Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Garrylyk çagy

Garrylyk çagy

Adam garranda nähili kynçylyklara duş gelýär?

Zb 71:9; 90:10

Serediň: «Göwünlik bermek. Käbir adamlar keselçilik we garrylyk sebäpli isleýşi ýaly köp zat edip bilmeýär»

  • Mukaddes Kitapdan mysal:

    • Nes 12:1—8. Süleýman patyşa garrylyk çagyny şahyrana sözler bilen beýan etdi. Meselem, garran adamyň gözleri kütelýär (penjireden daşary seredýän zenanyň gözleri garaňkyrar), gulagy agyrlaşýar (gyzlaryň aýdymyny gowy eşitmez).

Adam garrylyk sebäpli köp kynçylyklara duş gelse-de, bagtly bolup bilermi?

2Kr 4:16—18; Ýak 1:2—4

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Şm 12:2, 23. Şamuwel pygamber garran çagynda hem Hudaýyň halky üçin doga edýärdi.

    • 2Şm 19:31—39. Dawut patyşa Barzylla gojanyň eden ýagşylygyna minnetdar bolup, ony köşkde gulluk etmäge çagyrdy. Ýöne Barzylla ýaşyny göz öňünde tutup, Dawudyň çakylygyny kabul edip bilmeýändigini aýtdy.

    • Zb 71:9, 18. Dawut garransoň Ýehowa üçin köp zat edip bilmejekdigine düşünip, Hudaýdan güýç sorady.

    • Luk 2:36—38. Ýaşy bir çene ýeten Anna atly pygamber aýal Hudaýa wepaly gulluk etdi. Ýehowa-da ony sylaglady.

Ýehowanyň gartaşan gullukçylaryny gowy görýändigini nireden bilýäris?

Zb 92:12—14; Nak 16:31; 20:29; Işa 46:4; Tit 2:2—5

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Ms 12:1—4. Ýehowa Ybraýyma 75 ýaşynda bir ýumuş tabşyrdy, şol ýumuş onuň durmuşyny bütinleý üýtgetdi.

    • Dan 10:11, 19; 12:13. Perişde 90 ýaşly Danyýara görnüp, Ýehowanyň ony gowy görýändigini we wepalylygy üçin sylaglajakdygyny aýtdy.

    • Luk 1:5—13. Ýehowa Zekerýa bilen Elizabete garran çagy gudrat bilen ogul berdi.

    • Luk 2:25—35. Gartaşan Şimgona Mesih boljak çagany görmek miýesser etdi. Şonda ol Mesih hakda pygamberlik etdi.

    • Res 7:23, 30—36. Ýehowa Musany ysraýyl halkyna baştutan edip bellände, ol 80 ýaşyndady.

Biz gartaşan adamlar bilen özümizi nähili alyp barmaly?

3Ms 19:32; 1Tm 5:1

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Ms 45:9—11; 47:12. Ýusup ýaşy bir çene ýeten kakasyny ýanyna göçürip, ömrüniň ahyryna çenli aladasyny etdi

    • Rut 1:14—17; 2:2, 17, 18, 23. Rut gartaşan gaýynenesi bilen mähirli gepleşýärdi we onuň aladasyny edýärdi.

    • Ýah 19:26, 27. Isa ölüminiň öň ýany Ýahýa resula ejesiniň aladasyny etmegi tabşyrdy.

Biz ýygnakdaky gartaşan dogan-uýalara nädip kömek edip bileris?