Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hasrat çekmek

Hasrat çekmek

Adam ölende hasrat çekmek näme üçin nädogry däl?

Ýehowanyň hasrat çekýän adama göwünlik bermek isleýändigini nireden bilýäris?

Adam ölensoň näme bolýandygyny bilmek bize tesseli berýär

Nes 9:5, 10; 1Sl 4:13

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Luk 20:37, 38. Isa ölen adamlar «Hudaý üçin diridir» diýmek bilen, direlişiň hökman boljakdygyny aýtdy.

    • Ýah 11:5, 6, 11—14. Dosty Lazar aradan çykanda Isa ölümi uky bilen deňeşdirdi.

    • Ýew 2:14, 15. Pawlus resul ölümden gorkmaly däldigimizi aýtdy.

Mukaddes Kitapda näme üçin adamyň ölen güni doglan gününden gowudyr diýilýär?

Mukaddes Kitapda ölüm barada näme diýilýär we Hudaý gelejekde näme eder?

Biz direlişiň boljakdygyna näme üçin ynanýarys?

Işa 26:19; Ýah 5:28, 29; Res 24:15

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Mukaddes Kitapda dokuz direliş barada aýdylýar. Sekiz adam ýerdäki ýaşaýyş üçin direldi. Ýakyny aradan çykan adam şol wakalary okap teselli tapar we gelejege umydy bolar.

      • 1Pa 17:17—24. Ylýas pygamber Sidonyň Sarepta şäherindäki dul aýalyň ogluny direltdi.

      • 2Pa 4:32—37. Alyşa şunemli oglanjygy direldip, ene-atasyna gowşurdy.

      • 2Pa 13:20, 21. Bir adamyň jesedi Alyşa pygamberiň süňklerine degen badyna, direlip ýerinden turdy.

      • Luk 7:11—15. Naýyn şäherinde dul aýalyň ogluny jaýlamaga äkidip barýarkalar, Isa oglany direltdi.

      • Luk 8:41, 42, 49—56. Isa sinagoganyň başlygynyň gyzyny direltdi.

      • Ýah 11:38—44. Isa Marta bilen Merýemiň dogany Lazary direltdi.

      • Res 9:36—42. Petrus resul Dorkany direltdi. Dorka imandaşlaryna köp ýagşylyk edipdi.

      • Res 20:7—12. Pawlus resul äpişgeden gaçan Eftih atly oglany direltdi.

    • Hudaý Isa Mesihi gökde ýaşamak üçin ruhy şahsyýet edip direltdi. Isanyň direlişi Hudaýyň ähli wadalaryny ýerine ýetirjekdigini subut edýär.

    • Isa gökde ýaşamak üçin ilkinji bolup direldi. 144 000 saýlanlar hem direlip, onuň bilen höküm sürerler.

Dogan-garyndaşlary aradan çykan adamlara nädip göwünlik berip bileris?