Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Pesgöwünlilik

Pesgöwünlilik

Ýehowa pesgöwünlilere we tekepbirlere nähili garaýar?

Zb 138:6; Nak 15:25; 16:18, 19; 22:4; 1Pe 5:5

Serediň: Nak 29:23; Işa 2:11, 12

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 2Tr 26:3—5, 16—21. Uzyýa patyşa tekepbirlik edip Hudaýyň kanunyny bozýar. Ruhany oňa edýän işiniň nädogrudygyny aýdanda, patyşa gaharlanýar. Şonuň üçin Ýehowa ony heýwere keseline duçar etdi.

    • Luk 18:9—14. Isa mysal arkaly Ýehowanyň tekepbir we pesgöwünli adamyň dogasyna nähili garaýandygyny düşündirdi.

Ýehowa özüni kiçeldip, toba edýän adama nähili garaýar?

2Tr 7:13, 14; Zb 51:2—4, 17

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 2Tr 12:5—7. Rehobam bilen Ýahuda baştutanlary özüni kiçeltdi, şonuň üçinem Ýehowa olary ýok etmedi.

    • 2Tr 32:24—26. Hizkiýa tekepbir boldy, ýöne soň ökünip, özüni kiçeltdi. Ýehowa hem ony bagyşlady.

Adamlar bilen gowy gatnaşykda bolmaga pesgöwünlik häsiýeti nädip kömek edýär?

Efs 4:1, 2; Flp 2:3; Kol 3:12, 13

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Ms 33:3, 4. Ysaw Ýakuba gaharlydy; Ýakup agasy bilen görşende özüni peseltdi. Şeýdip, ol parahatlygy dikeltdi.

    • Ser 8:1—3. Gedeýon serdar efraýymlara: «Siz menden köp zat etdiňiz» diýip pesgöwünlidigini görkezdi. Netijede, olaryň gahary köşeşdi.

Isa Mesih pesgöwünli bolmagyň wajypdygyny nädip öwretdi?

Mat 18:1—5; 23:11, 12; Mar 10:41—45

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Işa 53:7; Flp 2:7, 8. Pygamberlik edilişi ýaly, Isa pesgöwünli bolany üçin ýere gelmäge we ejir çekip ölmäge razy boldy.

    • Luk 14:7—11. Isa toý hakdaky mysaly gürrüň berip, pesgöwünli bolmagyň wajypdygyny düşündirdi.

    • Ýah 13:3—17. Isa şägirtleriniň aýagyny ýuwup, hyzmatkäriň etmeli işini etdi. Şeýdip, ol pesgöwünli bolmakda gowy görelde görkezdi.

Özüňe we başgalara dogry garaýyşda bolmak pesgöwünli bolmaga nädip kömek edýär?

Göz üçin pesgöwünli bolmak näme üçin nädogry?