Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

54-NJI SAPAK

«Wepaly hem paýhasly hyzmatkäriň» edýän işleri

«Wepaly hem paýhasly hyzmatkäriň» edýän işleri

Ýygnagyň başy Isa (Efesliler 5:23). Häzir ol gökde höküm sürýär, «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» arkaly şägirtlerine görkezme berýär (Matta 24:45-i oka). Isa şol «hyzmatkäri» belläp, belli bir meseleleri çözmäge ygtyýar berdi. Ýöne ol Isa Mesihe gulak asýar we doganlaryna hyzmat edýär. Wepaly hyzmatkär kim? Ol nädip aladamyzy edýär?

1. «Wepaly hem paýhasly hyzmatkär» kim?

Geçmişde-de Ýehowa halkyna adamlar arkaly ýolbaşçylyk edýärdi (Melek 2:7; Ýewreýler 1:1). Isa ölensoň hem Iýerusalimdäki resullar bilen ýaşulular Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk etdiler (Resullar 15:2). Şonuň ýaly şu günlerem Hudaýyň halkyna tejribeli ýaşululardan ybarat kiçi topar ýolbaşçylyk edýär. Olara Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty diýilýär. Olar Hudaýyň halkyna ruhy iýmit berýär we wagyz işine gözegçilik edýär. Şol topar Isanyň bellän «wepaly hem paýhasly hyzmatkäri» (Matta 24:45b). Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary saýlanan doganlar. Olar aradan çykansoň, gökde Mesih bilen höküm sürerler.

2. Ruhy iýmit näme?

Isa wepaly hyzmatkäriň şägirtlerine «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny», ýagny ruhy iýmiti berjekdigini aýtdy (Matta 24:45a). Ruhy iýmit — Mukaddes Kitapda ýazylan öwüt-nesihatlar we kada-kanunlar. Naharyň saglygymyzy berkidip güýç-kuwwat berişi ýaly, ruhy iýmit hem Ýehowa wepaly bolmaga we Isanyň tabşyrygyny ýerine ýetirmäge güýç-kuwwat berýär (1 Timoteos 4:6). Biz ýygnaklar, kongresler, Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlar we wideolar arkaly ruhy iýmiti alýarys. Şeýdip Hudaýyň islegine düşünýäris we onuň bilen dostlugymyz berkeýär.

SÖHBETDEŞLIK

«Wepaly hem paýhasly hyzmatkäriň» nädip aladamyzy edýändigini bileliň.

Ýolbaşçylyk maslahaty bütin dünýädäki Ýehowanyň Şaýatlaryna ruhy iýmit, görkezme berýär we kömek edýär.

3. Tertip-düzgünli halk

Ýolbaşçylyk maslahaty arkaly Isa Ýehowanyň halkynyň arasynda tertip-düzgüniň bolmagyna gözegçilik edýär. I asyrda-da Isanyň şägirtleriniň arasynda tertip-düzgün bardy. WIDEONY görüň.

1 Korinfliler 14:33, 40-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Şu aýatlara görä, Ýehowa guramasynda nämäniň bolmagyny isleýär? Näme üçin?

4. Wepaly hyzmatkär wagyz işine gözegçilik edýär

I asyrda Isanyň şägirtleriniň esasy maksady hoş habary adamlara wagyz etmekdi. Resullar 8:14, 25-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • I asyrda wagyz işine kim ýolbaşçylyk edýärdi?

  • Petrus bilen Ýahýa resullaryň görkezmesine nädip eýerdi?

Şu günlerem Ýolbaşçylyk maslahatynyň esasy maksady adamlara hoş habary ýetirmek. WIDEONY görüň.

Isa-da adamlara wagyz etmegiň wajypdygyny aýdypdy. Markus 13:10-y okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýolbaşçylyk maslahaty näme üçin wagyz işini wajyp hasaplaýar?

  • Wepaly hyzmatkäriň ýolbaşçylygynda hoş habar nädip bütin dünýäde wagyz edilýär?

5. Wepaly hyzmatkär görkezme berýär

Ýolbaşçylyk maslahaty bütin dünýädäki Ýehowanyň Şaýatlaryna görkezme berýär. Ol nähili görkezme bermelidigini nädip bilýär? Geliň, I asyrdaky Ýolbaşçylyk maslahatynyň nädip görkezme berendigini bileliň. Resullar 15:1, 2-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • I asyrda käbir mesihçileriň arasynda nähili kynçylyk döräpdir?

  • Pawlus, Barnabas we beýleki doganlar meseläni çözmek üçin kime ýüz tutupdyr?

Resullar 15:12—18, 23—29-njy aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • I asyrdaky Ýolbaşçylyk maslahaty meseläni Hudaýyň islegi boýunça çözmek üçin näme edipdir? (12, 15 we 28-nji aýatlara serediň).

Resullar 15:30, 31 we 16:4, 5-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • I asyrdaky şägirtler Ýolbaşçylyk maslahatynyň gelen kararyny nädip goldady?

  • Ýolbaşçylyk maslahatyna gulak asandygy üçin Ýehowa olara nähili bereket berdi?

2 Timoteos 3:16 we Ýakup 1:5-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Şu günler Ýolbaşçylyk maslahaty karara geljek bolanda ýa-da görkezme berjek bolanda näme edýär?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Hudaýa gulak asýarys diýseňiz-de, size adamlar ýolbaşçylyk edýän eken».

  • Ýolbaşçylyk maslahatyny Isanyň belländigine ynanýarsyňmy? Näme üçin?

GAÝTALAMAK

Ýolbaşçylyk maslahaty Isanyň bellän «wepaly hem paýhasly hyzmatkäri». Ol Hudaýyň bütin dünýädäki halkyna görkezme hem ruhy iýmit berýär.

Jemleýji soraglar

  • «Wepaly hem paýhasly hyzmatkäri» kim belledi?

  • Ýolbaşçylyk maslahaty nädip aladamyzy edýär?

  • Ýolbaşçylyk maslahatynyň «wepaly hem paýhasly hyzmatkärdigine» ynanýarsyňmy? Näme üçin?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Ýolbaşçylyk maslahatynyň edýän işleri hakda okap görüň.

«Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty näme?» (Internet makala)

Ýolbaşçylyk maslahaty dogry bilim bermäge jan edýär.

«Edebiýatlarda dogry we anyk maglumaty ulanýarys» (17:18)

Ýolbaşçylyk maslahaty Isanyň tabşyran ýumşuna jogapkärli seredýär.

«Ýehowa hyzmat etmek uly hormat» (7:04)

Ýehowanyň Ýolbaşçylyk maslahatyna görkezme berýändigini ýygnaklar we kongresler nädip subut edýär?

«Ýehowa halkyna öwredýär» (9:39)