Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Baýlyga kowalaşmak

Baýlyga kowalaşmak

Mukaddes Kitapda pul gazanmak we baýlyk toplamak ýazgarylýarmy?

Nes 7:12

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Pa 3:11—14. Süleýman patyşa pesgöwünli bolandygy üçin, Ýehowa oňa baýlyk berdi.

    • Eýp 1:1—3, 8—10. Eýýup gaty baý adamdy, ýöne ol Ýehowa bilen dostlugyny hemme zatdan gymmat saýýardy.

Näme üçin baýlyk we mal-mülk adamy bagtly edip bilmeýär?

Haçan baýlygyň peýdasy bolmaýar?

Baýlyk adama nädip duzak bolup biler?

Näme üçin aldawçy baýlyga bil baglamaly däl?

Nak 11:4, 18, 28; 18:11; Mat 13:22

  • Mukaddes Kitapdan mysal:

    • Res 8:18—24. Simun ýygnakdaky borçlary pula satyn alyp bolar öýdýärdi.

Pula bolan söýginiň nähili zyýany bar?

Mat 6:19—21; Luk 17:31, 32

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Mar 10:17—23. Baý ýaş ýigit mal-mülkünden geçip bilmändigi üçin Isanyň şägirdi bolmak mümkinçiligini elden gidirdi.

    • 1Tm 6:17—19. Pawlus resul gurply ýaşaýan mesihçilere Hudaýyň razylygyny gazanmak üçin pesgöwünli bolmalydyklaryny aýtdy.

Baýlyga kowalaşsak, imanymyz gowşap Hudaýdan daşlaşarys

5Ms 8:10—14; Nak 28:20; 1Ýh 2:15—17

Serediň: Zb 52:6, 7; Ams 3:12, 15; 6:4—8

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Eýp 31:24, 25, 28. Eýýup baýlyga bil baglaýan adamyň hak Hudaýdan ýüz öwürýändigini aýtdy.

    • Luk 12:15—21. Isa Hudaýy razy etmän, baýlygyň yzynda ylgan adam hakdaky mysaly gürrüň berip, baýlyga kowalaşmaly däldigini aýtdy.

Baryňa kaýyl bolmaga näme kömek eder?

Baýlykdan hem gymmatly zat näme we näme üçin?

Nak 3:11, 13—18; 10:22; Mat 6:19—21

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Hag 1:3—11. Ysraýyl halky Ýehowanyň ybadathanasyny gurmagyň deregine, özleri üçin kaşaň jaýlary gurdular. Şonuň üçin Hagaý pygamberiň aýdyşy ýaly, Ýehowa olary köp bereketlerden mahrum etdi.

    • Ylh 3:14—19. Laodikiýadaky dogan-uýalar baýlyk toplap, Hudaýa sowuk-sala gulluk edendikleri üçin Isa olary ýazgardy.

Ýehowanyň bize zerur zatlary ýetirip durjakdygyna näme üçin ynamly bolup bileris?