Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

57-NJI SAPAK

Agyr günä eden adam näme etmeli?

Agyr günä eden adam näme etmeli?

Sen Ýehowany ýürekden söýseň-de, ony gynandyrmajak bolup näçe jan etseň-de, ýalňyşmagyň mümkin. Käte ýöne bir ýalňyşman, agyr günä etmegiň hem mümkin (1 Korinfliler 6:9, 10). Ýöne şeýle ýagdaýda-da Ýehowa seni söýýär. Ol seni bagyşlap, kömek edesi gelýär.

1. Ýehowa günäňi geçer ýaly näme etmeli?

Ýehowany söýýän adamlar agyr günä edendigine düşünende, eden günäsine ýürekden ökünýär. Ýöne olara Ýehowanyň: «Günäleriňiz gyzyl mata ýaly bolsa-da, men olary gar ýaly ak ederin» diýen wadasy göwünlik berýär (Işaýa 1:18). Eger ýürekden toba etsek, Ýehowa hökman bagyşlar. Ýöne nädip ýürekden toba etmeli? Munuň üçin eden işiňe ýürekden ökünmeli, günäli işleri goýmaly, Ýehowa ýalbaryp ötünç soramaly. Günä etmegiňe sebäp bolan erbet pikirleri we endikleri taşlap, Ýehowanyň ahlak kadalary boýunça ýaşamaly (Işaýa 55:6, 7-nji aýatlary oka).

2. Ýehowa ýaşulular arkaly nädip kömek edýär?

Ýehowa agyr günä eden adamy «ýygnak ýaşulularyna» ýüz tutmaga höweslendirýär (Ýakup 5:14, 15-nji aýatlary oka). Ýaşulular Ýehowany söýýär, halkynyň ýürekden aladasyny edýär. Ýaşulular günä eden adama Ýehowa bilen dostlugyny dikeltmäge kömek edip bilýärler (Galatýalylar 6:1).

Olar günä eden adama nädip kömek edýärler? Olar adama eden günäsiniň näme üçin agyrdygyny Mukaddes Kitapdan düşündirýärler. Günäkäre eden günäsini gaýtalamaz ýaly näme etmelidigini düşündirýärler, ruhlandyrýarlar, imanyny berkidýärler. Şeýle-de günäkär ruhy taýdan aýaga galýança, ýaşulular oňa ýygnakda käbir çäklendirmeleri goýup biler. Agyr günä edip, toba etmeýän adam dogan-uýalara erbet täsir edip biler, şonuň üçin ýaşulular şeýle adamlary ýygnak gatnaşygyndan kesýärler.

SÖHBETDEŞLIK

Ýehowanyň agyr günä eden adama kömek edişi hakda köpräk bileliň.

3. Günäňi boýun almak ruhy taýdan dikelmäge kömek edýär

Biz nähili günä etsegem, Ýehowa garşy günä edýäris. Şonuň üçin, ilki, Hudaýyň öňünde günäňi boýun almaly. Zebur 32:1—5-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa näme üçin günäňi gizlemän aýtmaly?

Eden günäňi diňe Ýehowa däl-de, ýaşululara-da aýtsaň, egniňden agyr ýük aýrylan ýaly bolar. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýaşulular dogana Ýehowa dolanmaga nädip kömek etdi?

Ýaşululardan hiç zady gizlemän bar zady bolşy ýaly aýtmaly. Şonda olar has gowy kömek edip biler. Ýakup 5:16-ny okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýaşululara näme üçin ähli zady aýtmaly?

Günäňizi boýun alyň, ýaşululara ähli zady aýdyň, Ýehowanyň kömegini kabul ediň.

4. Ýygnak gatnaşygyndan kesilmegiň peýdasy

Agyr günä edip Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak islemeýän adam ýygnagyň agzasy bolup bilmeýär. Ol ýygnak gatnaşygyndan kesilýär. Hiç kim onuň bilen gatnaşmaýar, gepleşmeýär. 1 Korinfliler 5:6, 11 we 2 Ýahýa 9—11-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Azajyk hamyrmaýa tutuş hamyry turşadýan bolsa, toba etmeýän günäkär ýygnaga nähili täsir eder?

Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adamlaryň köpüsi Ýehowa bilen dostlugyny dikeltdiler. Elbetde, ýygnak gatnaşygyndan kesilmek her kime-de agyr degýär. Ýöne şeýle çäre günäkäre ýalňyşyna düşünmäge we düzelmäge kömek edýär (Zebur 141:5). WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Uýa ýygnak gatnaşygyndan kesilen soň nämä düşündi?

Ýygnak gatnaşygyndan kesmek...

  • Ýehowanyň abraýyny nädip goraýar?

  • Ýehowanyň söýgüsini we hemişe dogry hereket edýändigini nädip görkezýär?

5. Toba eden adamy Ýehowa bagyşlaýar

Isa pygamber bir mysal getirip, günä eden adam toba etse, Ýehowanyň begenýändigini düşündirdi. Luka 15:1—7-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Mysaldan Ýehowa barada näme öwrendiň?

Hyzkyl 33:11-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýürekden toba eden adam näme edýär?

Ýehowa— mähirli çopan. Ol guzujyklarynyň aladasyny edýär.

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Günä edenimi aýtsam, ýaşulular ýygnak gatnaşygyndan keser öýdüp gorkýan».

  • Şeýle pikir edýän adama nädip kömek ederdiň?

GAÝTALAMAK

Eger agyr günä eden bolsak, ýürekden toba etsek we gaýtalamazlyk üçin elimizde baryny etsek, Ýehowa bagyşlar.

Jemleýji soraglar

  • Eden günäňi Ýehowanyň öňünde näme üçin boýun almaly?

  • Günämiz bagyşlanar ýaly näme etmeli?

  • Agyr günä edendigiňi näme üçin ýaşululara aýtmaly?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Bir adam Işaýa 1:18-de aýdylyşy ýaly, Ýehowanyň rehimdar atadygyna nädip göz ýetirdi?

«Ýehowanyň rehimdarlygyna hiç haçan şübhelenmäň» (5:02)

Imandaşymyzyň ýygnak gatnaşygyndan näme üçin kesilýändigini Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adama düşündirmegi öwreneliň.

«Ýehowanyň Şaýatlary öň imandaşy bolan adam bilen gatnaşmaýarmy?» (Internet makala)

«Ýalňyşyma düşündim» diýen terjimehaldan bir adamyň Ýehowa dolanandygy hakda okap görüň.

«Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär» («Garawul diňi» 1 aprel, 2012)