Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

48-NJI SAPAK

Gowy dostlary nädip tapmaly?

Gowy dostlary nädip tapmaly?

Hakyky dost gowy günüňde şatlygyňa şatlyk goşýar, kyn günüňde derdiňi deň çekişýär. Ýöne Mukaddes Kitapda hemme adamyň şeýle dost bolup bilmeýändigi aýdylýar. Onda gowy dosty nädip tapmaly? Geliň, bileliň.

1. Näme üçin gowy adamlar bilen dostlaşmaly?

Biz kim bilen gatnaşsak, islesek-islemesek şoňa meňzäp başlaýarys. Oturyşyp-turuşýan ýa-da Internetde gürleşýän adamlarymyz bize ýa gowy, ýa erbet täsir edip bilýär. Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, «paýhasly adam bilen dost bolsaň, paýhasly bolarsyň. Akmak (ýagny Ýehowany söýmeýän adam) bilen dost bolsaň, zyýan çekersiň» (Nakyllar 13:20). Ýehowany söýýän, sežde edýän dostlar Hudaýy begendirip ýaşamaga we onuň bilen dostlaşmaga kömek edýär. Tersine Ýehowany söýmeýän, sežde etmeýän adamlar bolsa, Hudaýdan daşlaşdyrýar. Şonuň üçin Mukaddes Kitapda dostlaryňy ünsli saýlamak maslahat berilýär. Ýehowany söýýän gowy dostlar «biri-birini ruhlandyrýar, birek-biregi berkidýär» (1 Selanikliler 5:11).

2. Ýehowa kim bilen dostlaşýanyňa üns berýärmi?

Ýehowa hemmeler bilen däl-de, diňe dogruçyl adamlar bilen dost bolýar (Nakyllar 3:32). Hudaýy söýmeýän adamlar bilen dostlaşsak, Ýehowa gynanýar (Ýakup 4:4-i oka). Erbetler bilen arany kesip, Ýehowany söýýän adamlar bilen dostlaşsak, ol begenýär. Şonda Ýehowa hem bizi öz dosty hasaplar (Zebur 15:1—4).

SÖHBETDEŞLIK

Dostlary ünsli saýlamagy we gowy dostlary tapmagy öwreniň.

3. Erbetler bilen gatnaşmaň

Hudaýy söýmeýän, tabşyryklary boýunça ýaşamaýan adamlara gowy dost diýip bolmaz. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Erbet adamlara nädip meňzäp başlamagymyz mümkin?

1 Korinfliler 15:33-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Nähili adamlar saňa erbet täsir edip biler? Näme üçin?

Zebur 119:63-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Nähili adamlar bilen dostlaşmaly?

Bir çüýrük alma beýlekileri hem çüýredýär. Erbet adam bilen dostlaşsaň, sen hem oňa meňzärsiň.

4. Pikir etmedik adamlaryň gowy dost bolup biler

Mukaddes Kitapda Dawut bilen Ýonatanyň gowy dost bolandygy aýdylýar. Olar biri-birinden tapawutlanýardy. Dawut ýaşdy, çopan oglandy. Ýonatan bolsa ep-esli uludy, özem patyşanyň ogludy. Ýöne olar jana-jan dostdy. 1 Şamuwel 18:1-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýaşy ýa-da ýagdaýy seniňkiden tapawutlanýan adamlar hem näme üçin gowy dost bolup biler?

Rimliler 1:11, 12-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowany söýýän dostlar birek-biregi nädip goldap bilýär?

Wideoda ýaş doganyň ulurak ýaşly dogan bilen dostlaşandygy görkezilýär. WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ene-atasy Akil bilen mekdepdäki dostlary hakda näme üçin gürleşdi?

  • Akil başda näme üçin mekdepdäki oglanlar bilen tirkeşip başlady?

  • Ol ýekeligi nädip ýeňdi?

5. Gowy dostlary nädip tapmaly?

Gowy dostlary tapmagy we gowy dost bolmagy öwreniň. WIDEONY görüň.

Nakyllar 18:24 we 27:17-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Gowy dostlar biri-birine nädip kömek edýär?

  • Seniň hem şeýle dostlaryň barmy? Eger ýok bolsa, nädip tapyp bilersiň?

Filipililer 2:4-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Gowy dost tapynmak üçin, ilki, özüň gowy dost bolmaly. Sen nädip gowy dost bolup bilersiň?

Gowy dost tapynmak isleseň, özüňem gowy dost bol.

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Dostlaryň haýsy dine uýanda näme, gowy adam bolsa bolýar-da!»

  • Sen näme diýerdiň?

GAÝTALAMAK

Dostlary ünsli saýlasak, Ýehowany begendireris, özümize-de zyýan ýetmez.

Jemleýji soraglar

  • Ýehowa kim bilen dostlaşýanymyza üns berýärmi?

  • Biz nähili adamlar bilen dostlaşmaly däl?

  • Gowy dost tapynmak üçin näme etmeli?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Internet arkaly hakyky dostlary tapyp bolýarmy?

«Interneti paýhasly ulan!» (4:12)

«Ata mährine zardym» diýen terjimehaldan bir adamyň hakyky dostlary tapyşy hakynda biliň.

«Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär» («Garawul diňi» 1 aprel, 2012)