Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Doga-dileg

Doga-dileg

Ýehowanyň doga-dileglerimizi eşidýändigini we jogap berýändigini nireden bilýäris?

Zb 65:2; 145:18; 1Ýh 5:14

Serediň: Zb 66:19; Res 10:31; Ýew 5:7

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Pa 18:36—38. Ylýas Bagalyň pygamberleriniň öňünde doga edende, Ýehowa oňa derrew jogap berdi.

    • Mat 7:7—11. Isa Hudaýa hemişe doga etmelidigimizi aýtdy, sebäbi Ýehowa bizi söýýär we dogalarymyzy ünsli diňleýär.

Biz kime doga etmeli?

Biz kimiň ady bilen doga etmeli?

Ýehowa kimiň dogalaryny diňleýär?

Ýehowa nähili adamlaryň dogasyny diňlemeýär?

Nak 15:29; 28:9; Işa 1:15; Mik 3:4; Ýak 4:3; 1Pe 3:7

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Ýuş 24:9, 10. Ýehowa Bilgamyň dogasyny diňlemedi, sebäbi onuň eden dogasy Ýehowanyň islegine garşy gelýärdi.

    • Işa 1:15—17. Ysraýyllar ikiýüzli bolandyklary we bigünä adamlaryň ganyna galandyklary üçin, Ýehowa olaryň dogasyny diňlemedi.

Doganyň soňunda näme diýmeli we näme üçin?

Mukaddes Kitapda doga edeniňde belli bir ýagdaýda ýa belli ýerde durmalydygy hakda aýdylýarmy?

Ýehowanyň gullukçylary bilelikde ýygnanyşanlarynda näme hakda doga edip bilerler?

Res 4:23, 24; 12:5

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Tr 29:10—19. Ysraýyllar ybadathananyň gurluşygy üçin sadaka berende, Dawut patyşa halkyň öňünde doga etdi.

    • Res 1:12—14. Resullar Iýerusalimde bir otagda Isanyň ejesi, süýtdeş doganlary we beýleki aýallar bilen doga etdiler.

Doga edeniňde näme üçin özüňe üns çekmeli däl ýa-da adamlary haýran galdyrjak bolmaly däl?

Näme üçin nahar iýmezden öň doga etmeli?

Biz näme üçin Ýehowa hemişe doga etmeli?

Rim 12:12; Efs 6:18; 1Sl 5:17; 1Pe 4:7

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Dan 6:6—10. Danyýar pygamber Alla doga edýändigi üçin öldüriljekdigini bilse-de, Ýehowa doga etmegini goýmady.

    • Luk 18:1—8. Isa dul aýalyň haýyşyny bitiren adalatsyz kazy hakda gürrüň berdi. Şol mysal Ýehowanyň gullukçylarynyň erjellik bilen doga etmegini isleýändigini görkezýär.

Ýehowanyň dogalarymyza jogap bermegi üçin näme etmeli?

2Tr 7:13, 14

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 2Pa 22:11—13, 18—20. Ýoşyýa patyşa özüni kiçeldip, Ýehowany razy etdi. Şonuň üçin Ýehowa oňa rehim etdi.

    • 2Tr 33:10—13. Manaşa özüni kiçeldip doga edenden soň, Alla onuň günäsini geçdi we patyşalyk tagtyny gaýtaryp berdi.

Ýehowanyň bizi bagyşlamagy üçin näme etmeli?

Biz näme üçin Ýehowanyň isleginiň ýerine ýetmegi hakda doga etmeli?

Biz näme üçin Hudaýa iman bilen doga etmeli?

Biz näme hakda doga edip bileris?

Hudaýyň adynyň mukaddes bolmagy

Hudaýyň Patyşalygynyň ýeriň üstünden höküm sürmegi

Ýehowanyň isleginiň ýerine ýetmegi

Zerur zatlarymyz

Günälerimiziň bagyşlanmagy

Synaglarda Hudaýyň kömek etmegi

Hudaýa minnetdarlyk aýtmak

Hudaýyň islegine düşünmek we akyldarlyk soramak

Nak 2:3—6; Flp 1:9; Ýak 1:5

Serediň: Zb 119:34

  • Mukaddes Kitapdan mysal:

    • 1Pa 3:11, 12. Süleýman patyşa Ýehowadan akyldarlyk soranda, onuň dilegi Allanyň göwnünden turdy. Şonuň üçin Hudaý oňa çäksiz akyldarlyk berdi.

Mukaddes ruhuny soramak

Dogan-uýalar we yzarlanýan mesihçiler hakda

Ýehowany şöhratlandyrmak

Zb 86:12; Işa 25:1; Dan 2:23

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Luk 10:21. Isa hakykaty çaga ýaly pesgöwünli adamlara açandygy üçin Ýehowa alkyş aýtdy.

    • Ylh 4:9—11. Gökdäki perişdeler Atasy Ýehowany şöhratlandyryp alkyş aýtdylar.

Hökümet ýolbaşçylarynyň Ýehowa arkaýyn sežde etmäge we wagyz etmäge rugsat bermegi hakda

Suwa çümdürilenimizde doga etmek ýerliklimi?

Biz näme üçin ruhy taýdan gowşan mesihçiler üçin doga etmeli?

Näme üçin erkek adam doga edende başyny örtmeýär, ýöne aýal maşgala käbir ýagdaýlarda örtmeli bolýar?

Käbir adamlar duýga berlip, uzyn dogalary edýär. Hudaý dogalarymyzyň nähili bolmagyny isleýär?

Agy 3:41; Mat 6:7

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Pa 18:25—29, 36—39. Bagalyň pygamberleri taňrysyny birnäçe sagatlap gygyryp çagyrdylar, ýöne peýdasy bolmady.

    • Res 19:32—41. Efesdäki adamlar Artemida taňrysyny şöhratlandyryp iki sagatlap gygyrdylar. Ahyry şäher häkimi olary köşeşdirip, märekäni dargatmaly boldy.