Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

153-NJI AÝDYM

Maňa batyrgaýlyk ber

Maňa batyrgaýlyk ber

(2 Patyşalar 6:16)

  1. 1. Gorky gaplap meni,

    Baglaýar ýolumy.

    Eý Hudaý berip eliňi,

    Tutýarsyň golumy.

    Durmuş bolsa-da kyn,

    Ýanymdasyň Hudaý.

    Sen wepaly, maňa ýakyn,

    Asla ýok saňa taý.

    GAÝTALAMA:

    Ýehowa iman ber maňa,

    Batyrgaý bolaýyn.

    Garşy çykýandan goldaýan köp,

    Hiç zatdan gorkmaýyn.

    Beräý batyr ýürek,

    Berk duraýyn gorkman.

    Ýehowa biziň bilen,

    Ýeňiş bizlik hökman.

  2. 2. Gorkyny aýyrmak,

    Başartmaýar maňa.

    Sen meniň arkadaýanjym,

    Bil baglaýan saňa.

    Bolaýyn batyrgaý,

    Ber çydam hem sabyr.

    Böwet bolup bilmez hiç zat —

    Ne türme, ne gabyr.

    GAÝTALAMA:

    Ýehowa iman ber maňa,

    Batyrgaý bolaýyn.

    Garşy çykýandan goldaýan köp,

    Hiç zatdan gorkmaýyn.

    Beräý batyr ýürek,

    Berk duraýyn gorkman.

    Ýehowa biziň bilen,

    Ýeňiş bizlik hökman.

    GAÝTALAMA:

    Ýehowa iman ber maňa,

    Batyrgaý bolaýyn.

    Garşy çykýandan goldaýan köp,

    Hiç zatdan gorkmaýyn.

    Beräý batyr ýürek,

    Berk duraýyn gorkman.

    Ýehowa biziň bilen,

    Ýeňiş bizlik hökman.

    Ýehowa biziň bilen,

    Ýeňiş bizlik hökman.