileri içmelimi ýa-da içmeli däldigini her kimiň özi çözýär. Ýöne biz çenini bilip içýän adamlary ýazgarmaly däl. Içmeýän adamlara bolsa içirjek bolup durmaly däl (Rimliler 14:10). Eger başgalary büdredýän bolsak, onda içmesek gowy bolar (Rimliler 14:21-i oka). Biz: «Öz peýdamyzy däl-de, başgalaryň peýdasyny gözlemeli» (1 Korinfliler 10:23, 24-nji aýatlary oka).

SÖHBETDEŞLIK

Spirtli içgileri içmek we näçeräk içmek hakdaky kada-kanunlary öwreneliň. Aşa köp içmezlige nämäniň kömek edýändigini bileliň.

4. Içmelimi ýa içmeli däl?

Isa spirtli içgileri içmek babatda nähili pikir edýärdi? Onuň ilkinji görkezen gudratyndan şu soragyň jogabyny bilip bolýar. Ýahýa 2:1—11-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Isa spirtli içgileri içmegi we ony içýän adamlary ýazgardymy?

  • Onda Hudaýyň gullukçylary spirtli içgileri içýän adamlary ýazgarmalymy?

Spirtli içgileri içmek gadagan edilmese-de, Hudaýyň gullukçysy paýhasly bolmaly. Nakyllar 22:3-i okap, aşakdaky ýagdaýlarda içmeli ýa-da içmeli däldigi hakda gürrüňdeş boluň.

  • Ulag sürjek ýa-da tehniki enjamlary işletjek bolsaň.

  • Göwreli bolsaň.

  • Lukman içmezligi maslahat beren bolsa.

  • Çendenaşa köp içýän bolsaň.

  • Hökümetiň kanunyna garşy gelýän bolsa.

  • Içgini taşlan, ýöne häzirem şol ejizligi bilen göreşýän adam bilen bir saçakda otursaň.

Toý edeniňde ýa-da myhman çagyranyňda spirtli içgileri goýsa bolýarmy? WIDEONY görüp, näme etmelidigini biliň.

Rimliler 13:13 we 1 Korinfliler 10:31, 32-nji aýatlary okaň. Her aýady okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Şu aýada görä Ýehowa ýaraýan karara nädip gelip bilersiň?

Spirtli içgileri içmeli ýa-da däldigini her kimiň özi çözýär. Hudaýyň gullukçysy spirtli içgileri içýänem bolsa, hemme ýerde içip ýörmez.

5. Näçeräk içmeli?

Ýehowa spirtli içgileri içmegi gadagan etmese-de, aşa köp içmegiň nädogrudygyny öwredýär. Näme üçin? Hoşeýa 4:11, 18-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Köp içýän adam nämäniň üstünden barýar?

Aşa köp içmez ýaly näme edip bileris? Pespäl adam çägini bilýär, aşa köp içmeýär. Nakyllar 11:2-ni okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Näme üçin näçeräk içjekdigiňi öňünden çözmeli?

6. Içgini taşlap bilersiňiz!

Käbir adamlar içgini taşlap bildiler. Geliň, olaryň birine nämäniň kömek edendigini bileliň. WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Dmitriý içensoň nähili bolýardy?

  • Içgisini goýmak aňsat düşdümi?

  • Ol içgini nädip taşlady?

1 Korinfliler 6:10, 11-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa arakhorlara nähili garaýar?

  • Içgini taşlap bolýandygyny näme görkezýär?

Matta 5:30-y okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowany razy etmek üçin, edil eliňi kesip taşlan ýaly käbir zatlardan geçmeli. Içgini taşlamak üçin sen nämeleri edip bilersiň? a

1 Korinfliler 15:33-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Gatnaşýan adamlaryň köp içmegiňe sebäp bolup bilermi?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Arak içse bolýarmy? Siziň kitabyňyzda näme diýilýär?»

  • Sen näme diýerdiň?

ESASY PIKIRLER

Mukaddes Kitapda şerap adamyň göwnüni göterýär diýilýär. Ýöne Ýehowa serhoşlygy we çeniňi bilmän içmegi halamaýar.

Gaýtalamak

  • Mukaddes Kitapda spirtli içgileri içmek barada näme diýilýär?

  • Aşa köp içmek nämäniň üstünden eltip biler?

  • Spirtli içgileri içýän ýa-da içmeýän adamlaryň garaýşyna nädip hormat goýup bileris?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Ýaşlar spirtli içgileri içmezden öň nämeler hakda oýlanmaly?

«Spirtli içgileri içmezden öň gowy oýlanyň» (2:31)

«Düýbi deşik çelekdim» diýen makaladan bir adamyň içgini nädip goýandygyny biliň.

«Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär» («Garawul diňi» 1 maý, 2012)

a Arakhor adamlara käte lukmanyň kömegi gerek bolýar. Lukmanlaryň köpüsi arakhor adamlara asla içmezligi maslahat berýär.