Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

46-NJY SAPAK

Özüňi näme üçin Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmeli?

Özüňi näme üçin Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmeli?

Hudaýa özüňi bagyş etmek üçin doga edip, diňe Ýehowa gulluk etjekdigiňi söz bermeli, Hudaýy durmuşyňda birinji orunda goýmaly (Zebur 40:8). Soňra suwa çümdürilmeli. Suwa çümdürileniňde özüňi Hudaýa bagyş edendigiňi hemmeler görýär. Özüňi Hudaýa bagyş etmek durmuşda iň wajyp ädimleriň biri. Seni şeýle wajyp ädimi ätmäge näme höweslendirip biler?

1. Adam näme üçin ömrüni Hudaýa bagyş edýär?

Söýgi özüňi Hudaýa bagyş etmäge höweslendirýär (1 Ýahýa 4:10, 19). Mukaddes Kitapda: «Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin aň-düşünjäň we bütin güýjüň bilen söý» diýilýär (Markus 12:30). Ýehowa Hudaýy söýýändigimizi diňe bir aýtman, durmuşymyzda hem görkezmeli. Meselem, oglan bilen gyz biri-birini ýürekden söýse, maşgala gurup, bütin ömrüne bile ýaşamaga taýyn bolýar. Şonuň ýaly biz hem Ýehowany ýürekden söýsek, ömrümizi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürileris.

2. Suwa çümdürilseň nähili bereketleri alarsyň?

Sen suwa çümdürilip, Ýehowanyň bagtly maşgalasyna goşularsyň. Ýehowa ata hökmünde her gün seniň aladaňy eder. Gün-günden Hudaý bilen dostlugyň berkär (Melek 3:16—18-nji aýatlary oka). Şeýle-de Ýehowany we seni söýýän her dürli milletli doganlaryň, uýalaryň bolar (Markus 10:29, 30-njy aýatlary oka). Elbetde, suwa çümdüriljek bolsaň, senem käbir zatlary etmeli. Ýehowany tanamaly, ony söýmeli, Ogluna iman etmeli. Şondan soň özüňi Ýehowa bagyş etmeli. Eger sen şu ädimleri ädip suwa çümdürilseň, häzirden bagtly ýaşarsyň. Hudaýyň Sözünde-de: «Suwa çümdürilip... halas bolýarsyňyz» diýilýär (1 Petrus 3:21).

SÖHBETDEŞLIK

Ömrüňi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmek durmuşda iň wajyp ädim.

3. Kime gulluk etjekdigiňi saýla

Ysraýyllaryň käbiri Ýehowa-da, Bagal taňrysyna-da gulluk edýärdi. Ýöne Ýehowa Ylýas pygamberi iberip, olaryň nädogry edýändigini aýtdy. 1 Patyşalar 18:21-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ysraýyllar nämäni saýlamalydy?

Biz ysraýyllar ýaly, kime gulluk etjekdigimizi saýlamaly. Luka 16:13-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Näme üçin hem Ýehowa, hem başga birine sežde edip bolmaýar?

  • Ýehowa sežde etmek isleýän bolsak näme etmeli?

4. Ýehowanyň ýagşylyklary hakda oýlan

Ýehowa bize köp ýagşylyklary edýär. Biz onuň ýagşylygyny nädip gaýtaryp bileris? WIDEONY görüň.

Ýehowanyň seni güýçli söýýändigini köp zat subut edýär. Zebur 104:14, 15 we 1 Ýahýa 4:9, 10-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Sen Ýehowanyň haýsy ýagşylygyna minnetdar bolýarsyň?

  • Ýehowanyň eden ýagşylygyny nädip gaýtarasyň gelýär?

Biri gowy görýän zadymyzy ýa-da gerek zady sowgat berse, biz oňa minnetdar bolarys. 5 Musa 16:17-ni okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowanyň seniň üçin eden ýagşylyklary hakda oýlansaň näme edesiň geler?

5. Ömrüňi Ýehowa bagyş etseň ökünmersiň

Köp adamlar bagtly bolmak üçin at-abraýyň, käriň, puluň bolmaly diýýärler. Ýöne olar bagtlymy? WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Andreý futboly gowy görse-de, kärini näme üçin goýdy?

  • Ol ömrüni futbola däl-de, Ýehowa bagyş etdi. Ol dogry etdimi? Näme üçin?

Pawlus resul Isanyň şägirdi bolmanka, atly-abraýly adam bolupdyr. Ol şol döwrüň iň ökde mugallymyndan ýehudylaryň kanunyny öwrenipdir. Ýöne Pawlus Isanyň şägirdi bolanda olaryň ählisinden geçdi. Ol şeýle edendigine ökündimikä? Filipililer 3:8-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Pawlus näme üçin öňki gazanan zatlaryny «zir-zibil» hasaplady?

  • Ol ýüz öwren zatlaryna derek näme gazandy?

  • Ömrüňi Ýehowa bagyş etmek dogrumy? Näme üçin?

Pawlus Isanyň şägirdi bolmak üçin köp zatdan geçdi, ýöne has köp bereket aldy.

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Dinim diýip ýapyşyp ýatyrsyň, durmuşyň hözirini gör-ä».

  • Ýehowa ömrüňi bagyş edeniňe degýärmi? Näme üçin?

GAÝTALAMAK

Biz Hudaýy söýýändigimiz üçin bütin ömrümizi bagyş edip, suwa çümdürilýäris.

Jemleýji soraglar

  • Näme üçin Ýehowany bütin ýüregiň bilen söýmeli we diňe oňa sežde etmeli?

  • Suwa çümdürilseň nähili bereketleri alarsyň?

  • Sen Ýehowa özüňi bagyş etmek isleýärsiňmi?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Aýdymçy bilen futbolçynyň özüni Ýehowa näme üçin bagyş edendigini biliň.

«Ýaşlaryň sowallary. Men ömrümi nämä bagyş etmeli? Geçmişi ýatlaýan» (6:54)

Hudaýa ömrüňi bagyş etmegiň başga-da sebäplerini biliň.

«Näme üçin özüňi Ýehowa bagyş etmeli?» («Garawul diňi» 15 ýanwar, 2010)

Şekilli aýdymda adamlar suwa çümdürilenine begenýär.

«Ömrümi saňa bagyş edýärin» (4:30)

«„Näme üçin ýaşaýarys?“ diýip oýlanýardym» diýen terjimehaldan bir aýalyň durmuşy hakda okaň.

«Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär» («Garawul diňi» 1 noýabr, 2012)