Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

50-NJI SAPAK

Ene-atalar we çagalar nädip bagtly bolup biler?

Ene-atalar we çagalar nädip bagtly bolup biler?

Ýehowa ene-atalara çagalarynyň aladasyny etmegi we olary terbiýelemegi tabşyrdy. Munuň üçin Hudaý gerekli maslahatlary berýär. Çagalar hem maşgalanyň bagtly bolmagy üçin köp zatlary edip biler.

1. Ýehowa ene-atalara näme maslahat berýär?

Ýehowa ene-atalaryň çagalaryny söýmegini we olara köpräk üns bermegini isleýär. Şeýle-de ene-atalar çagalaryny erbetlikden goramaly we Mukaddes Kitapdaky kada-kanunlar boýunça terbiýelemeli (Nakyllar 1:8). Hudaý ene-atalara: «Çagalaryňyzy...Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaldyň» diýýär (Efesliler 6:4-i oka). Ýehowa ene-atalaryň çaga terbiýesini dogan-garyndaşlarynyň ýa-da başgalaryň üstüne atmagyny islemeýär. Ýehowa çagalaryny Mukaddes Kitap boýunça terbiýeleýän ene-atalary görende begenýär.

2. Ýehowa çagalara näme maslahat berýär?

Hudaý çagalara: «Ene-ataňyza hemişe gulak asyň» diýýär (Koloslylar 3:20-ni oka). Çagalar ene-atasyna hormat goýsa we gulak assa, Ýehowa-da, ene-atasy hem begenýär (Nakyllar 23:22—25). Isa kämil bolsa-da, bikämil ene-atasyna gulak asyp, gowy görelde görkezdi. Ol ene-atasyna hormat goýup, olaryň aýdan-diýeninden çykmaýardy (Luka 2:51, 52).

3. Maşgalaňyza Ýehowa bilen dostlaşmaga nädip kömek edip bilersiňiz?

Ýehowany ýürekden söýýän ene-atalar çagalarynyňam Hudaýy söýmegini isleýär. Olar çagalaryna Hudaýy söýmegi nädip öwredip biler? Mukaddes Kitapda şeýle maslahat berilýär: «(Ýehowanyň Sözüni) çagalaryňyzyň hem aňyna, ýüregine guýuň. Olary çagalaryňyza öýde-de, ýolda-da... öwrediň» (5 Musa 6:7). Köplenç çagalar eşiden zadyny tiz ýadyndan çykarýar. Şonuň üçin olaryň aňyna siňer ýaly, gaýta-gaýta öwretmeli. Ene-atalar mümkinçilik dörände, her dürli ýagdaýlarda çagalaryna Ýehowa barada öwredip durmaly. Wagt tapyp, her hepde maşgalaňyz bilen Mukaddes Kitaby öwreniň. Hatda çagalary ýok är-aýallar hem her hepde Hudaýyň Sözüni öwrense, maşgalasyny berkider.

SÖHBETDEŞLIK

Maşgalany bagtly etmäge we goramaga kömek edýän maslahatlara seredeliň.

4. Çagalara mähir bilen terbiýe beriň

Çagany terbiýelemek aňsat däl. Ýöne Mukaddes Kitabyň kömegi bilen gowy terbiýe berip bolýar. Ýakup 1:19, 20-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ene-atalar çagalary bilen gepleşende nädip mähirli bolup biler?

  • Ene-atalar näme üçin gaharly wagty çagalaryna temmi bermeli däl? a

5. Çagalaryňyzy goraň

Ene-atalar özlerini oňaýsyz duýsalar-da, çagalary bilen jynsy gatnaşyk hakda açyk gepleşmeli. Şonda olar çagalaryny azgyn adamlardan gorap biler. WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Käbir ene-atalara näme üçin çagalary bilen jynsy gatnaşyk hakda açyk gepleşmek aňsat däl?

  • Käbir ene-atalar çagalary bilen jynsy gatnaşyk hakda gepleşmek üçin näme etdiler?

Pygamberlik edilişi ýaly, Şeýtanyň dünýäsinde azgyn adamlar gitdigiçe köpelýär. 2 Timoteos 3:1, 13-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • 13-nji aýatda aýdylýan zalym adamlara çagalary azdyrýan we zorlaýan adamlar hem degişli. Çagalaryny azgyn adamlardan goramak üçin ene-atalar näme üçin jynsy gatnaşyk barada düşündirmeli?

Bilýäňizmi?

Ýehowanyň Şaýatlary çagalar bilen jynsy gatnaşyk barada gepleşmäge we olary azgyn adamlardan goramaga kömek edýän edebiýatlary çykardy.

6. Ene-ataňyza hormat goýuň

Çagalar kiçi bolsa-da, uly bolsa-da, ene-atasy bilen sylaşykly gepleşmeli. WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Çagalar näme üçin ene-atasy bilen sylaşykly gepleşmeli?

  • Ene-ataň bilen nädip sylaşykly gepleşmeli ekeni?

Nakyllar 1:8-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ene-atasy bir zat diýende çagalar özüni nähili alyp barmaly?

7. Maşgala okuwyny geçiriň

Ýehowanyň Şaýatlary çagalaryna Hudaý barada öwretmek üçin, her hepde wagt tapýarlar. Olar maşgala okuwyny nädip geçirip biler? WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Maşgala okuwyny yzygider geçirer ýaly näme etse bolar?

  • Maşgala okuwyndan her kim bir zat öwrener ýaly we gyzykly geçer ýaly ene-atalar näme edip biler? (Sapagyň başyndaky surata serediň).

  • Her hepde maşgala okuwyny geçirmäge nämeler päsgel berip biler?

Geçmişde-de Ýehowa halkyna Mukaddes Kitaby tutuş maşgala bolup yzygiderli öwrenmegi tabşyrypdy. 5 Musa 6:6, 7-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Şu prinsipe nädip eýerip bilersiň?

Maşgala okuwyny geçirmegiň usullary

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Mukaddes Kitaba uly adamlar zordan düşünýär, çagalar nädip düşünsin?!»

  • Sen näme diýerdiň?

GAÝTALAMAK

Ýehowa ene-atalaryň çagalary bilen mähirli gepleşmegini, terbiýe bermegini, goramagyny, çagalaryň bolsa ene-atasyna gulak asyp, hormat goýmagyny isleýär. Şeýle-de olaryň wagt tapyp, maşgala bolup Hudaý barada öwrenmegini isleýär.

Jemleýji soraglar

  • Ene-atalar çagalaryny nädip terbiýeläp we gorap biler?

  • Çagalar ene-atasyna nädip hormat goýup biler?

  • Her hepde maşgala okuwyny geçirmegiň näme peýdasy bar?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Çagalara kiçilikden terbiýe bermek babatda maslahatlar.

«Çagalara öwretmeli alty häsiýet» («Oýanyň!» No. 2, 2019)

Bir ata çagalaryna gowy terbiýe berip bildi.

«Ýehowa bize çagalary terbiýelemegi öwretdi» (5:58)

Atalara ogullary bilen dostlaşmaga näme kömek eder?

«Kakalar ogullary bilen dost bolup bilýär» («Garawul diňi» 1 noýabr, 2011)

a Mukaddes Kitaba görä, «terbiýe bermek» çagany kemsitmegi ýa-da urup-ýençmegi däl-de, öwretmegi, düşündirmegi, düzetmegi hem temmi bermegi aňladýar (Nakyllar 4:1).