Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ene-atalar

Ene-atalar

Ýehowa maşgalany näme üçin döretdi?

Ene-atalar çagalaryny näme üçin goramaly?

Zb 127:3—5; 128:3

Serediň: «Çagalar, ýaşlar»

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

Ene-atalaryň nähili borjy bar?

5Ms 6:6, 7; 11:18, 19; Nak 22:6; 2Kr 12:14; 1Tm 5:8

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Şm 1:1—4. Alkana tutuş maşgalasy bilen Ýehowa sežde etmek üçin her ýyl Şilo gidýärdi.

    • Luk 2:39, 41. Ýusup bilen Merýem Pasha baýramyny bellemek üçin çagalary bilen Iýerusalime gidýärdi.

Çagalara näme üçin Ýehowa gulak asmagy öwretmeli?

Nak 1:8, 9; 22:6

Serediň: 2Tm 3:14, 15

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Şm 2:18—21, 26; 3:19. Ene-atasy Şamuweli Ýehowa bagyş etdi. Olar her ýyl Şamuweli görmäge gelerdiler we gerek-ýarak zatlaryny getirerdiler. Ol Ýehowa wepaly adam bolup ýetişdi.

    • Luk 2:51, 52. Isa kämil bolsa-da, bikämil ene-atasyna gulak asdy.

Ene-atalar çagalaryny terbiýelemek üçin peýdaly maslahatlary nireden tapyp biler?

5Ms 6:4—9; Efs 6:4; 2Tm 3:14—17

Serediň: Zb 127:1; Nak 16:3

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Ser 13:2—8. Perişde Manowa oglunyň boljakdygyny aýdanda, ol Ýehowadan ogluny nädip terbiýelemelidigini sorady.

    • Zb 78:3—8. Ýehowa ene-atalaryň çagalaryna Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlaryny gürrüň bermegini isleýär.

Käbir çagalar mesihçi maşgalada ulalsa-da näme üçin Ýehowa gulluk etmeýär?

Hyz 18:1—13, 20

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Ms 6:1—5; Ýhd 6. Perişdeler Ýehowanyň huzurynda ençeme ýyl gulluk etseler-de, olaryň käbiri Hudaýa garşy çykdy.

    • 1Şm 8:1—3. Şamuwel pygamber Hudaýa wepaly gulluk edýärdi, ýöne ogullary para alýardy we adalatsyzlyk edýärdi.

Ene-atalar çagalaryna Hudaý hakda näçe ýaşdan öwredip başlamaly?

2Tm 3:​15

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 5Ms 29:10—12, 29; 31:12; Hyd 10:1. Ysraýyllar Ýehowa hakda bilim almak üçin ýygnanyşanda, çagalaryny ýanlary bilen getirýärdiler.

    • Luk 2:41—52. Ýusup bilen Merýem Pasha baýramyny bellemek üçin Iýerusalime çagalaryny hem alyp gidýärdi.

Mukaddes Kitapdaky haýsy mysallar ene-atalaryň çagalaryny goramalydygyny görkezýär?

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 2Ms 19:4; 5Ms 32:11, 12. Ýehowa özüni jüýjelerini goraýan we arkasynda göterýän bürgüde meňzedýär.

    • Işa 49:15. Ýehowa gullukçylaryny gorajakdygyny we balasyny emdirýän eneden hem has gowy aladasyny etjekdigini aýtdy.

    • Mat 2:1—16. Şeýtan Hirodes patyşanyň ýanyna müneçjimleri ugradyp, bäbejik Isany öldürjek boldy. Ýöne Ýehowa ogluny goramak üçin Ýusuba maşgalasyny alyp Müsüre gitmegi tabşyrdy.

    • Mat 23:37. Isa özüni jüýjelerini ganatynyň aşagyna ýygnaýan towuga meňzedip, ysraýyl halkyny goramak isleýändigini aýtdy.

Ene-atalar näme üçin çagalary bilen jynsy gatnaşyk hakda gepleşmeli?

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 3Ms 15:2, 3, 16, 18, 19; 5Ms 31:10—13. Musanyň kanunynda jynsy gatnaşyk hakda açyk aýdylýardy. Ýehowa şol kanunlary çagalaryň hem diňlemegini isleýärdi.

    • Zb 139:13—16. Dawut ynsanyň täsin ýaradylyşy hakda aýdyp, Ýehowany şöhratlandyrdy.

    • Nak 2:10—15. Ýehowanyň berýän bilimi we akyldarlygy bizi azgyn we zalym adamlardan goraýar.

Ene-atalar näme üçin çagalaryna söýgi bilen terbiýe bermeli?

Nak 13:24; 29:17; Ýer 30:11; Efs 6:4

Serediň: Zb 25:8; 145:9; Kol 3:21

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Zb 32:1—5. Dawut eden günäsi üçin temmi alanda gynandy. Ýöne Ýehowanyň toba edýän adamy bagyşlaýandygyny bilende egninden ýük aýrylan ýaly boldy.

    • Ýun 4:1—11. Ýunus gaharlanyp Ýehowa bilen sylaşyksyz gepleşse-de, Ýehowa onuň bilen ýumşak gepleşip, rehimdar bolmagyň wajypdygyny öwretdi.

Söýýän ene-ata näme üçin çagasyna gerek ýerinde temmi berýär?