Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Düşünişmezligi çözmek

Düşünişmezligi çözmek

Biri göwnümize degende näme üçin gaharlanmaly däl ýa-da ar almaly däl?

Nak 20:22; 24:29; Rim 12:17, 18; Ýak 1:19, 20; 1Pe 3:8, 9

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Şm 25:9—13, 23—35. Nabal Dawut bilen ýigitlerini kemsidende, Dawudyň gahary gelip, onuň hojalygyny gyrjak bolýar. Abygaýyl saklamadyk bolsa, ol birtopar adamyň ganyna galardy.

    • Nak 24:17—20. Duşmanymyz kyn güne düşende Ýehowa begenmegimizi islemeýär; biz Ýehowanyň iru-giç adalaty dikeltjekdigine ynanýarys.

Imandaşymyz bilen aramyzda düşünişmezlik bolsa näme üçin öýkelemeli däl ýa-da ondan gaçyp ýörmeli däl?

3Ms 19:17, 18; 1Kr 13:4, 5; Efs 4:26

  • Mukaddes Kitapdan mysal:

    • Mat 5:23, 24. Isa pygamber doganyň bilen düşünişmezlik bolsa, parahatlygy dikeltmek üçin eliňde baryny et diýip maslahat berdi.

Göwnümize degenlerinde näme etmeli?

Bize gaýta-gaýta ýamanlyk eden adam ýalňyşyna düşünip düzelse näme üçin bagyşlamaly?

Eger imandaşymyz bize garşy agyr günä etse, meselem, töhmet atsa ýa-da hakymyzy iýse, onuň bilen kim we näme üçin gürleşmeli?

Mat 18:15

Serediň: Ýak 5:20

Bize töhmet atan we hakymyzy iýen adam bilen ikiçäk gepleşenimizde ýalňyşyny boýun almasa näme etmeli?