Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Öwrenmek

Öwrenmek

Mesihçiler näme üçin Hudaýyň Sözüni yzygiderli öwrenmeli?

Zb 1:1—3; Nak 18:15; 1Tm 4:6; 2Tm 2:15

Serediň: Res 17:11

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Zb 119:97—101. Mezmurçy Hudaýyň kanunlaryna görä ýaşaýan adamyň bagtly bolýandygyny aýtdy.

    • Dan 9:1—3. Danyýar pygamber Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenip, ysraýyllaryň 70 ýyldan soň azatlyga çykjakdygyna düşündi.

Biz näme üçin Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenmeli?

Ýew 6:1—3; 2Pe 3:18

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Nak 4:18. Daň atanda daş-töwerek ýuwaş-ýuwaşdan ýagtylýar. Edil şonuň ýaly, Ýehowa bize öz Sözüne kem-kemden düşünmäge kömek edýär.

    • Mat 24:45—47. Isa ruhy iýmiti wagtynda paýlar ýaly «wepaly hem paýhasly hyzmatkäri» bellejekdigini aýtdy.

Mukaddes Kitabyň maslahatlary adamlaryň ýazan kitaplaryndaky maslahatlardan has peýdaly

Hudaý Mukaddes Kitaby çuňňur öwrenýän adamlara nämäni wada berýär?

Mukaddes Kitaby öwrenmezden öň näme hakda doga etmeli?

Biz näme üçin «wepaly hem paýhasly hyzmatkäriň» taýýarlaýan ruhy iýmitlerinden doly peýdalanmaly?

Biz näme üçin Mukaddes Kitaby çuňňur öwrenip, ähli zada düşünjek bolmaly?

Biz näme üçin akyldar we düşünjeli bolmaly?

Mukaddes Kitaby näme üçin howlukman okamaly we oýlanmaly?

Biz okan zatlarymyzy durmuşda nädip ulanyp biljekdigimiz hakda oýlanmaly

Biz öwrenen zatlarymyzy adamlara nädip gürrüň berjekdigimiz hakda oýlanmaly

Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny näme üçin gaýta-gaýta öwrenmeli?

2Pe 1:13; 3:1, 2

  • Mukaddes Kitapdan mysal:

    • 5Ms 6:6, 7; 11:18—20. Ýehowa ene-atalara çagalaryna Hudaýyň tabşyryklaryny hemişe öwredip durmagy tabşyrdy.

Maşgala bolup Hudaýyň Sözüni öwrenmegiň nähili peýdasy bar?

Efs 6:4

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Ms 18:17—19. Ýehowa Ybraýymyň öý-içerisine Hudaýa gulak asmagy we dogry işleri etmegi öwretmegini isleýärdi.

    • Zb 78:5—7. Ysraýyllar çagalaryna Ýehowa bil baglamagy öwretmelidiler, şonda olaram nesillerine öwredip bilýärdi.

Hudaýyň Sözüni ýygnakda dogan-uýalar bilen öwrenmegiň nähili peýdasy bar?

Ýew 10:25

Serediň: Nak 18:1