152-NJI AÝDYM
Seni şöhratlandyrjak ýer
(1 Patyşalar 8:27; 1 Taryh 29:14)
1. Ýehowa ýaratdy gökleri,
Ne sygýar gök gümmezine,
Ne-de ýaşaýar ýer ýüzünde.
Ruhuny berýär zemine.
Sežde ýeri bezeýän halkyň,
Gaýym tutýar her sözüňi.
Gulluk edip agzybirlikde,
Galkyndyrýarys göwnüňi.
KÖPRI:
Bagş etdi baryny
Hudaý ogul-gyzyna.
Biz diňe saňa muny
Berýäris yzyna.
GAÝTALAMA:
Minnetdar saňa çyn ýürekden.
Ýaň salýar aýdymyň sesi.
Bu ýeri bize berdiň sowgat,
Sen bar şöhratyň eýesi.
2. Ýehowa, berdiň sežde ýeri,
Arzuwymyz boldy hasyl.
Bu ýer goldaw berip halkyňa,
Hasam getirer bol hasyl.
Bu ýer ýetirsin myradyňa,
Edilmeli iş köp ýene.
Ogluň tabşyran işleriniň,
Depgini güýçlenýär ine.
KÖPRI:
Iň gowy zatlary
Berýäris beýik Hudaý,
Diňe sen mynasypsyň,
Saňa asla ýok taý.
GAÝTALAMA:
Minnetdar saňa çyn ýürekden.
Ýaň salýar aýdymyň sesi.
Bu ýeri bize berdiň sowgat,
Sen bar şöhratyň eýesi.