Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ruhlandyrmak

Ruhlandyrmak

Hudaýyň gullukçylary näme üçin biri-birini ruhlandyrmaly?

Işa 35:3, 4; Kol 3:16; 1Sl 5:11; Ýew 3:13

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 2Tr 32:2—8. Duşmanlar hüjüm edende, Hizkiýa patyşa halkyny ruhlandyrdy.

    • Dan 10:2, 8—11, 18, 19. Danyýar pygamber garran çagynda ruhdan düşende, perişde ony ruhlandyrdy.

Ýehowa ýaşululardan nämä garaşýar?

Işa 32:1, 2; 1Pe 5:1—3

Serediň: Mat 11:28—30

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 5Ms 3:28; 31:7, 8. Musa pygamber Ýehowa gulak asyp, Ýuşany ruhlandyrdy we imanyny berkitdi.

    • Res 11:22—26; 14:22. Antakyýadaky mesihçiler yzarlananda, Pawlus bilen Barnabas olary ruhlandyrdy.

Adamy ruhlandyranymyzda näme üçin öwmeli?

Nak 31:28, 29; 1Kr 11:2

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Ser 11:37—40. Ysraýyl gyzlary her ýyl Ýeftahyň gyzyny görmäge barýardylar we ony çadyrda gulluk edýändigi üçin öwýärdiler.

    • Ylh 2:1—4. Isa Efesdäki ýygnagyň kemçiliklerini aýtsa-da, olary ýagşy işleri üçin öwdi.

Ýehowanyň wepaly gullukçylary biri-birini nädip ruhlandyrmaly?

Nak 15:23; Efs 4:29; Flp 1:13, 14; Kol 4:6; 1Sl 5:14

Serediň: 2Kr 7:13, 15, 16

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Şm 23:16—18. Dawut kyn güne düşende, Ýonatan ony goldap ruhlandyrdy.

    • Ýah 16:33. Isa şägirtlerine ondan görelde alsalar, dünýäni ýeňip biljekdigini aýdyp ruhlandyrdy.

    • Res 28:14—16. Pawlus resuly höküm etmek üçin Rime alyp gidenlerinde, ol ýanyna gelen doganlary görüp ruhlandy.

Biz näme üçin nägile bolup başgalary ýazgarmaly däl?

Flp 2:14—16; Ýhd 16—19

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 4Ms 11:10—15. Halk igenip kesirlik edende, Musa pygamber ruhdan düşdi.

    • 4Ms 13:31, 32; 14:2—6. Halk imany gowşak on içalynyň aýdan sözlerini eşidende, gorkup gozgalaň turuzýar.

Biz imandaşlarymyz bilen ýakyndan gatnaşsak ruhlanarys

Nak 27:17; Rim 1:11, 12; Ýew 10:24, 25; 12:12

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 2Tr 20:1—19. Ýehoşapatyň garşysyna uly goşun çykanda, ol halk bilen bilelikde Ýehowa doga etdi.

    • Res 12:1—5, 12—17. Ýakup öldürilenden soň, Petrus resuly tussag edýärler. Şonda Iýerusalimdäki mesihçiler onuň üçin doga edýär.

Kynçylyklara duş gelenimizde näme üçin dogry garaýyşda bolmaly?

Res 5:40, 41; Rim 8:35—39; 1Kr 4:11—13; 2Kr 4:16—18; 1Pe 1:6, 7

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Ms 39:19—23; 40:1—8. Ýusuba töhmet atyp türmä bassalar-da, ol Hudaýa wepaly galyp, başgalara kömek edýärdi.

    • 2Pa 6:15—17. Uly goşun Alyşa pygambere garşy çykanda, ol gorkmady we hyzmatkäriniň hem batyr bolmagy üçin doga etdi.

Mukaddes Kitap bize teselli berýär

Söýgüden doly Hudaý bize nämäni wada berýär?

Ýehowanyň sabyrlylygy we rehimdarlygy hakda oýlananymyzda ruhlanýarys

Ýehowa ejizleri nädip goldaýar?

Zb 46:1; Işa 12:2; 40:29—31; Flp 4:13

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Şm 1:10, 11, 17, 18. Hanna ruhdan düşende, Ýehowa onuň dilegini eşidip, ýüregine giňlik berdi.

    • 1Pa 19:1—19. Ylýas pygamber ruhdan düşende, Ýehowa oňa zerur zadyny ýetirdi we tizden boljak zatlary aýdyp ruhlandyrdy.

Mukaddes Kitapdaky wadalar batyrgaý bolmaga nädip kömek edýär?

2Tr 15:7; Zb 27:13, 14; Ýew 6:17—19; 12:2

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Eýp 14:1, 2, 7—9, 13—15. Eýýubyň kynçylyklary çekip-çydardan agyr bolsa-da, ol direliş hakda oýlanyp teselli tapdy.

    • Dan 12:13. Perişde 100 ýaşly Danyýar pygambere gelejekde aljak sylagy hakda aýdyp ruhlandyrdy.

Ýehowa barada oýlanmak we oňa doga etmek bizi nädip ruhlandyrýar?

Zb 18:6; 56:4, 11; Ýew 13:6

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Şm 30:1—9. Dawut pygamber Ýehowa bil baglap kynçylyklara döz geldi.

    • Luk 22:39—43. Isa agyr synagda Ýehowa gyzgyn doga etdi, Ýehowa hem ony perişdesi arkaly ruhlandyrdy.

Gowy zatlar hakda gürrüň etmek adamy nädip ruhlandyrýar?

Nak 15:30; 25:25; Işa 52:7

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Res 15:2—4. Pawlus resul bilen Barnabas ýygnaklary idände dogan-uýalary ruhlandyrýar.

    • 3Ýh 1—4. Gartaşan Ýahýa wagyz eden adamlarynyň Hudaýa wepaly gulluk edýändigini eşidende örän begendi.