Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Maşgala

Maşgala

Ýehowa maşgala ojagyny döretdi

Ene-atalar

Serediň: «Ene-atalar»

Atalar

Serediň: «Atalar»

Eneler

Serediň: «Eneler»

Ärler, aýallar

Serediň: «Nika»

Çagalar

Maşgalada çagalaryň nähili borjy bar?

Çagalar ene-atasyna näme üçin gulak asmaly?

Efs 6:1—3; Kol 3:20

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Zb 78:1—8. Ysraýyl ene-atalary çagalaryna ata-babalary ýaly gozgalaňçy bolman, Ýehowa gulak asmagy öwredýärdiler.

    • Luk 2:51, 52. Isa kämil bolsa-da, ene-atasyna gulak asýardy.

Näme üçin käte çagalar ene-atasyna hormat goýmaýar?

Ýehowa gulak asmaýan çagalara nähili garaýar?

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 5Ms 21:18—21. Musanyň kanunyna görä, kesir, özdiýenli, içegen, ene-atasyna gulak asmaýan, maslahaty diňlemeýän ogul ölüme höküm edilýärdi.

    • 2Pa 2:23, 24. Birtopar oglanjyk Ýehowanyň pygamberi Alyşany kemsidip üstünden gülende, iki aýy tokaýdan çykyp, olary parçalady.

Ene-atalar çaga terbiýelemek borjuna nähili garamaly?

Zb 127:3; 128:3

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 3Ms 26:9. Ysraýyllar çagalaryna Allanyň berekedi hökmünde garaýardylar.

    • Eýp 42:12, 13. Eýýup wepaly bolandygy üçin Ýehowa oňa ýene on çaga berdi.

Maşgalada çagalar biri-birini nädip sylamaly?

Zb 34:14; Nak 15:23; 19:11

  • Mukaddes Kitapdan mysal:

    • 1Ms 27:41; 33:1—11. Ýakup agasy Ysaw bilen ýaraşmak üçin elinde baryny etdi. Ysaw hem ony gujak açyp garşylady.

Çagalaryň ene-atasynyň we baba-mamasynyň öňünde nähili borjy bar?

Nak 23:22; 1Tm 5:4

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Ms 11:31, 32. Ybraýym Ur şäherinden çykanda, kakasy Tarahy ýany bilen alyp gaýtdy we aradan çykýança onuň aladasyny etdi.

    • Mat 15:3—6. Isa Töwrada salgylanyp, çagalaryň ene-atasyna gerek-ýarak zatlaryny ýetirip durmalydygyny aýtdy.

Gaýynlar

Serediň: «Gaýynlar»

Baba-mamalar

Serediň: «Babalar we mamalar»