Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Günä

Günä

Günä näme? Biziň ählimiz näme üçin günäli?

Mukaddes Kitapda günäli höweslere garşy durup bolýandygy aýdylýar

Rim 6:12—14

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 2Şm 11:2—5, 14, 15, 26, 27; 12:1—13. Dawut patyşa agyr günäleri edýär, ýöne Hudaýdan temmi alansoň, düzelmek üçin elinde baryny edýär.

    • Rim 7:15—24. Pawlus resul imany berk we Hudaýa wepaly adam hökmünde tanalýardy. Ýöne olam ejizlikleri bilen göreşýärdi.

Köp adamlar näme üçin günä edýär?

Bilgeşleýin günä etmek näme üçin howply?

Şeýtan Hudaýyň gullukçylaryna günä etdirmek üçin nähili duzaklary gurýar?

Nak 1:10, 11, 15; Mat 5:28; Ýak 1:14, 15

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Ms 3:1—6. Şeýtan ýylan arkaly How ene bilen gürleşip, onuň ýüreginde nädogry höwesleri döredýär. Şeýlelikde, How enäniň Hudaýa imany gowşap günä etdi.

    • Nak 7:6—10, 21—23. Süleýman patyşa ahlaksyz aýalyň duzagyna düşen akylsyz ýaş ýigit hakda gürrüň berdi.

Şeýtanyň duzaklaryna garşy durmak üçin näme etmeli?

Efs 4:27; 6:10—18; Ýak 4:7, 8

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Nak 5:1—14. Gökdäki Atamyz Ýehowa ahlaksyzlygyň näme üçin howpludygyny we ondan gaça durmak üçin näme etmelidigini aýtdy.

    • Mat 4:1—11. Şeýtan Isany synanda, ol Hudaýyň Sözüne esaslanyp jogap berdi.

Mesihçiler nähili erbet işlerden gaça durmaly?

Serediň: «Erbet işler»

Günäňi boýun almak

Biz näme üçin günälerimizi boýun almaly?

Biz günälerimizi kimiň öňünde boýun almaly?

Ýehowa günälerimizi nämäniň esasynda bagyşlaýar?

Günä eden adam toba edýändigini nädip görkezip biler?

Res 26:20; Ýak 4:8—10

Serediň: «Toba etmek»

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 2Ms 22:1—12. Musanyň kanunyna görä, ogry ýetiren zyýanynyň öwezini dolmalydy.

    • Luk 19:8, 9. Salgytçylaryň başlygy Zakkaý toba edip, adamlaryň hakyny gaýtaryp berdi.

Ýehowanyň günälerimizi bagyşlajakdygyna näme üçin ynanýarys?

Serediň: «Bagyşlamak»

Ýehowa agyr günä eden adama kömek etmegi we ýygnagy arassa saklamagy kime tabşyrdy?

Agyr günä eden adam maşgalasyna we ýygnaga nähili täsir edip biler?

Ýew 12:15, 16

Serediň: 5Ms 29:18

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Ýuş 7:1—13, 20—26. Ahan agyr günäsini gizläp, tutuş ysraýyl halkyna betbagtçylyk getirdi.

    • Ýun 1:1—16. Ýunus pygamber Ýehowa gulak asmandygy üçin gämidäki adamlaryň janyny howp astyna saldy.

    • 1Kr 5:1—7. Pawlus resul Korinfdäki bir mesihçiniň eden agyr günäsiniň tutuş ýygnaga täsir edendigini aýtdy.

Biz temmi beriljekdigini bilsek-de näme üçin ýaşululardan kömek soramaga çekinmeli däl?

Ýehowa bagyşlansoň näme üçin eden günälerimiz sebäpli özümizi ýazgarmaly däl?

Serediň: «Bagyşlamak»

Mesihçiniň agyr günä edendigini bilseň, günäsi hakda ýaşululara aýdandygyna näme üçin göz ýetirmeli?

3Ms 5:1

  • Mukaddes Kitapdan mysal:

    • 5Ms 13:6—9; 21:18—20. Musanyň kanunyna görä, biriniň agyr günä edendigini eşiden adam bu hakda şäher ýaşulularyna habar bermelidi. Ol maşgala agzasynyň ýa-da dostunyň hem günäsini gizlemeli däldi.