Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

59-NJY SAPAK

Yzarlamalarda berk duruň

Yzarlamalarda berk duruň

Ýehowa gulluk edýäniň üçin saňa garşy çykmaklary, hatda yzarlamaklary mümkin. Şeýle ýagdaýda batyrgaý bolmaga näme kömek eder?

1. Mesihçiler näme üçin yzarlanýar?

Mukaddes Kitapda: «Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde Hudaýa wepaly ýaşamak isleýänleriň ählisi yzarlanar» diýilýär (2 Timoteos 3:12). Şu dünýäniň işlerine goşulmandygy üçin Isa pygamberi hem yzarlapdyrlar. Biz hem Isa ýaly dünýäniň işlerine goşulmaýarys. Şonuň üçin bizi hem döwlet işgärleri we dini guramalar yzarlaýarlar (Ýahýa 15:18, 19).

2. Yzarlamalara häzirden taýýarlanmak üçin näme etmeli?

Biz häzirden Ýehowa bil baglamagy öwrenmeli. Munuň üçin her gün doga etmeli, Mukaddes Kitaby okamaly, her hepde ýygnaklara gatnaşmaly. Şonda döwlet işgärleri ýa-da maşgala agzalaryň garşy çykanda gorkup, yza çekilmersiň. Pawlus resuly hem ençeme sapar yzarlap, azar baryny berseler-de, berk durupdyr. Ol: «Ýehowa meniň kömekçim, men gorkmaryn» diýdi (Ýewreýler 13:6).

Hoş habary wagyz etmek hem batyrgaý bolmaga kömek edýär. Sen näçe köp wagyz etseň, şonça-da Ýehowa bil baglamagy we adamlardan gorkmazlygy öwrenýärsiň (Nakyllar 29:25). Häzirden wagyz etmäge gorkmasaň, yzarlamalarda-da, hatda wagyz etmegi gadagan etseler-de, wagyz etmegiňi goýmarsyň (1 Selanikliler 2:2).

3. Yzarlamalarda berk durmagyň näme peýdasy bar?

Elbetde, bizi yzarlanlarynda, garşy çykanlarynda ruhdan düşüp bileris. Ýöne çydamly bolup, yzarlamalarda wepaly bolsaň, imanyň berkär. Çekip çydardan agyr synaglarda-da Ýehowanyň güýç berşini görüp, Hudaý bilen dostlugyň berkeýär (Ýakup 1:2—4-nji aýatlary oka). Elbetde, Ýehowa kynçylyk çekýäniňi görüp gynanýar. Ýöne yzarlamalarda çydamly bolsaň, Hudaý begenýär. Mukaddes Kitapda: «Ýagşy işleriňiz üçin kynçylyklara döz gelseňiz, Hudaýy razy edýärsiňiz» diýilýär (1 Petrus 2:20). Ýehowa synaglarda, yzarlamalarda wepaly bolan gullukçylaryna ebedi ýaşaýşy wada berýär. Täze dünýäde hiç kim hakykata garşy çykmaz. Ýehowa hezil edip gulluk ederis (Matta 24:13).

SÖHBETDEŞLIK

Yzarlamalarda wepaly bolmagy we Ýehowanyň kömek edişini öwreneliň.

4. Berk durup bilersiň

Ýehowa gulluk edip başlasaň, maşgala agzalaryň garşy çykyp biler. Isa pygamber şeýle garşylyk barada öňünden aýdypdy. Matta 10:34—36-njy aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa gulluk etmek islesek, maşgala agzalarymyz näme etmegi mümkin?

Muny WIDEODAN görüň. Soňra aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Dogan-garyndaşlaryň ýa-da dost-ýarlaryň Ýehowa gulluk etmegiňe garşy bolsa näme etmeli?

Zebur 27:10 we Markus 10:29, 30-njy aýatlary okaň. Her aýady okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Şu sözler maşgala agzalaryň ýa-da dost-ýarlaryň garşy çykanda nädip kömek edip biler?

5. Ýehowa gulluk etmegiňi dowam et

Adamlar garşy çykanda Ýehowa gulluk etmek üçin batyrgaýlyk gerek bolýar. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Dogan-uýalaryň göreldesi imanyňy nädip berkidýär?

Resullar 5:27—29 we Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlary okaň. Her aýady okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Wagyz etmegi ýa-da ýygnanyşmagy gadagan etseler, Ýehowa gulluk etmegi näme üçin dowam etmeli?

6. Ýehowa güýç berer

Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýedi ýaşardan ýetmiş ýaşlysyna çenli garşylyk bolsa-da, Ýehowa wepaly gulluk edýärler. Olara nämäniň kömek edýändigini WIDEODAN görüň. Soňra aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Dogan-uýalara kyn ýagdaýlara döz gelmäge näme kömek etdi?

Rimliler 8:35, 37—39 we Filipililer 4:13-nji aýatlary okaň. Her aýady okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Şu aýatlara görä, saňa synaglarda berk durmaga näme kömek eder?

Matta 5:10—12-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Synaglarda näme üçin şatlygyňy ýitirmeli däl?

Millionlarça Ýehowanyň Şaýatlary yzarlamalarda berk durdular. Sizem berk durup bilersiňiz!

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Yzarlasalar, garşy çyksalar durup bilermikäm?!»

  • Ýehowanyň kömek etjekdigine haýsy aýatlaryň kömegi bilen düşündirip bilersiň?

GAÝTALAMAK

Ýehowa biziň yzarlamalara, garşylyklara garamazdan gulluk edýändigimize begenýär. Hudaýyň kömegi bilen islendik synagda berk durup bileris.

Jemleýji soraglar

  • Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin yzarlanýar?

  • Yzarlamalara, garşylyklara häzirden taýýarlanmak üçin näme etmeli?

  • Ýehowa islendik synagda wepaly bolmaga näme kömek eder?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Harby gullukdan boýun gaçyrandygy üçin tussag edilen dogan, Ýehowa wepaly bolmaga nämäniň kömek edendigini gürrüň berýär.

«Yzarlamalara duş geleniňizde çydamly boluň» (2:34)

Ençeme ýyllap garşylyklar bolsa-da, bir är-aýala Ýehowa wepaly bolmaga näme kömek etdi?

«Yzarlansak-da Ýehowa gulluk edýäris» (7:11)

Garşylyklara mertlik bilen döz gelmegi öwreniň.

«Yzarlamalara häzirden taýýarlanyň» («Garawul diňi» iýul, 2019)

Maşgala agzalarymyz garşy çykanda rahatlygy saklap, Ýehowa wepaly bolmaga näme kömek eder?

«„Parahatlyk däl-de, agzalalyk getirýän“ hakykat» («Garawul diňi» oktýabr, 2017)