Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň


Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşligiň geçirilişi

Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşligiň geçirilişi

Mugallym bilen öwreniň. Broşýurany beren adam bilen Mukaddes Kitapdan sapak geçip bilersiňiz ýa-da jw.org saýtyndaky sapak geçmek üçin haýyşnamany dolduryň.

BIRINJI BÖLEK

Her abzasy, gara bilen ýazylan soraglary (A), esasy pikirleri nygtaýan aýatlary (B) okaň. «Oka» diýlen aýatlary hem okaň.

IKINJI BÖLEK

«Söhbetdeşlik» diýlen bölümde sapagyň dowamynda nämeleriň öwreniljekdigi (Ç) gysgaça aýdylýar. Sözbaşylarda (D) esasy pikirler ýazylan. Aýatlary okaň, soraglaryň jogaplaryny tapyň, wideolary görüň (E).

Suratlara, ýazgylaryna (Ä) üns beriň we «Adamlar şeýle diýse» bölümdäki aýdylýan zatlara nädip jogap berjekdigiňiz hakda oýlanyň (F).

ÜÇÜNJI BÖLEK

«Gaýtalamak» we «Jemleýji soraglar» (G) diýen bölümde sapak jemlenýär. «Sapagyň geçilen senesi» diýlen ýere sapagy geçip gutaran wagtyňyzy belläň. «Maksat goýuň» (H) diýen ýerde bolsa, nähili maksatlary goýup biljekdigiňiz görkezilýär. «Köpräk biliň» (I) diýen bölümde goşmaça maglumatlary okap, wideolary görüp bolýar.

Mukaddes Kitapdan aýatlary nädip tapmaly?

Broşýurada ilki kitabyň ady (A), soňra babyň (B), iň soňunda aýadyň ýa-da aýatlaryň sany (Ç) görkezilýär. Meselem, Ýahýa 17:3 diýlende, Ýahýa kitabynyň 17-nji babynyň 3-nji aýady göz öňünde tutulýar.