Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Men taýýarmy?

Men taýýarmy?

Men wagyzçy bolmaga taýýarmy?

Wagyzçy bolmak isleýän bolsaň...

  • Mukaddes Kitaby her gün okamaly, doga etmeli, ýygnaklara barmaly.

  • öwrenen zatlaryň dogrudygyna göz ýetirmeli, adamlara höwes bilen gürrüň bermeli.

  • Ýehowany söýmeli, ony söýýänler bilen dostlaşmaly.

  • syýasata we ýalan din bilen bagly zatlara goşulmaly däl.

  • Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaly, suwa çümdürilmäge islegiň bolmaly.

Eger wagyzçy bolmaga taýýar bolsaň, mugallymyňa aýt. Ýaşulular seniň bilen gürrüňdeş bolup, talaplara laýyk gelýän-gelmeýändigiňi aýdar.

Men suwa çümdürilmäge taýýarmy?

Suwa çümdürilmek isleýän bolsaň...

  • ilki, wagyzçy bolmaly.

  • her aý köpräk wagyz etmeli.

  • «wepaly hem paýhasly hyzmatkäri» goldap, görkezmesine gulak asmaly (Matta 24:45—47).

  • doga edip, Ýehowa özüňi bagyş etmeli we ömürboýy gulluk etmäge islegiň bolmaly.

Eger suwa çümdürilmäge taýýar bolsaň, mugallymyňa aýt. Ýaşulular seniň bilen gürrüňdeş bolup, talaplara laýyk gelýän-gelmeýändigiňi aýdar.