Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

52-NJI SAPAK

Geýnişiň we daş keşbiň bilen Hudaýy şöhratlandyr

Geýnişiň we daş keşbiň bilen Hudaýy şöhratlandyr

Biziň geýnişimiz, özümize timar berişimiz biri-birimiziňkiden tapawutlanyp biler. Biz diňe öz isleýşimiz ýaly däl-de, Ýehowanyň garaýşyny hem göz öňünde tutup geýinýäris we özümize seredýäris. Geliň, käbir prinsiplere seredeliň.

1. Eşik saýlanyňda ýa bezeneniňde haýsy prinsip kömek eder?

«Hudaýa wepaly» bolmak üçin, biz «gelşikli, salykatly egin-eşik geýip, sagdyn düşünjeli» bolmaly (1 Timoteos 2:9, 10). Geliň, şol dört prinsipiň her birine aýratynlykda seredeliň. Birinjiden, egin-eşigimiz «gelşikli» bolmaly. Siz ýygnak duşuşyklaryna baranyňyzda dogan-uýalaryň her dürli geýnendigini görensiňiz. Ýöne olaryň geýnişi, saçyna timar berişi, Hudaýa hormat goýýandygyny görkezýär. Ikinjiden, biz «salykatly» geýinmeli. Egin-eşigimiz başgalarda erbet höwesleri döretmeli däl we göze ilginç bolmaly däl. Üçünjiden, «sagdyn düşünjeli» adam moda kowalaşyp geýinmeýär. Dördünjiden, geýnişimiz, daş keşbimiz «Hudaýa wepaly» adamdygymyzy görkezmeli. Biz hemişe hak Hudaýyň gullukçysy hökmünde tanalmak isleýäris (1 Korinfliler 10:31).

2. Daş keşbimiz dogan-uýalara nähili täsir edýär?

Elbetde, nähili geýinmelidigini her kimiň özi çözýär. Ýöne şonda-da daş keşbimiziň we egin-eşigimiziň başgalara nähili täsir edýändigi hakda oýlanmaly. Biz dogan-uýalary büdretmek islemeýäris. Gaýtam olar üçin «peýdaly zatlary edip... ýagşy işlerimiz bilen ruhlandyrasymyz» gelýär (Rimliler 15:1, 2-nji aýatlary oka).

3. Daş keşbimizi görüp adamlar hakykata nähili seslener?

Biz hemişe salykatly geýinmek isleýäris. Ýöne ýygnaga ýa wagza gidenimizde daş keşbimize hasam ünsli bolmaly. Adamlar daş keşbimize seredip büdremeli däl ýa-da egin-eşigiň göze ilginç bolmaly däl. Gaýtam hoş habary diňlemäge höweslendirmeli. Şonda «Halasgär Hudaýymyzyň taglymatyna şöhrat getireris» (Titus 2:10).

SÖHBETDEŞLIK

Geýnişimiz we daş keşbimiz bilen Hudaýa hormat goýýandygymyzy görkezmeli.

Egin-eşigimiz adamlara ýa hormat goýýandygymyzy, ýa-da äsgermeýändigimizi görkezýär. Ýehowa adamlaryň ýüregini görse-de, biziň daş keşbimiz oňa hormat goýýandygymyzy görkezmeli.

4. Ýehowa hormat goýalyň

Biz näme üçin daş keşbimize we geýnişimize ünsli bolmak isleýäris? Ylham 4:11-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Egin-eşik saýlanymyzda we özümize seredenimizde nämäni göz öňünde tutmaly?

  • Ýygnaga ýa-da wagza gidenimizde daş keşbimize üns bermek hökmanmy? Näme üçin şeýle pikir edýärsiň?

5. Karara gelmäge kömek edýän prinsipler

WIDEONY görüň.

Geýýän eşigimiz arzan ýa gymmat bolsun, esasy zat, arassa, salykatly we her ýagdaýa görä bolmaly. 1 Korinfliler 10:24 we 1 Timoteos 2:9, 10-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Näme üçin hapa ýa-da sölpi geýinmeli däl?

  • Näme üçin ahlaksyz pikirleri we höwesleri döredýän eşikleri geýmeli däl? (Meselem, dar ýa açyk eşikler).

Ýehowanyň Şaýatlary häzir Musanyň kanuny boýunça ýaşamaýar. Ýöne käbir tabşyryklardan Ýehowanyň garaýşyny bilse bolýar. 5 Musa 22:5-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Näme üçin aýallar erkekler ýaly, erkeklerem aýallar ýaly geýinmeli däl ýa-da saçyna şeýle timar bermeli däl?

1 Korinfliler 10:32, 33 we 1 Ýahýa 2:15, 16-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Biz näme üçin geýnenimizde ýaşaýan ýerimizdäki adamlaryň we dogan-uýalaryň garaýşyny göz öňünde tutmaly?

  • Seniň ýaşaýan ýeriňde nähili geýinmek we saçyňa timar bermek moda?

  • Şolaryň käbiri ýaly geýinsek ýa-da saçymyza timar bersek, Hudaýyň adyna ysnat getirerismi? Näme üçin şeýle pikir edýärsiň?

Egin-eşigimiz we daş keşbimiz tapawutlansa-da, Ýehowany şöhratlandyrmaly.

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Näme geýmelidigini özüm gowy bilýän, islänimi geýjek!»

  • Senem şeýle pikir edýärsiňmi? Näme üçin?

ESASY PIKIRLER

Gelşikli we salykatly geýinsek, Ýehowa-da, adamlara-da hormat goýýandygymyzy görkezeris.

Gaýtalamak

  • Geýnişimize we daş keşbimize Ýehowa näme üçin üns berýär?

  • Geýinmek we özümize seretmek babatda nähili prinsipler bar?

  • Egin-eşigimizi we daş keşbimizi görüp, adamlar hakykata nähili seslener?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Egin-eşigimiz nähili adamdygymyzy görkezýär.

«Nähili geýinmeli?» (Internet makala)

Endamyňa surat çekdirmek babatda Hudaýyň garaýşyny biliň.

«Mukaddes Kitapda endamyňa surat çekdirmek barada näme diýilýär?» (Internet makala)

Egin-eşik we özüňe timar bermek babatda ýene haýsy maslahatlar kömek edip biler?

«Siziň egin-eşigiňiz Hudaýy şöhratlandyrýarmy?» («Garawul diňi» sentýabr, 2016)

Bir aýal geýinmek babatda adamlaryň garaýşyna hormat goýmagy öwrendi.

«Adamlaryň daş keşbine we geýnişine büdreýärdim» («Oýanyň!» 22 dekabr, 2003)