Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

45-NJI SAPAK

Sen nädip bitaraplygy saklap bilersiň?

Sen nädip bitaraplygy saklap bilersiň?

Isa pygamber şägirtlerine «dünýäden bolmaň» diýdi (Ýahýa 15:19). Munuň üçin olar syýasata, urşa goşulmaly däl, olary goldamaly hem däl. Elbetde, hiç zada goşulmazlyk, hiç kimiň tarapyny tutmazlyk aňsat däl. Belki, seniň üstüňden gülmekleri ýa-da gaharlanmaklary mümkin. Şeýle ýagdaýda nädip bitaraplygy saklap we Ýehowa wepaly bolup bilersiň?

1. Isanyň şägirtleri ýaşaýan döwletine nähili garaýarlar?

Ýehowanyň Şaýatlary ýaşaýan döwletine hormat goýýar. Olar Isanyň aýdyşy ýaly, «patyşanyňkyny patyşa berýär» (Markus 12:17). Olar ýurduň kanunyna gulak asýar, salgytlary töleýär. Mukaddes Kitaba laýyklykda, ynsan hökümetlerine höküm sürmäge Hudaý rugsat berdi (Rimliler 13:1). Diýmek, olaryň erk-ygtyýary çäkli, Hudaýyňkydan ýokary däl. Diňe Hudaýyň Patyşalygy ähli kynçylyklary çözüp biler.

2. Bitaraplygy saklamak üçin näme etmeli?

Bir gezek Isa gudrat görkezensoň, adamlar ony patyşa etjek bolýar. Ýöne ol patyşa bolmaýar (Ýahýa 6:15). Isa şägirtlerine: «Meniň Patyşalygym şu dünýäden däl» diýip öwredýärdi (Ýahýa 18:36). Şonuň üçin biz hem Isadan görelde alyp, bitaraplygy saklaýarys. Meselem, biz urşa gatnaşmaýarys (Mikaý 4:3-i oka). Döwlet nyşanlaryna hormat goýýarys, ýöne olara tagzym etmeýäris (1 Ýahýa 5:21). Şeýle-de saýlawlara gatnaşmaýarys, hiç kimiň tarapyny tutmaýarys. Şeýdip, diňe Hudaýyň Patyşalygyny goldaýarys.

SÖHBETDEŞLIK

Haýsy ýagdaýlarda bitaraplygy saklamagyň kyn bolýandygyny we Hudaýy begendirmegi öwreneliň.

3. Isanyň şägirtleri hiç kimiň tarapyny tutmaýar

Isa bilen şägirtleri gowy görelde görkezdi. Rimliler 13:1, 5—7 we 1 Petrus 2:13, 14-nji aýatlary okaň. Soňra WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Biz näme üçin häkimiýetlere hormat goýmaly?

  • Olara haýsy ýagdaýlarda tabyn bolmaly?

Uruş turanda käbir ýurtlar hiç kimiň tarapyny tutmaýandygyny aýtsalar-da, iki tarapa-da kömek edip durýarlar. Olar hiç kimiň tarapyny tutmaýar diýip bolarmy? Ýahýa 17:16-ny okaň. Soňra WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Bitarap bolmak näme aňladýar?

Häkimiýetler Hudaýyň kanunyna garşy gelýän zady talap etse näme etmeli? Resullar 5:28, 29-njy aýatlary okaň. Soňra WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Eger döwletiň kanuny Hudaýyň kanunyna garşy gelse, kime gulak asmaly?

  • Isanyň şägirtleri haýsy ýagdaýlarda döwlete tabyn bolmaýar?

4. Pikiriňde-de bitaraplygy sakla

1 Ýahýa 5:21-i okaň. Soňra WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Aýen näme üçin syýasy çärä gatnaşmaýar we baýdaga tagzym etmeýär?

  • Ol dogry etdimi?

Ýene haýsy ýagdaýlarda bitaraplygy saklamaly? WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Sport oýunlarynda nädip hiç kimiň tarapyny tutmaly däl?

  • Syýasy ýolbaşçylaryň edýän işleri peýdaly ýa zyýanly bolsa-da, nädip bitaraplygy saklamaly?

  • Täzeliklere seredenimizde ýa-da adamlar bilen gürrüňdeş bolanymyzda nädip bitaraplygy saklamaly?

Isanyň şägirtleri haýsy ýagdaýlarda bitaraplygy saklaýar?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Sen näme üçin gimn aýdaňok ýa-da baýdaga tagzym edeňok?»

  • Sen näme diýerdiň?

GAÝTALAMAK

Isanyň şägirtleri pikirinde-de, aýdýan sözlerinde-de, edýän işlerinde-de bitaraplygy saklaýarlar.

Jemleýji soraglar

  • Biz haýsy ýagdaýlarda häkimiýete tabyn bolmaly?

  • Biz näme üçin syýasata goşulmaýarys?

  • Biz haýsy ýagdaýlarda bitaraplygy saklamaly?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Bitaraplygy saklamak üçin nämelerden geçmeli bolarys?

«Ýehowa hiç wagt taşlamady» (3:14)

Ene-atalar çagalaryna bitaraplygy saklamagy nädip öwredip biler?

«Çärelerde bitaraplygy saklamak» (4:25)

Bir adam nädip watanyndanam has mukaddes zadyň bardygyna düşündi?

«Hudaý bilen ähli zady başaryp bolýar» (5:19)

Iş saýlanymyzda «dünýäden bolmaň» diýen prinsipe nädip eýerip bileris?

«Her kim öz ýüküni özi götermeli» («Garawul diňi» 15 mart, 2006)